Döwlet sargydy boýunça:
Dolandyryş psihologiýasy dersiniň maksady – diňleýjileri dolandyryş işiniň psihologik esaslary bilen giňişleýin tanyşdyrmakdan ybarat. Bu dersiň özleşdirilmegi netijesinde diňleýjiler dolandyryş psihologiýasynyň usullary, esasy adalgalary we prinsipleri, dolandyryş hadysalary, iş toparlaryny dolandyrmagyň psihologik ýollary, ýolbaşçy şahsyýetiniň häsiýetini, döwlet dolandyryşda korrupsiýanyň öňüni almagyň psihologik ýollaryny, netijeli işjeň gatnaşyklaryň psihologiki esaslaryny öwrenýärler. Bu ders 2 aýlyk, 4 aýlyk we 2 ýyllyk (1-nji ýyldaky) okuwlar üçin niýetlenendir. Gözegçilik görnüşi – hasap.
Işgärler menejmenti we dolandyryş psihologiýasy dersiniň maksady – döwlet gullukçylaryny işgärleri dolandyrmagyň esaslary bilen giňişleýin tanyşdyrmakdan hem-de degişli usullar baradaky düşünjeleri özleşdirmek arkaly, olaryň hünärini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Dersiň sapaklarynda diňleýjilere işgärleri dolandyrmagyň hünär taýýarlygynyň täze tehnologiýalaryny we olaryň ulanylyşy barada, kadrlar düzümini döretmegiň usullaryny, işgärleri işe ukyplylygyny goldap saklamaklygyň kadrlar mümkinçiliklerini oňaýly ýagdaýa getirmegiň usulyny özleşdirmek ýaly soraglar öwredilýär. Bu ders 2 aýlyk, 5 aýlyk okuwlar üçin niýetlenendir. Gözegçilik görnüşi – hasap.
Döwlet syýasaty we jemgyýetçilik durmuşy dersiniň maksady – diňleýjilere Türkmenistanda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan alnyp barylýan döwrebaplaşdyrma we galkyndyrma syýasaty, ylym-bilim, medeniýet, saglygy goraýyş, ilaty sosial taýdan goramak ulgamlarynda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler we alnyp barylýan işler barada bilimler berilýär. Bu ders 5 aýlyk okuw üçin niýetlenendir. Gözegçilik görnüşi – hasap.
Resminamalarynyň dolandyrylyşy we ýazuw kadalary dersiniň maksady — resminamalaryň dolandyrylyşy we edebi dilimiziň sözleýiş, ýazuw görnüşleriniň aýratynlyklary, edebi normalar hem-de fonetik, leksik, grammatik serişdeleriň çeper, syýasy-publisistik, ylmy, resmi-iş stillerinde ulanylyş medeniýeti hakynda giňişleýin maglumat berilýär. Döwlet gullukçylarynyň hünärini ýokarlandyrmak maksady bilen, olara Türkmenistanyň ministrliklerinde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, eýeçiligiň görnüşlerine we olaryň guramaçylyk-hukuk görnüşlerine garamazdan, ähli kärhanalarda, edaralarda we guramalarda, şol sanda kompýuter tehnikasy arkaly resminamalary düzmek, syrly habary saklaýan resminamalar bilen işlemegiň umumy hökmany talaplaryny berjaý etmek meseleleri, türkmen edebi diliniň ýazuw kadalaryny öwretmekden ybaratdyr. Umumy sapaklarda diňleýjilere ugrukdyryjy meseleler, amaly sapaklarda bolsa resminamalaryň ýazuw kadalary öwredilýär hem-de olarda resminama dolandyryş işiniň gurnalyşyna degişli amaly başarnyklar döredilýär. Bu ders 2 aýlyk, 5 aýlyk we 2 ýyllyk okuwlar üçin niýetlenendir. Gözegçilik görnüşleri – hasap we synag.
Döwlet gullukçysynyň etikasy we işewür gatnaşyklary dersiniň maksady – diňleýjilere döwlet gullukçylarynyň etikasyna, olara türkmen halkynyň gadymdan gelýän ruhy-ahlak gymmatlyklaryna, şol sanda birek-birege hormat goýmak däplerine eýerip, özüňi alyp barmagyň ähli kadalary, sözleýiş medeniýeti boýunça çuň düşünje bermegi maksat edinýär. Bu dersde etiki ýörelgeler, kada-kanunlar töwerekleýin öwrenilýär. Özüni alyp barmaklygyň endiklerini ruhy-ahlak gymmatlyklaryň talaplaryna laýyk okatmaklyk göz öňünde tutulýar. Adamzat durmuşynda ahlak gymmatlyklaryň ähmiýeti we ony öwrenmegiň zerurlygy, etika. estetika, etiket düşünjesi, etiki ýörelgeler, sözleýiş medeniýeti, olaryň özara baglanyşygy we aýratynlyklaryny öwretmek esasy maksatlaryň biri bolup durýar. Bu ders döwlet sargydy boýunça 2 aýlyk, 4 aýlyk, 5 aýlyk we 2 ýyllyk (1-nji ýyldaky) okuwlar üçin niýetlenendir. Gözegçilik görnüşi –hasap
Işewür iňlis dili dersiniň maksady – döwlet gullukçylarynyň hünärini ýokarlandyrmak we gaýtadan taýýarlamak maksady bilen olara daşary ýurt (iňlis) diliniň grammatikasyny, leksikasyny, okalyş kadalaryny, gündelik durmuşda we işewür ýagdaýlarda giňden ulanylýan sözleýiş başarnyklaryny, şol dilde gepleşikleri alyp barmagy, gürlemäni we okamany başarmagy, sözlügi ulanyp iňlisçeden türkmençä we türkmençeden iňlisçä dilden we ýazuw üsti bilen terjime etmäni, daşary ýurtly kärdeşler bilen iňlisçe düşünişmäni we işe degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşmany, işewür şertnamalary düzmäni başarmagy öwretmekden ybaratdyr. “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” ýurdumyzyň raýatlarynyň ene dili bilen bir hatarda daşary ýurt dillerini kämil bilmeklerini üpjün edýän ulgamy döretmegi, onuň netijeli usullaryny durmuşa ornaşdyrmagy esasy wezipe edip goýýar. Dersiň esasy maksatlarynyň biri diňleýjileriň radioda, telewideniýede, telefonda iňlis dilinde (monolog we dialog) alnyp barylýan jemgyýetçilik we sosial durmuşa degişli gepleşiklere düşünmegini we olaryň mazmunyny gürrüň bermek başarnyklaryny kämilleşdirmekden, metbugatda çap edilen iňlis dilindäki makalalary, jemgyýetçilik-syýasy tekstleri terjime etmekligi öwretmekden, işewür fakslary (gysga hatlary), şertnamalaryň tekstleriniň ýazylyşynyň inçe tilsimlerini öwretmekden ybarat. Bu ders 2 ýyllyk okuwyň 1-nji we 2-nji ýyllarynda (gözegçilik görnüşleri – hasap we synag) hem-de 5 aýlyk okuwyň dowamynda (gözegçilik görnüşi – bahaly hasap) okatmak üçin niýetlenendir.
Taýýarlygyň ugry boýunça daşary ýurt dili (Iňlis dili)
Türkmenistanda döwlet gullukçylaryny, hünärmenleri, magistrleri taýýarlamak boýunça döwlet syýasatyny iş ýüzünde durmuşa geçirmegi üpjün etmek hem-de onuň esasy ugurlaryny Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna laýyklykda, magistraturanyň girizilmegi häzirki zaman talabyna laýyk gelýän hünärmenleri taýýarlamaga mümkinçilik berýär. Ýurdumyzda daşary ýurtlar bilen ykdysady, medeni, syýasy gatnaşyklaryň geriminiň barha giňeýändigi, ata Watanymyzyň dünýä jemgyýetçiligindäki abraýynyň artýandygy hünärmenleriň daşary ýurt dillerini kämil bilmeklerini zerurlyk edip goýýar. Bu babatda Türkmenistanyň “Bilim hakyndaky” Kanunynyň 5-nji maddasynyň 5-nji bendinde hem “Döwlet eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, bilim edaralarynyň ähli kysymlarynda Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurt dillerini özleşdirilmegi esasy wezipe” diýip bellenilýär.
Ylym we bilim işlerini dolandyrmak ugry boýunça magistrlik maksatnamasyndaky iňlis dili dersiniň maksady bilimi dolandyrmagyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryp bilim bermäge we dolandyrmaga degişli adalgalar, söz düzümleri barada düşünjelerini giňeltmek hem-de olary maksadalaýyk ulanyp bilmek ukyplary, başarnyklary kämilleşdirmekden ybarat. Sapaklar amaly görnüşde geçirilip, olarda temalar boýunça taýýarlanan testler, sowalnamalar, şeýle hem, özbaşdak işler, bäsleşikler, işewür oýunlar ýaly usullary ulanmaklyk meýilleşdirilýär. Bu maksatnamany özleşdirende talyplar şulary bilmelidir:
- Türkmenistanyň bilim we ylym işlerine degişli tekstler bilen işlemek üçin zerur bolan leksiki - grammatiki minimumy;
- Pedagogika ylmynyň esasy üstünlikleri, häzirki zaman meseleleri, onuň predmeti, beýleki ylymlar bilen baglanyşygyna sözlüksiz erkin ýagdaýda düşünmek we bu hili tekstleriň dilden we ýazuw görnüşinde gysgaça mazmunyny aňlatmagy başarmak;
- Dil we ýazuw gepleşigini, sözlük goruny özbaşdak kämilleşdirmek;
- Iňlis dilini şahsyýetara gatnaşyklarda we öz hünäri boýunça işde ulanmagy başarmak;
- Ýerine ýetirýän wezipesine, dolandyryş ulgamyna degişli iňlis dilinde ýazylan ylmy, çeper edebiýatlary, ylmy-jemgyýetçilik makalalary, internet ulgamynda berilýän edebiýaty özbaşdak okap düşünmegi;
- Häzirki zaman işewürlik, jemgyýetçilik-syýasy we medeni häsiýetli temalardan prezentasiýalar, özbaşdak ýumuşlary çözmegi başarmak.
Özbaşdak okamak üçin gazet-žurnallardan ylmy-jemgyýetçilik makalalary daşary ýurtlarda çap edilýän we Internet arkaly berilýän dürli döwürleýin neşirleri saýlamak maslahat berilýär.
Talyplaryň alan bilim derejeleri synag üsti bilen kesgitlenilýär.
Taýýarlygyň ugry boýunça daşary ýurt dili (Rus dili)
Türkmenistanda döwlet gullukçylaryny, hünärmenleri, magistrleri taýýarlamak boýunça döwlet syýasatyny iş ýüzünde durmuşa geçirmegi üpjün etmek hem-de onuň esasy ugurlaryny Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna laýyklykda, magistraturanyň girizilmegi häzirki zaman talabyna laýyk gelýän hünärmenleri taýýarlamaga mümkinçilik berýär. Ýurdumyzda daşary ýurtlar bilen ykdysady, medeni, syýasy gatnaşyklaryň geriminiň barha giňeýänligi, ata Watanymyzyň dünýä jemgyýetçiligindäki abraýynyň artýandygy hünärmenleriň daşary ýurt dillerini kämil bilmeklerini zerurlyk edip goýýar. Bu babatda Türkmenistanyň “Bilim hakyndaky” Kanunynyň 5-nji maddasynyň 5-nji bendinde hem “Döwlet, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, bilim edaralarynyň ähli kysymlarynda Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurt dillerini özleşdirilmegi esasy wezipe” diýip bellenilýär.
Ylym we bilim işlerini dolandyrmak ugry boýunça magistrlik maksatnamasyndaky rus dili dersiniň maksady bilimi dolandyrmagyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryp bilim bermäge we dolandyrmaga degişli adalgalar, söz düzümleri barada düşünjelerini giňeltmek hem-de olary maksadalaýyk ulanyp bilmek ukyplary, başarnyklary kämilleşdirmekden ybarat. Sapaklar amaly görnüşde geçirilip, olarda temalar boýunça taýýarlanan testler, sowalnamalar, şeýle hem, özbaşdak işler, bäsleşikler, işewür ýagdaýlar we rollaýyn oýunlar ýaly usullary ulanmaklyk meýilleşdirilýär. Bu maksatnamany özleşdirende talyplar şulary bilmelidir:
- Türkmenistanyň bilim we ylym işlerine degişli tekstler bilen işlemek üçin zerur bolan leksiki - grammatiki minimumy;
- Pedagogika ylmynyň esasy üstünlikleri, häzirki zaman meseleleri, onuň predmeti, beýleki ylymlar bilen baglanyşygyna sözlüksiz erkin ýagdaýda düşünmek we bu hili tekstleriň dilden we ýazuw görnüşinde gysgaça mazmunyny aňlatmagy başarmak;
- Dil we ýazuw gepleşigini, sözlük goruny özbaşdak kämilleşdirmek;
- Rus dilini şahsyýetara gatnaşyklarda we öz hünäri boýunça işde ulanmagy başarmak;
- Ýerine ýetirýän wezipesine, dolandyryş ulgamyna degişli rus dilinde ýazylan ylmy, çeper edebiýatlary, ylmy-jemgyýetçilik makalalary, internet ulgamynda berilýän edebiýaty özbaşdak okap düşünmegi;
- Häzirki zaman işewürlik, jemgyýetçilik-syýasy we medeni häsiýetli temalardan prezentasiýalar, özbaşdak ýumuşlary çözmegi başarmak.
Özbaşdak okamak üçin gazet-žurnallardan ylmy-jemgyýetçilik makalalary daşary ýurtlarda çap edilýän we Internet arkaly berilýän dürli döwürleýin neşirleri saýlamak maslahat berilýär.
Talyplaryň alan bilim derejeleri synag üsti bilen kesgitlenilýär.
Umumy filosofiýa we syýasy-jemgyýetçilik taglymatlar dersi özboluşly dünýägaraýyş hökmünde kabul edilýän ders bolup, onuň maksady – döwlet gullukçylaryna dünýäniň gurluşy, adamyň dünýädäki orny, jemgyýet bilen tebigatyň gatnaşygy ýaly onlarça umumy meseleler babatdaky özbaşdak pikir öwürmäni öwretmekden, giň we çuňňur dünýägaraýyşly bolup, islendik meselä akylly-başly, ylmy nukdaýnazardan çemeleşmeklik ukybyny we başarnygy terbiýelemekden ybaratdyr. Sapaklaryň barşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň döwlet dolandyryş ulgamynda alyp barýan parasatly we öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýurduň jemgyýetçilik durmuşynda bolup geçýän özgerişler barada giňden düşündirmek arkaly döwlet gullukçylarynyň täze nesli taýýarlanylýar, olaryň hünäri ýokarlandyrylýar we gaýtadan taýýarlanylýar. Bu dersiň düzümine ontologiýa, gnoseologiýa, filosofik antropologiýa, sosial filosofiýa, taryhyň filosofiýasy we filosofiýanyň taryhy ýaly bölümler girýär. Bu ders 2 ýyllyk (1-nji ýyldaky) okuwlar üçin niýetlenendir. Gözegçilik görnüşi – synag.
Jemgyýetçilik durmuşynyň filosofiýasy dersiniň maksady – döwlet gullukçylarynda jemgyýet, jemgyýetiň ösüşiniň esasy hereketlendiriji güýçleri we onuň kanunalaýyklyklary, jemgyýetiň düzümi, jemgyýet baradaky garaýyşlaryň we ylmy taglymatlaryň taryhy barada ylmy-filosofiki dünýägaraýşy terbiýelemekden, jemgyýetiň ösüş aýratynlyklaryny seljermek ukybyny we başarnygyny öwretmekden ybaratdyr. Bu ders 2 aýlyk okuw üçin niýetlenendir. Gözegçilik görnüşi – hasap.
Türkmen halkynyň milli medeni mirasy dersiniň maksady – döwlet gullukçylarynyň hünärini ýokarlandyrmak we olary gaýtadan taýýarlamak maksady bilen, olara Türkmen medeniýetiniň ajaýyplygy, onuň çuňňur mazmuny, milli medeni mirasy, şeýle hem dünýä medeniýeti baradaky esasy düşünjeleri bermekden, Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, Gahryman Arkadagymyzyň paýhasly eserleri bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr. Bu ders 5 aýlyk we 2 ýyllyk (1-nji ýyldaky) okuwlar üçin niýetlenendir. Gözegçilik görnüşi – hasap.
Sosial barlaglaryň nazaryýeti we usulyýeti dersiniň maksady – döwlet gullukçylaryny sosiologiýanyň ylym hökmünde döreýşiniň we ösüşiniň taryhy tapgyrlary bilen, onuň teoretiki (nazaryýetleýin) we empiriki (amaly) esaslary, düşünjeleri we derejeleri bilen giňişleýin tanyşdyrmak, jemgyýetiň sosial meselelerini duýup bilýän, olary ylmy taýdan seljermegiň usullaryndan baş çykaryp bilýän hünärmenlerini gaýtadan taýýarlamakdan ybaratdyr. Diňleýjilere jemgyýet, onuň düzümine girýän dürli gatlaklar, toparlar, umumylyklar, jemgyýetiň syýasy, ykdysady, sosial we ruhy-medeni gurşawlarynda ýüze çykýan dürli hili gatnaşyklar, hadysalar we wakalar, jemgyýetdäki yzygiderli bolup geçýän sosial özgerişler we birnäçe beýleki sosial meseleleri derňemegiň usullary öwredilýär. Bu ders 2 ýyllyk (1-nji ýyldaky) okuwlar üçin niýetlenendir. Gözegçilik görnüşi – hasap.
Geosyýasat dersiniň maksady – döwlet dolandyryşynda ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň möhümdigini göz öňünde tutup, häzirki wagtda ýokary bilimli, döredijilikli pikirlenýän hem-de geljekde ata Watanymyzyň ösüşine we rowaçlygyna mynasyp goşandyny goşmaga ukyply döwlet gullukçylaryny terbiýelemek we taýýarlamak. Geosyýasatynyň halkara we milli kanunçylyk binýady özleşdirmek we hukuknamalary iş prosesinde ulanmakdan ybaratdyr. Bu ders 4 aýlyk we 2 ýyllyk (1-nji ýyldaky) okuwlar üçin niýetlenendir. Gözegçilik görnüşi – hasap.
Magistrleri taýýarlamak okuwynyň ugurlary:
Döwlet gullukçysynyň etikasy dersiniň maksady – talyplara döwlet gullukçylarynyň etikasyna, olara türkmen halkynyň gadymdan gelýän ruhy-ahlak gymmatlyklaryna, şol sanda birek-birege hormat goýmak däplerine eýerip, özüňi alyp barmagyň ähli kadalary, sözleýiş medeniýeti boýunça çuň düşünje bermegi maksat edinýär. Bu dersde etiki ýörelgeler, kada-kanunlary töwerekleýin öwrenilýär. Özüni alyp barmaklygyň endiklerini ruhy-ahlak gymmatlyklaryň talaplaryna laýyk okatmaklyk göz öňünde tutulýar. Adamzat durmuşynda ahlak gymmatlyklaryň ähmiýeti we ony öwrenmegiň zerurlygy, etika. estetika, etiket düşünjesi, etiki ýörelgeler, sözleýiş medeniýeti, olaryň özara baglanyşygy we aýratynlyklaryny öwretmek esasy maksatlaryň biri bolup durýar. Bu ders “Döwlet dolandyryşy” ugrunyň okuwlary üçin niýetlenendir. Gözegçilik görnüşi – synag.
Maglumat gatnaşyklarynda etiki kadalary dersiniň maksady – maglumatlar jemgyýetinde jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň we arabaglanyşyklaryň çylşyrymlaşmagy, öň mümkin bolmadyk, täze aragatnaşyk görnüşleriniň – internetiň, öýjükli aragatnaşygyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň peýda bolmagy bilen täze jemgyýetçilik gatnaşyklary hökmünde milli we halkara derejede etiki kadalary öwredýän ylmy we okuw kitaplaryny gollanyp, talyplaryň maglumat giňişligindäki ahlak düşünjesini kämilleşdirmek bolup durýar. Dersiň maksady tehnologiýalaryň giňden ýaýramagy bilen ýüze çykýan ahlak we jemgyýetçilik meseleleri boýunça düşünje döretmek, bu ýagdaýlara degişli etiki çemeleşmeleri öwretmek, maglumat howpsuzlygy we şahsy maglumatlary goramak boýunça jemgyýetçilik jogapkärçiligini ösdürmekden ybarat. Bu ders “Maglumat hukugy” ugrunyň okuwlary üçin niýetlenendir. Gözegçilik görnüşi – synag.
Döwlet gullukçysynyň etikasy we sözleýiş medeniýeti dersiniň maksady- talyplara döwlet gullukçylarynyň etikasyna, olara türkmen halkynyň gadymdan gelýän ruhy-ahlak gymmatlyklaryna, şol sanda birek-birege hormat goýmak däplerine eýerip, özüňi alyp barmagyň ähli kadalary, sözleýiş medeniýeti boýunça çuň düşünje bermegi maksat edinýär. Bu dersde etiki ýörelgeler, kada-kanunlary töwerekleýin öwrenilýär. Özüni alyp barmaklygyň endiklerini ruhy-ahlak gymmatlyklaryň talaplaryna laýyk okatmaklyk göz öňünde tutulýar. Adamzat durmuşynda ahlak gymmatlyklaryň ähmiýeti we ony öwrenmegiň zerurlygy, etika. estetika, etiket düşünjesi, etiki ýörelgeler, sözleýiş medeniýeti, olaryň özara baglanyşygy we aýratynlyklaryny öwretmek esasy maksatlaryň biri bolup durýar. Şeýle-de döwlet edaralarynyň gullukçylarynyň maglumatlary dilden beýan etmekleriniň medeniýeti, bu barada ýazylan ylmy işler, döwlet edaralarynyň gullukçylarynyň sözleýiş medeniýetine bildirýän talaplar, sözleri dogry saýlap, ýerlikli ulanmagyň diňleýjä ýetirýän täsiri, sözleýşiň täsirliligini beden (žestler), ýüz-gözüň (mimika) hereketleriň üsti bilen güýçlendirmek, talyplaryň ünsüniň çekip bilmek ukyby barada giňişleýin öwretmek bolup durýar. Bu ders “Ylym we bilim işlerini dolandyrmak” ugrunyň okuwlary üçin niýetlenendir. Gözegçilik görnüşi – synag.
Resminamalarynyň dolandyrylyşy we ýazuw kadalary dersiniň maksady — resminamalaryň dolandyrylyşy we edebi dilimiziň sözleýiş we ýazuw görnüşleriniň aýratynlyklary, edebi normalar hem-de fonetik, leksik, grammatik serişdeleriň çeper, syýasy-publisistik, ylmy, resmi-iş stillerinde ulanylyş medeniýeti hakynda giňişleýin maglumat berilýär. Döwlet gullukçylarynyň hünärini ýokarlandyrmak maksady bilen, olara Türkmenistanyň ministrliklerinde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, eýeçiligiň görnüşlerine we olaryň guramaçylyk-hukuk görnüşlerine garamazdan, ähli kärhanalarda, edaralarda we guramalarda, şol sanda kompýuter tehnikasy arkaly resminamalary düzmek, syrly habary saklaýan resminamalar bilen işlemegiň umumy hökmany talaplaryny berjaý etmek meseleleri, türkmen edebi diliniň ýazuw kadalaryny öwretmekden ybaratdyr. Umumy sapaklarda diňleýjilere ugrukdyryjy meseleler, amaly sapaklarda bolsa resminamalaryň ýazuw kadalary öwredilýär hem-de olarda resminama dolandyryş işiniň gurnalyşyna degişli amaly başarnyklar döredilýär. Bu ders “Ylym we bilim işlerini dolandyrmak” ugrunyň okuwlary üçin niýetlenendir. Gözegçilik görnüşi – synag.
Dolandyryş psihologiýasy dersiniň maksady – talyplara dolandyryş işiniň psihologiki esaslary bilen giňişleýin tanyşdyrmakdan ybarat. Bu dersiň özleşdirilmegi netijesinde talyplar dolandyryş psihologiýasynyň usullary, esasy adalgalary we prinsipleri, dolandyryş hadysalary, iş toparlaryny dolandyrmagyň psihologiki ýollary, ýolbaşçy şahsyýetiniň häsiýetini, döwlet dolandyryşda korrupsiýanyň öňüni almagyň psihologiki ýollaryny, netijeli işjeň gatnaşyklaryň psihologiki esaslaryny öwrenýärler. Bu ders “Döwlet dolandyryşy” ugrunyň 2 ýyllyk (2-nji ýyldaky) okuwlar üçin niýetlenendir. Gözegçilik görnüşi – synag.
Işgärleri dolandyrmak dersiniň maksady – döwlet gullukçylaryny işgärleri dolandyrmagyň esaslary bilen giňişleýin tanyşdyrmak hem-de berilýän bilimleri, emelleri we usullary çuňňur öwretmek arkaly, olaryň hünärini ýokarlandyrmakdan we gaýtadan taýýarlamakdan ybaratdyr. Ýagny diňleýjilere işgärleri dolandyrmak ulgamy, işgärleriň toparlara bölünişi, başarnyklary, marketingi we höweslendirilmegi, işgärlere bolan zerurlygy çaklamak, olaryň işine baha bermek, iş toparlaryny döretmek we ösdürmek ýaly soraglar öwredilýär. Bu ders “Döwlet dolandyryşy” ugrunyň 2 ýyllyk (2-nji ýyldaky) okuwlary üçin niýetlenendir. Gözegçilik görnüşi – synag.
Sosial ylymlarda barlag usullary dersiniň maksady – Sosial ylymlaryň çäginde alnyp barylýan ylmy barlaglar tebigat ylymlaryndaky barlaglardan öz usulyýeti we barlag usullary boýunça düýpgöter tapawutlanýarlar. Eger tebigat ylymlarynyň çäginde geçirilýän ylmy barlaglarda esasan obýektiw görnüşli zatlary (mysal üçin, fizikada - dürli fiziki jisimleri, biologiýada-janly organizmleri, himiýada – himiki elementleri we ş.m.) derňemek, öwrenmek arkaly ylmy netijelere gelinýän bolsa, sosial ylymlarda obýektiwlikden subýektiwlik agdyklyk edýär. Sosial ylymlaryň barlag usullarynyň tapawutly aýratynlyklary bilen talyplary giňişleýin tanyşdyrmak Sosial ylymlarda barlag usullary okuw dersiniň baş maksady bolup durýar. Bu ders “Döwlet dolandyryşy” ugurlarynyň 2 ýyllyk (1-nji ýyldaky) okuw, “Sanly dolandyryş” 1 ýyllyk (1-nji ýyldaky), “Işgärleri dolandyrmak” 1 ýyllyk (1-nji ýyldaky), “Ylym we bilim işlerini dolandyrmak” 1,5 ýyllyk (1-nji ýyldaky) okuwlaryň talyplary üçin niýetlenendir. Gözegçilik görnüşi – synag.
Okatmagyň usulyýeti dersiniň maksady – “Döwlet dolandyryşy” ugry boýunça magistr taýýarlamagyň okuw meýilnamasynyň düzüm birligindäki “Taýýarlygyň ugry boýunça ýörite dersler” toplumyna degişli “Okatmagyň usulyýeti”dersiniň maksady talyplary okatmagyň usulyýetiniň esasy ugurlary bilen tanyşdyryp, okuw terbiýeçilik, guramaçylyk işleri geçirmekde degişli endik-başarnyklary kämilleşdirmekden ybaratdyr. Bu ders “Döwlet dolandyryşy” ugrunyň 2 ýyllyk (2-nji ýyldaky) okuwlar üçin niýetlenendir. Gözegçilik görnüşi – synag.
Pedagogikanyň esaslary we okatmagyň usulyýeti dersiniň maksady –Talyplary pedagogikanyň we okatmagyň usulyýetiniň esasy ugurlary bilen tanyşdyryp, okuw terbiýeçilik, guramaçylyk işleri geçirmekde degişli endik-başarnyklary kämilleşdirmekden ybaratdyr. Sapaklar umumy we amaly görnüşlerde geçirilip, umumy sapaklarda talyplary ugrukdyryjy häsiýetdäki meseleler bilen tanyşdyrmak, amaly sapaklarda esasy üns pedagogikanyň täze usullaryny, tärlerini, ýörelgelerini(prinsiplerini) ulanyp döwrebap sapak bermek üçin degişli ukyp-başarnyklary ösdürmek göz öňünde tutulýar. Amaly sapaklarda temalar boýunça taýýarlanan testleri, sowalnamalary, şeýle hem okatmagyň innowasion, keýs, interaktiw çekişmeler, beýni hüjümi (brain storm), özbaşdak işler, bäsleşikler, işewür oýunlar ýaly usullary ulanmaklyk meýilleşdirilýär. Bu ders “Sanly dolandyryş”, “Döwlet dolandyryş” (2 ýyl), “Ylym we bilim işlerini dolandyrmak” toparlardaky okuwlar üçin niýetlenendir. Gözegçilik görnüşi – synag.
Magistrlik işini (ylmy-barlag işi) taýýarlamak dersi. Bu okuw dersiniň esasy maksady “Ylym we bilim işlerini dolandyrmak” ugry boýunça magistrlik okuwynyň talyplaryna magistrlik ylmy-barlag işiniň taýýarlanylyşynyň düzgünleri, tertibi we şeýle işlere bildirilýän talaplar bilen tanyşdyrmakdan ybarat bolup, bu meseleler boýunça okuw dersiniň maksatnamasynda ýörite sapaklar göz öňünde tutuldy. Ders boýunça sapaklary talyplara toparlaýyn we ýekebara görnüşdäki ýumuşlary tabşyrmak şekilinde alyp barmaklyk meýilleşdirilýär. Bu ders “ylym we bilim işlerini dolandyrmak” 1,5 ýyllyk (1-nji ýyldaky) okuwlaryň talyplary üçin niýetlenendir. Gözegçilik görnüşi – bahaly hasap.
Taýýarlygyň ugry boýunça daşary ýurt dili dersiniň maksady – “Döwlet dolandyryşy”, “Sanly dolandyryş”, “Ylym we bilim işlerini dolandyrmak” , “Administratiw hukugy”, Maglumat hukugy ugurlary boýunça iňlis dilinde talyplaryň hünäri boýunça dolandyryşa degişli sözler, söz düzümleri barada düşünjelerini giňeltmek hem-de olary maksadalaýyk ulanyp bilmek ukyplary, başarnyklary kämilleşdirmekden ybarat. Bu endikleri ösdürmek, öz gezeginde, olaryň ýazuw, dilden terjime etmek, iňlis dilinde okalan kitaplaryň, ylmy işleriň, we ş.m. mazmunyny, annotasiýa ýazmaklyk başarnyklaryny ýokarlandyrýar. Binýatlyk endikler we başarnyklar meýilnamada görkezilen sözleýişde ulanylýan esasy ugurlar: jemgyýetçilik-syýasy menejment, sosial-medeni, we ş.m. tematikalar arkaly ösdürilýär. Bu ders “Döwlet dolandyryşy” 2 ýyllyk (2-nji ýyldaky) okuw, “Sanly dolandyryş” ugurlarynyň 1 ýyllyk (1-nji ýyldaky) okuwlar üçin niýetlenendir. Gözegçilik görnüşi – bahaly hasap.
“Ylmy-barlag işiň usulyýeti we ylmy dil” Bu okuw dersiniň maksady degişli okuwyň diňleýjilerini umumy we ylmy bilimler, ylmy meseleleri saýlamak we düzmek, ylmy teoriýalaryň esasy görnüşleri, onuň maksady, gurluşy we işi bilen giňişleýin tanyşdyrmakdan hem-de diňleýjilerde ylmy stiliň görnüşleri we onuň leksik, logik aýratynlyklary tapawutlandyryp bilmek ukyplaryny kämilleşdirmekligi, ylmy dili öwrenmekde ýüze çykýan kynçylyklary aýyrmagyň ýollaryny özleşdirilmekligiň netijesinde diňleýjiler: sosial institutlar; sosial hadysalar; sosial prosesler; sosial gatlaklar; sosial toparlar; jemgyýetiň esasy gurşawlary; sosial gatnaşyklar; sosial faktlar, sosial meseleler (problemalar); sosial barlaglar we olaryň esasy görnüşleri; sosial barlaglaryň obýekti we predmeti; sosial barlaglarda maglumatlary toplamak we olary seljermek üçin ulanylýan esasy usullar; sosial barlaglaryň döwlet dolandyryşyny ylmy esaslarda alyp barmak üçin ähmiýeti bolan usullary ele alarlar. Bu ders “Ylym we bilim işlerini dolandyrmak” 1,5 ýyllyk (1-nji ýyldaky) okuwlaryň talyplary üçin niýetlenendir. Gözegçilik görnüşi synag.
“Ylmyň taryhy we filosofiýasy” dersiniň maksady häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda talyplaryň ylmy-filosofik dünýägaraýyşyny kemala getirmekden, olaryň häzirki zaman ylmy-tehniki progresiniň öňe sürýän filosofik we metodologik meselelerine çuňňur düşünmegini, ylmy-barlag işlerinde netije gazanmakdan ybaratdyr. Maksatnama taýýarlananda Türkmenistanda ylmyň taryhy ösüşiniň aýratynlyklary we häzirki zaman ylmynyň filosofik problemalary bilen baglanyşykly meselelere uly üns berildi. Şu nukdaýnazardan, bu geçiljek dersiň ähmiýeti okuw, ylym, terbiýeçilik, guramaçylyk, işleri geçirmekde degişli endik-başarnyklary kämilleşdirmekden ybaratdyr. Bu ders “Ylym we bilim işlerini dolandyrmak” 1,5 ýyllyk (1-nji ýyldaky) okuwlaryň talyplary üçin niýetlenendir. Gözegçilik görnüşi synag.
Bilim we ylym işleriniň dolandyrylyşy dersiň mazmuny talyplaryň häzirki zaman bilim we ylmyň esasy derejelerini, esasy düşünjelerini, barlag-öwreniş işleriniň ugurlaryny we işlenip düzülenlerini, şeýle hem olary dolandyryş işinde amaly şertlerde ulanmagyň mümkinçiliklerini özleşdirmekleri bilen baglydyr. Okuw dersiniň özleşdirilmegi geljekki hünärmende, tabynlykdaky işgäriň aýratynlygyny göz öňünde tutmak bilen, dolandyryş çözgüdi kabul edilende belli bir ýagdaýa laýyk gelýän dogry psihologiki serişdäni özbaşdak ulanmak ukybynyň döredilmegine, guramanyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak işlerinde ýardam berýär.
“Bilim we ylym işleriniň dolandyrylyşy” dersini özleşdirmegiň maksady – magistrleri ylmy we bilimi guramanyň pudagyndaky esasy gazananlary bilen tanyşdyrmakdan; ýerine ýetirijilere we guramanyň içki gurşawyna täsir etmegiň usullaryny amatly şertlere getirmek maksady bilen olar baradaky başlangyç düşünjeleri kesgitlemekden; ylym we bilim işleriniň dolandyryşynyň geljekki hünärmeniň guramaçylyk medeniýetini ösdürmekden ybarat.
Bilim, häzirki zaman derejesine laýyk gelýän esasy we amaly bilimleri bolan adamlary we toparlary baýlaşdyrmagyň maksatly prosesi hökmünde ösüş, döwlet bilen şahsyýetiň arasynda, döwlet we bilim edaralarynyň arasynda, mugallymlar bilen okuwçylaryň arasynda we ş.m. ösýän gatnaşyklaryň tutuş ulgamyny öz içine alýar. Bu kursyň wezipesi bilim ulgamlaryny dolandyrmagyň esasy meseleleri boýunça okuwçylaryň hünär ukyplaryny ösdürmekdir. Bu ders “Ylym we bilim işlerini dolandyrmak” 1,5 ýyllyk (1-nji ýyldaky) okuwlaryň talyplary üçin niýetlenendir. Gözegçilik görnüşi synag.