Golýazmalar – milli baýlygymyz

2025-nji ýylyň 25-nji  noýabrynda  Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň  Magtymguly adyndaky  Dil, edebiýat we milli golýazmalar  institutynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileriniň we  mugallymlarynyň  gatnaşmagynda akademiýanyň 2025-2026-njy okuw ýylynyň meýilnamasyna laýyklykda, resminamalaryň dolandyrylyşy we edebi dilimiziň sözleýiş we ýazuw görnüşleriniň aýratynlyklary  barada giňişleýin öwretmek maksady bilen,  göçme okuw sapagy guraldy.Onda institutyň  ylmy işgärleri, alymlar  çykyş edip, edebi dilimiziň sözleýiş  we ýazuw görnüşleriniň  aýratynlyklary, ene dilimiziň  hem-de edebiýatymyzyň häzirki zaman ýagdaýlarynyň we taryhynyň düýpli öwrenilişi,  ata-babalarymyzdan miras galan  ygtybarly golýazma  çeşmeleriň esasynda geçirilen ylmy derňewler  barada   giňişleýin gürrüň berdiler. Çykyşlarda diňleýjilere  müňýyllyklaryň dowamynda  dörän  ynsan aň-paýhasynyň, akyl-düşünjesiniň  ajaýyp miweleri  bolan golýazma nusgalaryny daşary ýurt ylmy merkezlerinden we ýurdumyzyň çäklerinden toplamak hem-de täze tehnologiýalary ulanmak  arkaly olary dikeltmek, rejelemek we abat saklamak, ylmy esasda  öwrenmek  boýunça alnyp barylýan işler dogrusynda gyzykly maglumatlar ýetirildi. Bellenilişine görä, TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty jemgyýetimiziň aň-bilim derejesini ýokarlandyrmakda önjeýli orny bolan golýazma mirasymyzy toplamak, ylmy taýdan öwrenmegi has-da çuň­laşdyrmak, halkymyzyň ýazuwly ýadygärliginiň altyn hazynasyny düzýän seýrek eserleri — golýazmalary abat saklamak, ylmy taýdan teswirlemek, gadymy taryhymyz, müdimi edebiýatymyz, asal dilimiz bilen baglanyşykly ylmy barlaglary geçirmek, nusgawy şahyrlarymyzyň we halk döredijilik eserlerini ylmy taýdan öwrenip, neşire taýýarlamak işini dowamly alyp barýar. Bu ýerde türkmen halkynyň taryhyna, sungatyna, edebiýatyna degişli çeşmeleri, golýazmalary di­ňe bir ýurdumyzyň çäklerinden däl, eýsem, daşary ýurtlardan hem gözläp tapmak, toplamak hem-de nusgalaryny ýurdumyza getirip, ylmy taýdan öwrenmek, terjime etmek we halka ýetirmek işleri hem örän netijeli dowam etdirilýär. Hünärmenleriň aýtmagyna görä,  institutda  jemi 10 müňden gowrak golýazma nusgalary saklanyp, olaryň aglaba bölegi ýazyjydyr şahyrlarymyza, halk döredijilik eserlerine degişli bolup durýar.

 Alym Arkadagymyzyň: «Türkmen halky özüniň köpasyrlyk durmuş ýolunda egsilmez genji-hazynany — umumadamzat gymmatlyklar hazynasynyň möhüm bölegini tutýan baý golýazma mirasyny döredipdir. Golýazma mirasy — halkymyzyň tükeniksiz gory bolan milli hazyna» diýip nygtaýşy ýaly, gymmatly golýazmalar şu günki türkmen jemgyýetiniň täze ruhy galkynyşynyň gönezligidir.

   Göçme okuw sapagynda diňleýjiler  Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň  Magtymguly adyndaky  Dil, edebiýat we milli golýazmalar  institutynyň   bölümlerine hem aýlanyp gördüler. Ol ýerde diňleýjiler golýazma nusgalaryň saklanyş şerti, geçirilýän  dikeldiş  işleri bilen  tanyş boldular.  Bu diňleýjileriň nazary we amaly bilimleriniň iş ýüzünde durmuşa geçirilişini doly açyp görkezdi. Şol bir wagtyň özünde bu geçirilen okuw sapagy diňleýjilerde uly täsir galdyrdy.

Okuw sapagynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar  milli mirasymyzy gorap saklamakda we olary geljekki nesillere ýetirmekde bimöçber tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsun aýtdylar.


Академия государственной службы при Президенте Туркменистана. © 2026 Все права защищены.