Döwlet gullukçylary üçin dolandyryş işinde sanly ulgamyň orny barada okuw maslahaty

2025-nji ýylyň 18-21-nji noýabr aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda BMGÖM-niň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen bilelikdäki hyzmatdaşlygynyň çäklerinde,  Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň, Akademiýanyň mugallymlarynyň, diňleýjileriniň we talyplarynyň  gatnaşmagynda Estoniýanyň Elektron dolandyryş akademiýasynyň wekilleri tarapyndan  “Sanly dolandyryşyň strategik esaslary” atly gysga möhletli okuw maslahatlary geçirildi. Okuw maslahatlarynyň esasy maksady  Türkmenistanyň döwlet gullukçylarynyň sanly ulgam babatynda ukyp-başarnyklaryny ösdürmekden, innowasion menejment we sanlylaşdyrma düzüm birliklerinden peýdalanmak arkaly çözgütleri taýýarlamakdan, dolandyryşda sanly ulgama geçiş tejribesi, döwlet dolandyryşynda innowasiýalar we sanly ulgamdaky täze usullar, sanly özgerişler döwründe döwlet gullugyndaky üýtgeşmeler, elektron resminama dolanyşyk ulgamy we iş usullarynyň täze görnüşleri babatynda döwlet gullukçylaryň we hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga degişli ugurlarda olaryň hünär derejesini  ýokarlandyrmakdan, sanly dolandyryş babatynda ylym we bilim boýunça özara peýdaly hyzmatdaşlygy ýola goýmakdan, innowasion usullary we tehnologiýalary ulanmakda tejribe alyşmakdan ybarat boldy.

Häzirki döwürde dünýäde sanly ulgamda  bolup geçýän özgertmeler, ilkinji nobatda, döwlet gullukçylaryndan bu ugurdan  kämil bilimi, şeýle-de hukuk sowatlylygyny talap edýär. Şu nukdaýnazardan hem, geçirilen  gysga möhletli okuw sapaklarynyň dowamynda döwlet gullukçylarynyň hukuk sowatlylygyny ýokarlandyrmak, sanly dolandyryş ulgamyndaky täze innowasion usullary we maglumat tehnologiýalary ulanmak boýunça tejribeler alşyldy. Okuw sapaklarynyň dowamynda «Döwlet dolandyryşynyň sanly ulgamdaky strategik esaslary», «Sanly hökümet ekoulgamyna we sanly hökümeti ösdürmegiň ýörelgeleri», «Howpsuz maglumat alyş-çalşygy», «Sanly hökümetde kadalaşdyryjy namalar»,  şeýle-hem «Döwlet gullugynda täze tehnologiýalar we emeli intellekt» ýaly temalar boýunça maslahat edildi.

Okuw maslahatlar tamamlanandan soň, gatnaşyjylara täze bilimlerini we başarnyklaryny tassyklaýan şahadatnamalar  gowşuryldy. Bu diňe bir olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem döwlet gullugynda mundan beýläk-de özgeriş üçin şertleri döredýär.

Sanly dolandyryş boýunça geçirilen okuw maslahatlar howpsuz sanly ekoulgamy ösdürmäge, institutsional mümkinçilikleri pugtalandyrmaga, döwlet gullukçylarynyň sanly ulgama degişli bolan ukyp-başarnyklaryny ösdürmäge, şeýle hem döwlet dolandyryşynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga we ýurduň raýatlarynyň sanly hyzmatlara deň derejede elýeterliligini üpjün etmäge häzirki zaman jemgyýetinde ýüze çykýan bökdençlikleri, kynçylyklary netijeli çözmäge, döwlet edaralarynyň durnukly ösüşini üpjün etmäge ukyply hünärmenleri taýýarlamakda möhüm ädim boldy.


Academy of State Service under the President of Turkmenistan. © 2026 Copyright.