Onlaýn duşuşyk geçirildi

2021-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda sanly ulgam arkaly «Ýaş hünärmenleri işe ýerleşdirmek – döwlet syýasatynyň möhüm ugry» atly «tegelek stol» görnüşindäki duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy we Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi tarapyndan guralan bu çäre ýaş hünärmenleri işe ýerleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň esasy ugurlary bilen tanyşdyrmak maksady bilen guraldy.

Bu onlaýn duşuşyga gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, bagtyýar ýaşlarymyz döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, ylym-bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynda, önümçilik kärhanalarynda yhlasly zähmet çekip, eziz Watanymyzy ösdürmäge mynasyp goşant goşýarlar. Ösüşiň ýokary depginlerini gazanmagyň möhüm şerti hökmünde önümçilige sanly tehnologiýalar ornaşdyrylýar, bu ugurdan ýaş hünärmenleri taýýarlamaga uly ähmiýet berilýär.

2019-njy ýylda Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň resmi internet web-saýtynyň binýadynda «iş üpjünçilik» sahypasy döredildi. Guramaçylyk-hukuk we eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, kärhanalarda, edaralar we guramalarda, şeýle hem aýry-aýry fiziki şahslarda we hususy telekeçilerde özünde bar bolan boş iş orunlary barada maglumatlary ýerleşdirmek arkaly, olary iş gözleýänleriň dykgatyna ýetirmek mümkinçiligi döreýär. Munuň özi iş gözleýän raýatlar bilen iş hödürleýänleriň arasynda zerur maglumatlary onlaýn aragatnaşyk görnüşinde alyşmaga, ilatyň iş bilen üpjünçiligi boýunça maksatnamany ýerine ýetirmäge, durmuş hyzmatlaryny sanlylaşdyrylan ulgama geçirmäge kömek edýär.

Adam hakyndaky aladany döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitleýän Arkadag Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, ýurdumyzyň ösdürilmegine hem-de halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen işleri mundan beýläk-de rowaç alsyn!


Academy of State Service under the President of Turkmenistan. © 2026 Copyright.