Ylalaşyga gol çekildi

2021-nji ýylyň 4-nji awgustynda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we ýurdumyza döwlet sapary bilen gelen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda gepleşikler geçirildi. Türkmenistan we Täjigistan strategik hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny has-da pugtalandyrdylar.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan Täjigistan bilen hemmetaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýär, ýokary derejedäki şu günki ikitaraplaýyn taryhy duşuşygyň döwletara gatnaşyklaryny ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirildi. Şol gatnaşyklar iki doganlyk halkyň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk däplerine, umumy taryhy köklerine hem-de ruhy-medeni gymmatlyklaryna esaslanandyr.

Giňeldilen düzümdäki türkmen-täjik gepleşikleri tamamlanandan soň, Döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet dolandyryş akademiýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi.

Bu resminama doganlyk Täjigistan bilen döwlet we jemgyýetçilik dolandyryşynyň, döwlet gullugy ulgamynyň meseleleri boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek babatynda giň mümkinçilikleri döredip berýän milli Liderimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, halkara ähmiýetli işleri mundan beýläk-de rowaç alsyn!


Academy of State Service under the President of Turkmenistan. © 2026 Copyright.