2019-njy ýylyň 1-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde wise-premýer P.Agamyradow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiziň öňdengörüjilikli we parasatly ýolbaşçylygynda ýokary hünär derejeli döwlet gullukçylaryny taýýarlamak hem-de gaýtadan taýýarlamak we olaryň hünärini ýokarlandyrmak babatynda netijeli işler durmuşa geçirilýär. 2008-nji ýylda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň döredilmegi ýurdumyzyň döwleti dolandyryş ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmegiň ýolundaky möhüm ädim boldy.
Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna sanly tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagy, innowasion tehnologiýalara esaslanýan kärhanalaryň sanynyň barha artmagy «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenen möhüm wezipelerdir.
Ýurdumyzda bu ugurda alnyp barylýan işleriň giň gerime eýe bolmagy ylmyň hem-de tehnikanyň iň soňky gazananlaryndan, maglumat tehnologiýalardan baş çykarýan gullukçylaryň taýýarlanylmagyny talap edýär.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň bilim kuwwatyny pugtalandyrmak, ýurdumyzyň döwlet dolandyrylyşyny has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Akademiýanyň gurluşyny döwrebaplaşdyrmak, täze hünär ugurlaryny girizmek, wajyp ugurlar boýunça gaýtadan taýýarlaýyş, hünäri ýokarlandyryş we magistratura okuwlaryna islegden ugur alyp okatmak teklip edilýär.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dünýäniň häzirki ösen döwründe sowatly, ylymly-bilimli, ýokary hünär derejeli işgärleriň taýýarlanylmagynyň Diýarymyzy has-da gülledip ösdürmegiň möhüm şertidigini nygtap, bu ugurda iň oňat dünýä tejribesine hem-de öňdebaryjy gazananlara daýanmagyň zerurdygyny belledi hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradowa degişli tabşyryklary berdi.
