Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy

Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň professor – mugallymlary tarapyndan hormatly Prezidentimiziň döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, döwlete degişli bolmadyk edaralar üçin ýokary taýýarlykly döwlet gullukçylaryny hem-de hünärmenlerini taýýarlamak baradaky taglymatlaryndan ugur alnyp, tassyklanylan okuw meýilnamalar maksatnamalar esasynda talabalaýyk işler alnyp barylýar. Şeýle-de kafedrada okadylýan dersler, geçirilýän çäreler hormatly Prezidentimiziň içeri we daşary syýasaty bilen sazlaşykly durmuşa ornaşdyrylýar, okatmagyň usulyýeti kämilleşdirilýär, halkara tejribe esasynda baýlaşdyrylýar.
Okuw işleri
Akademiýanyň döwlet edaralarynyň gullukçylaryny gaýtadan taýýarlamak we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak okuwlarynda döwlet gullukçylarynyň ynsanperwer ugurlardan taýýarlygy, döwlet gullugynyň edebi baradaky meseleler aýratyn orun tutýar.
Döwlete degişli bolmadyk edaralaryň hünärmenlerini taýýarlamak boýunça okuwlar medeniýeti, jemgyýetçilik - durmuş ugurlarynda täze açyşlar bilen bagly maglumatlary jemlemek bilen boýunça ukyp-başarnyklaryny ösdürmek  isleglerini kanagatlandyrýar.
Häzirki döwürde ykdysadyýetiň ähli ugurlaryny sanly ulgama geçirmek, önümçilige ylmy işleri ornaşdyrmak döwrüň möhüm wezipesi bolup durýar. Sapaklarda häzirki zaman elektron serişdeleriniň, kompýuter tehnologiýalarynyň, interaktiw usullaryň ulanylmagy okuw maglumatlarynyň çalt hem-de çuňňur özleşdirilmegine ýardam berýär.
Akademiýanyň okuwlarynda Döwlet gullukçylarynyň etikasy we işewür gatnaşyklary dersiniň tejribeli mugallymlary tarapyndan okadylmagy diňleýjileriň döwlet gullugynda özüni alyp barmagyň kadalary aýratynlyklary we mümkinçilikleri baradaky düşünjelerini kämilleşdirmäge ýardam edýär.
Magistrleri taýýarlamak boýunça okuwlaryň maksady talyplaryň ylmy-seljerme taýdan pikirlenip bilmek, şahsy guramaçylygy we öz-özüni dolandyryş, ulgamlaýyn-seljeriş we guramaçylykly - amaly häsiýetli ýaly başarnyklarynyň emele getirilmegine gönükdirilýär. Bu okuwlaryň maksatnamasynyň çäklerinde ylym-seljeriş hem-de durmuş-medeni gurşawy emele getirmek, dolandyrmak we gözegçilik etmek wezipelerini çözmäge ukyply şahsyýetleri  kämilleşdirmek bolup durýar.
Magistrlik maksatnamasynyň Sanly dolandyryş ugry boýunça okuwynyň maksady hünärmenleriň sanly dolandyryş we maglumat tehnologiýalar ulgamlar boýunça nazary – usuly bilimini kämilleşdirmek; maglumat tehnologiýalaryny, çeşmelerini we ulgamlaryny ulanmagyň esasy usullaryny dolandyryş işinde ulanyp bilmek ukyplaryny ösdürmäge mümkinçilik berýär.
Sanly dolandyryş ugry boýunça okaýan her magistrantyň magistrlik işiniň taýýarlanylyşyna kafedranyň tejribeli, alymlyk derejeli professor-mugallymlary ýolbaşçylyk edýär.  Kafedranyň nobatdaky ýygnaklarynda ylmy işleriň ýerine ýetirilişi barada ýolbaşçylaryň hasabatlary diňlenilýär.
Mundan başga-da kafedranyň professor-mugallymlary meýilleşdirilen açyk sapaklara gatnaşyp, özara pikir alyşýarlar. Şeýle-de professor-mugallymlaryň Akademiýa bilen hyzmatdaşlygy amala aşyrýan daşary ýurt alymlaryň, bilermenleriň okuw sapaklaryna, maslahatlaryna gatnaşmagy halkara tejribäni öwrenmäge hem ýardam edýär.
Kafedrada okadylýan dersleriň materiallarynyň slaýdly prezentasiýalar bilen MOODLE programmasyna salynmagy öwreniljek maglumatlaryň has täsirli hem-de düşünikli bolmagyna ýardam edýär. Şeýle-de okadylýan dersler boýunça gysga göwrümli wideorolikleriň taýýarlanylmagy diňleýjileriň maglumatlary özbaşdak öwrenmegine mümkinçilik berýär.
Döwrebap maksatnamalaryň, okadylýan dersler boýunça usuly gollanmalaryň aglabasy kafedranyň professor-mugallymlary tarapyndan taýýarlanylýar. Şeýle-de bu işlerde döwlet tarapyndan döwlet gullukçylarynyň ynsanperwer ugurlardan taýýarlanylyşynyň, döwlet gullugynyň etikasynyň meselelerine degişli öňdebaryjy halkara tejribeleri baradaky maglumatlar esasy orun tutýar.
Ylmy-barlag işleri
Kafedranyň mugallymlary öz okuw-usuly işlerini ylmy-barlaglar bilen utgaşdyryp alyp barýarlar. Mugallymlaryň ylmy-barlag işlerinde esasan döwlet dolandyryşynyň we döwlet gullukçylarynyň hünär taýýarlygynyň meselelerine aýratyn üns berilýär. 2017-2019-njy ýyllar aralygynda kafedranyň professor-mugallymlary Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda resmileşdirilen “Türkmenistanda döwlet dolandyryşyny kämilleşdirmegiň esasy ugurlary” atly tema boýunça uly göwrümli barlagyň ýerine ýetirilmegine we barlagyň netijesi boýunça adybir monografiýanyň taýýarlanylmagyna gatnaşdylar.
Häzirki döwürde kafedranyň mugallymlary 2020-2022-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň ylymlar akademiýasy tarapyndan resmi bellige alynan “Döwlet gullukçylaryny taýýarlamagyň halkara we milli tejribesi” atly ylmy temanyň çäginde öz ylmy gözleglerini alyp barýarlar. Mugallymlaryň bu temanyň çäginde alyp barýan ylmy-barlag işleriniň netijeleri boýunça özbaşdak ýerine ýetirilen tematiki makalalaryň umumy ýygyndyda jemlenilmegi göz öňünde tutulýar.
Akademiýanyň professor-mugallymlary esasy okuw-usuly işlerinden daşary akademiýa ýüz tutýan ministrliklerde ýurdumyzyň içerki we daşary syýasatyny wagyz etmäge hem-de aýry aýry temalar boýunça düşündiriş we okuw maslahatlaryny geçirmäge gatnaşýarlar.
Okadylýan dersler:

Döwlet sargydy boýunça:

  1. Dolandyryş psihologiýasy
  2. Işgärler menejmenti we dolandyryş psihologiýasy
  3. Döwlet syýasaty we ideologiýa işi
  4. Resminamalaryň dolandyrylyşy we ýazuw kadalary
  5. Döwlet gullukçysynyň etikasy we işewür gatnaşyklary
  6. Işewür iňlis dili
  7. Jemgyýetçilik durmuşynyň filosofiýasy
  8. Umumy filosofiýa we syýasy-jemgyýetçilik taglymatlary
  9. Geosyýasat
  10. Türkmen halkynyň milli medeni mirasy
  11. Sosial ylymlarda barlag usullarynyň nazaryýeti
  12. Diplomatik protokolyň esaslary

 

Magistrleri taýýarlamak okuwynyň ugurlarynda okadylýan dersler:

  1. Döwlet gullukçysynyň etikasy
  2. Dolandyryş psihologiýasy
  3. Işgärleri dolandyrmak
  4. Pedagogikanyň esaslary we okatmagyň usulyýeti
  5. Okatmagyň usulyýeti
  6. Taýýarlygyň ugry boýunça daşary ýurt dili
  7. Sosial ylymlarda barlag usullary
  8. Magistrlik işini (ylmy-barlag işi) taýýarlamak
Course description:
Academy of State Service under the President of Turkmenistan. © 2024 Copyright.