Halkara gatnaşyklary
Akademiýada döwlet gullukçylaryny gaýtadan taýýarlamagyň häzirki zaman talaplaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, halkara tejribesini öwrenmäge uly ähmiýet berilýär. Bu ugurda birnäçe daşary ýurtlaryň ugurdaş edaralary we halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmek baradaky ylalaşyklara gol çekildi. Şol resminamalaryň çäginde döwlet dolandyryşyna, döwlet gullugyna degişli we beýleki ugurdaş işler alnyp barylýar.
Akademiýa döredilen wagtyndan bäri birnäçe halkara guramalar bilen döwlet gullugyna degişli işleri meýilnama esasynda amala aşyrýar. Meýilnamada daşary ýurtlardaky ugurdaş Akademiýalaryň tejribesini öwrenmäge, Döwlet dolandyryşy ugry boýunça hünärlere magistr derejesini berýän okuw maksatnamalary taýýarlamaga, döwlet gullugynyň möhüm meseleleri boýunça okuwlary geçirmek, duşuşyklary gurnamak üçin tejribeli mugallymlary, hünärmenleri çagyrmaga hem-de Akademiýanyň mugallymlaryny we taslamanyň işine gatnaşýan beýleki edaralaryň hünärmenlerini okuw saparlaryna ugratmaga mümkinçilik berjek çäreler göz öňünde tutulýar. Şeýle-de sanly dolandyryş ulgamyň dünýä tejribelerini öwrenmek üçin iş saparlaryny gurnamak hem-de Ýewropanyň Döwlet dolandyryş özgertmeleri boýunça öňde baryjy tejribelerini öwrenmek meýilleşdirilýär.
Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Dolandyryş akademiýasy
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Dolandyryş akademiýasynyň arasynda işewür hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen, 2012-nji ýylyň 27-nji aprelinde iki akademiýanyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky ylalaşyga gol çekildi. Şol resminama laýyklykda taraplar döwlet edaralarynyň we guramalarynyň dolandyryjy işgärlerini kadaralaryny taýýarlamak, gaýtadan taýýarlamak we hünärini ýokarlandyrmak ugrundaky hyzmatdaşlygyň çäklerinde degişli duşuşyklary we çäreleri yzygiderli geçirýärler.
Germaniýanyň Gustaw Ştrezemann Adyndaky Instituty (GSI)
Akademiýa Ýewropanyň iň gadymy ylmy-bilim alyş edaralarynyň biri bolan Germaniýanyň Gustaw Ştrezemann adyndaky instituty (GSI) bilen hyzmatdaşlygy amala aşyryp gelýär. Bu institut onlarça ylmy we bilim alyş merkezleri bilen bir hatarda Bonn şäherindäki Ýewropa Akademiýasynyň düzümine girýär. Onuň esasynda bolsa ýöriteleşdirilen okuw sapaklarynyň köpugurly ulgamy hereket edýär, şeýle hem institut tarapyndan dürli temalar boýunça halkara simpoziumlar, konferensiýalar, seminarlar, okuw sapaklary amala aşyrylýar... (http://turkmenistan.gov.tm/?id=38).
Bu institut bilen hyzmatdaşlyk 2010-njy ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasyndaky döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň çäklerinde GSI institutynyň delegasiýasynyň Akademiýa iş sapary bilen başlandy.
GSI instituty bilen hyzmatdaşlyk etmek baradaky Ylalaşyga iki tarapdan gol çekildi. Şol resminamanyň çäginde 2012-2013-nji ýyllaryň dowamynda GSI institutynyň ylmy ýolbaşçysy Doktor Klaus Ýan Peters, institutyň maslahatçylary we lektorlary Doktor Ýoahim Wolmut, Jenap Dirk Kýunau, Doktor Hans Born, Doktor Mindia Waşakmadze, Doktor Ýurgen Endemann, Doktor Lotar Riet, Doktor Jemi Wolker, Doktor Stefan Meseke, Doktor Ýekaterina Artýomenko, Doktor Martin Gilbert, Doktor Udo Prenzel, Doktor Andreas Bieşke Akademiýa dürli wagtlarda iş sapary bilen geldiler. Akademiýanyň professor-mugallymlary we diňleýjileri üçin aşakda görkezilen dürli temalar boýunça leksiýalary geçirdiler:
-
Germaniýadaky we Ýewropadaky döwlet gullugynyň düzümi boýunça giriş;
-
Salgytlar we beýleki döwlet girdejileri, döwlet gullugynyň esasy elementleri we prosesleri;
-
Federal býujeti: düzümleri we usullary;
-
Elektron-Hökümeti;
-
Halkara guramalar – Halkara Söwda Guramasy;
-
Germaniýadaky we Ýewropanyň beýleki ýurtlaryndaky (ýagny Fransiýadaky we Beýik Britaniýadaky) döwlet gullugy;
-
Federal emlägi we döwlet bilen bagly banklar;
-
Federal derejedäki personal, kadrlary saýlamak;
-
Karýeranyň modelleri, işgärleriň işine baha bermek şkalasy;
-
Döwlet emläginiň birleşilenden soňky hususylaşdyrylmasy we ulanyş maksadynyň üýtgemegi;
-
Germaniýanyň syýasy gurluşy, Taslamalary dolandyrmak: serişde toplamak, kapitaly mobilizasiýa etmek, maliýe hemaýatyny gözlemek, teklipleri öwrenmek;
-
Halkara hukugy; Halkara ätiýaçlandyryş hukugy; Halkara hukugyna giriş;
-
Ýewropanyň Syýasy Gurluşy; Munisipal öz-özüni dolandyryş ulgamlar boýunça giriş;
-
Germaniýanyň Federal Ulgamy we Hökümetiň Düzümi;
-
Halkara Maliýe Ulgamlary;
-
Maglumat serişdeleri we jemgyýet;
-
Press-koferensiýany alyp barmak we press reliz ýazmak;
-
Işleri we hili dolandyrmak;
-
Germaniýanyň döwlet edaralaryna salgyt salmak;
-
Maliýe bazary - Türkmenistan halkara global jähtde;
-
Maliýe menejmenti, Döwlet dolandyryşynyň etikasy, Maglumat serişdeleri we jemgyýet.
Ýewropa Bileleşigi
Akademiýa bilen Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň çäklerinde biränçe çäreler amala aşyrylýar. ÝB bilen Akademiýanyň arasyndaky işjeň gatnaşyklar 2016-njy ýylyň noýabr aýynda geçirilen duşuşyk bilen başlanyp, onuň barşynda ÝB bilen Akademiýanyň bilelikdäki 2016-2020-nji ýyllar üçin düzülen “Türkmenistanda Döwlet dolandyryşda adam maýasyny pugtalandyrmaga ýardam” atly Taslamasyny amala aşyrmak barada maslahat geçirildi. Bu maslahata Taslamanyň Direktory Iwelina Dilowska, Taslamanyň Topar Ýolbaşçysy Folkert Milh, Taslamanyň Baş Bilermeni Algirdas Petkewiçýus, şeýle hem Akademiýanyň rektory we Ykdysady-gumanitar dersleri kafedrasynyň uly mugallymy gatnaşdylar. Bu taslama ÝB tarapyndan maliýeleşdirilýär we “Hulla and Ko Hýuman Daýnamiks KG” ýolbaşçylygyndaky Konsorsium tarapyndan amala aşyrylýar. Bu taslamanyň esasy maksady – halkara we milli bilermenleriň ýardam bermegi bilen, döwrebap okuw meýilnamalaryny işläp düzmek arkaly akademiýanyň we beýleki döwlet raýat gullugy pudagynda işleýän degişli döwlet edaralarynyň edaralaýyn we okuw geçirmek mümkinçiliklerini ösdürmek bolup durýar. Ýagny halkara we Ýewropa ülňülerine laýyklykda agzalan edaralaryň döwlet gullukçylarynyň hünär derejelerini ýokarlandyrmak, şeýle hem hünär okuwa zerurlygy öwrenmek (HOZÖ) we okuw geçirilişiniň hilini üpjün etmek (OGHÜ), döwlet dolandyryşy boýunça magistrlik maksatnamasy taýýarlamak babatynda işler geçirildi.
2019
2019-njy ýylyň 27-29-njy martynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň we Türkmenistanyň ykdysady jenaýatçylyklar bilen göreşmek boýunça Döwlet gullugynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasyna iş sapary gurnaldy.
http://bilimdinews.kz/?p=28701Saparyň maksady – Gazagystanyň döwlet dolandyryş we korrupsiýa garşy göreşmek ulgamyndaky kadrlar syýasatyny alyp barmak tejribesini öwrenmekden ybarat. Geçirilen duşuşyklaryň barşynda taraplar döwlet gullukçylaryny taýýarlamakda iki taraplaýyn bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler... (http://www.apa.kz/27-29-marta-akademiyu-gosudarstvennogo-upravleniya-pri-prezidente-respubliki-kazaxstan-posetila-delegaciya-iz-respubliki-turkmenistan/)
2019-njy ýylyň 24-25-nji ýanwarynda taslamanyň uly bilermeni Klemen Belharyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň we beýleki gyzyklanýan taraplaryň mugallymlary üçin okuwyň interaktiw usullary boýunça gurnalýan mugallymlary taýýarlaýyş okuwynyň üçünji tapgyry geçirildi. Okuwa dowamynda professor-mugallymlar geçen tapgyrlarda görkezilen usullaryň mysaly görnüşleri bilen tanyşdylar. Tanyşdyrylan her bir gysga okuwyň temasy gatnaşyjylaryň tejribeleri bilen bagly taýýarlanyldy. Mugallymlary taýýarlaýyş okuwynyň bu tapgyry tanyşdyrylan gysga okuwlaryň mysaly görnüşlerini ara alyp maslahatlaşmak we olara baha bermek bilen jemlenildi.
2019-njy ýylyň 21-25-nji ýanwarynda taslamanyň uly bilermenleri Gulsara Junusbekowanyň we Marta Abdukalikowanyň gatnaşmagynda taslamanyň çäginde akademiýa üçin döwlet dolandyryşy boýunça magistr derejesindäki okuw maksatnamasyny işläp taýýarlamak meselesi babatda döredilen iş topary bilen duşuşyklaryň ikinji tapgyry geçirildi.
2018
2018-nji ýylyň 17-22-nji dekabrynda taslamanyň uly bilermenleri Aksel Köetsiň, Ýerlan Abiliň we Miroslaw Giýembiskiniň gatnaşmagynda taslamanyň çäginde akademiýa üçin döwlet dolandyryşy boýunça magistr derejesindäki okuw maksatnamasyny işläp taýýarlamak meselesi babatda döredilen iş topary bilen duşuşyklaryň birinji tapgyry geçirildi.
2018-nji ýylyň dekabr aýynyň 17-22-si aralygynda taslamanyň uly bilermeni Miroslaw Giýembiskiniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň elektron-maglumatlar merkezini döretmegiň zerurlyklaryny taslamanyň hyzmatdaşlary we beýleki gyzyklanýan taraplar bilen bilelikde ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen ýörite duşuşyklar geçirildi. Bu duşuşyklaryň barşynda Miroslaw Giýembiski elektron-maglumatlar merkeziniň tehniki taraplaryny gözden geçirdi we DGA-nyň elektron-maglumatlar merkeziniň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegi üçin maslahatlary berdi.
2018-nji ýylyň 7-8-nji dekabrynda taslamanyň uly bilermeni Garri Listiň gatnaşmagynda akademiýanyň diňleýjileriniň dolandyryş başarnyklaryny kämilleşdirmek boýunça iki günlük okuw maslahaty geçirildi. Diňleýjiler birnäçe okuw usullary bilen tanyşdyryldy: dolandyryş nazaryýeti boýunça amaly sapaklar, ýagdaýa görä liderlik – giriş we amaly gönükmeler, şahslaryň arasyndaky özara gatnaşyklaryň görnüşi we beýlekiler.
2018-nji ýylyň 6-njy dekabrynda taslamanyň uly bilermenleri – professor Ýelena Dorinanyň we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň professorynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda döwlet gullugynyň toparlara bölünişi boýunça okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahatynyň barşynda döwlet gullugy ulgamynda wezipe toparlarynyň görkezijilerini we ýazgylaryny işläp taýýarlamak we ulanmak usullaryny girizmek babatdaky halkara tejribe, Türkmenistanyň konstitusiýasynyň we döwlet gullugy hakyndaky kanunlara we düzgünnamalara syn, şeýle hem döwlet gullugynyň görnüşleri ýaly temalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Okuw maslahatynda Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň wekilleri işjeň gatnaşdylar.
2018-nji ýylyň 5-nji we 6-njy noýabrynda taslamanyň uly bilermeni Nina Stoýanowanyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň işgärleri üçin zerurlyklary seljeriş prosesinde anyklanylan temala boýunça, ýagny “Döwlet bilen hususy pudagyň hyzmatdaşlygy, Döwlet pudagynda ekologik audit we daşky gurşawy dolandyryş üçin ykdysady gurallar” meseleleri boýunça okuw geçirildi.
2018-nji ýylyň okýabr aýynda Magistr derejesindäki okuw maksatnamasynyň üstünde işlemek maksady bilen ýörite iş topary döredildi.
2018-nji ýylyň 5-9-njy noýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň mugallymlarynyň – döwlet dolandyryşyna degişli magistr derejesindäki okuw maksatnamasyny işläp taýýarlamak boýunça iş toparynyň agzalarynyň gatnaşmagynda Orta Aziýa döwletleriniň (Gazagystanyň) tejribesinden magistr derejesindäki okuw maksatnamasyny işläp taýýarlamak babatda öwrenmek üçin iş saparynyň birinji tapgyry geçirildi. Bu iş sapary gatnaşyjylar üçin döwlet gullukçylarynyň hünär derejelerini ýokarlandyrmakda Gazagystanyň peýdalanýan usulyny has giňden seljermäge we öwrenmäge, şeýle hem bilim ulgamy we özgerýän ýurtlarda döwlet gullukçylarynyň taýýarlanylyşy boýunça Ýewropanyň iň gowy tejribelerini ulanmak babatdaky Gazagystanyň tejribesini öwrenmäge mümkinçilik döretdi. Iş saparynyň dowamynda gatnaşyjylar üçin Gazagystan Respubliksanynyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet dolandyryş akademiýasynda we Nazarbaýew uniwersitetinde birnäçe duşuşyklar gurnaldy. Olar bu duşuşyklaryň netijesinde döwlet dolandyryşyna degişli magistr derejesindäki okuw maksatnamasynyň ilkinji taslama görnüşini aşakda görkezilen modullar (okuw maksatnamalary) boýunça işläp taýýarladylar: administratiw hukugy, guramaçylyk menejmenti, makroykdysady nazaryýet we syýasat, ykdysadyýet nazaryýeti we bazar gatnaşyklary, Döwlet gullukçylarynyň ahlak kadalary we özüni alyp baryşy, elektron-hökümet.
2018-nji ýylyň 16-17-nji oktýabrynda taslamanyň bilermeni jenap Garri List okuwyň hilini üpjün etmek, hususan-da, ýokary bilimde okuwyň hilini üpjün etmek babatdaky halkara tejribeler hem-de hili kämilleşdirmek boýunça maksatnamalaryň mysallary bilen tanyşdyrmak maksady bilen okuw maslahaty geçirildi. Bu okuw maslahaty Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň mugallymlar topary üçin gurnaldy. Bu çärä Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleri hem gatnaşdylar.
2018-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda taslamanyň bilermeni jenap Garri Listiň gatnaşmagynda Hünär okuwa zerurlygy öwrenmegiň (HOZÖ) usulyýeti we synag hökmünde saýlanyp alnan milli edaralarda amala aşyrylan HOZÖ işleriniň ilkinji netijeleri bilen tanyşdyrmak maksatly okuw maslahaty geçirildi. Maslahat dört tapgyrda geçirildi: 1) döwlet edaralarynda okuw tapgyryny dolandyrmagyň düzgünleri: halkara tejribe we Türkmenistandaky häzirki ýagdaý; 2) okuw tapgyrynyň birinji ädimi hökmünde hünär okuwa zerurlygy öwrenmek: kämilleşdiriliş ugurlaryny anyklamak; 3) anyklanylan hünär okuwa bolan zerurlyklara esaslanýan okuw modullaryny we maksatnamalaryny işläp taýýarlamak; 4) döwlet edaralarynda okuw tapgyryny dolandyrmagyň düzgünlerini amala aşyrmak boýunça nobatdaky ädimler.
2018-nji ýylyň 14-15-nji we 18-19-njy sentýabrynda taslama tarapyndan taslamanyň bilermeni jenap Klemen Belharyň gatnaşmagynda mugallymlary taýýarlamak boýunça okuw maslahatlarynyň birnäçesi gurnaldy. Okuw maslahaty Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň we ýokary bilim edaralarynyň mugallymlar toparynyň hem-de ÝB-niň wekilleriniň işewür gatnaşmagynda geçirildi.
2018-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda akademiýada Taslamanyň Dolandyryjy Toparynyň 3-nji mejlisi geçirildi. Oňa Taslamanyň Bilermeni Aksel Koets we Taslamanyň Dolandyryjy Toparynyň Ýolbaşçysy Folkert Milh hem-de akademiýanyň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň barşynda orta döwür hasabat bilen, ýagny 2017-nji ýylyň 1-nji noýabryndan başlap 2018-nji ýylyň 30-njy apreli aralykda amala aşyrylan çäreler bilen tanyşdyrdy.
2018-nji ýylyň 19-njy iýunynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň işgärleri üçin hünär okuwa bolan zerurlyklaryň seljerilmeginiň netijelerine esaslanyp “Döwlet Dolandyryş pudagyndaky daşky gurşawy dolandyrmak gurallary” boýunça okuw geçirildi. Çäräni Taslamanyň bilermeni Nina Stoýanowa geçirdi.
2018-nji ýylyň 18-22-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleriniň we taslamanyň uly kömekçi bilermeni jenap Miroslaw Giýembiskiniň gatnaşmagynda taslamanyň çäginde meýilleşdirilişi ýaly, Akademiýanyň elektron-maglumatlar merkezini döretmegiň zerurlygyny seljermek we bu babatda Ýewropa Bileleşigine girýän ýurtlaryň iň gowy tejribelerini we ülňülerini öwrenmek maksady bilen iş duşuşyklary geçirildi. Duşuşyklaryň jenap Miroslaw Giýembiski akademiýa üçin işlenip taýýarlanan websaýtyny gözden geçirip, ony elektron-maglumatlar merkeziniň işini kämilleşdirmek üçin peýdalanmagyň mümkinçiliklerini seljerdi we degişli maslahatlary taýýarlady.
2018-nji ýylyň 11-12-nji iýunynda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wagtlaýyn wekili jenap Lýubomir Frebortyň, Taslamanyň ýolbaşçysy jenap Folkert Milhiň we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň rektorynyň ýolbaşçylyk etmeginde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Döwlet dolandyryşy boýunça magistr derejesindäki okuw maksatnamasyny işläp taýýarlamak meselesi babatynda iki günlük halkara konferensiýa geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň agzalary, Ýewropa Bileleşiginiň agza ýurtlarynyň bilermenleri we Gazagystan Respublikasynyň ýokary derejeli döwlet gullukçylary gatnaşdylar. Konferensiýanyň dowamynda Ýewropa Bileleşginiň ýurtlaryndan gelen bilermenler Döwlet dolandyryşy boýunça magistr derejesindäki okuw maksatnamasyny amala aşyrmak, onuň mazmunyny talaba laýyk taýýarlamak babatyndaky Ýewropanyň we iň gowy halkara tejribeler barada gürrüň berdiler. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekilleri magistr derejesindäki okuw maksatnamasyny işläp taýýarlamak we Türkmenistanda döwlet gullukçylarynyň okuwlaryndaky ýörite çemeleşmeler we talaplar babatynda öz tejribelerini gürrüň berdiler. Konferensiýanyň barşynda akademiýa üçin magistr derejesindäki okuw maksatnamasynyň gurluşynyň taslamasy bilen tanyşdyrylyp, oňa degişli okuw materiallary, usullary, ülňüleri we talaplary işläp taýýarlamagyň üstünde işlenildi. Şeýle hem bu konferensiýa Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet dolandyryş akademiýasynyň Dolandyryş institutynyň direktory jenap Abil Ýerlan, Bolgariýanyň Döwlet dolandyryşy institutynyň ýerine ýetiriji müdiri jenap Pawel Iwanow, Kaunas tehnologiýa uniwersitetiniň Ynsanperwer sosial ylymlary we sungat fakultetiniň (YSYSF-niň) dekany jenap Ainius Lasas ýaly bilermenler gatnaşyp, peýdaly maslahatlar berdiler.
2018-nji ýylyň 31-nji maý-1-nji iýun aralygynda Ýewropanyň öňdebaryjy tejribelerine esaslanyp, okuwyň hilini dolandyrmagyň görnüşlerini kämilleşdirmek boýunça iki günlük okuw-maslahaty geçirildi. Bu maslahata Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri hökmünde Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça taslamalar toplumyna jogap berýän Ýewropa Bileleşiginiň Gazagystan Respublikasyndaky wekiliýetiniň wekilleri jenap Ýohannes Şteýnbek-Madsen we hanym Silwiýa Petropaulo, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň wekilleri gatnaşdyrlar.
2018-nji ýylyň birinji ýarymýyllygynda magistrlik maksatnamalary boýunça birnäçe tegelek stol görnüşindäki amaly-usulyýet maslahatlar we duşuşyklar yzygiderli geçirildi.
2018-nji ýylyň 21-22-nji iýunynda, taslamanyň uly kömekçi bilermeniniň gatnaşmagynda okuw we tanyşdyryş çärelerini geçirmek boýunça täze çemeleşmeler babatdaky mugallymlary taýýarlaýyş okuwy geçirildi. Oňa akademiýanyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň we beýleki hyzmatdaş edaralaryň wekilleri hem-de mugallymlary işjeň gatnaşdylar we tejribe alyşdylar.
2018-nji ýylyň 18-22-nji iýunynda taslamanyň çäginde Ýewropa Bileleşigine girýän ýurtlaryň iň gowy tejribeleriniň ülňülerini öwrenmek hem-de akademiýa we onuň hyzmatdaşlary üçin elektron-maglumatlar merkezini döretmegiň zerurlygyny seljermek maksady bilen duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklaryň barşynda taslamanyň uly kömekçi bilermeni jenap Miroslaw Giýembiski taslamanyň çäklerinde işlenip taýýarlanan akademiýanyň websaýtynyň taslama görnüşini gözden geçirip, elektron-maglumatlar merkezini döretmek üçin bolan mümkinçilikleri seljerdi we geljekde ony ösdürmek üçin degişli maslahatlary işläp taýýarlady.
2018-nji ýylyň 11-12-nji iýunynda taslamanyň çäginde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Döwlet dolandyryşy boýunça magistr derejesindäki okuw maksatnamasyny işläp taýýarlamak babatdaky iki günlük halkara konferensiýa geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň agzalary, Ýewropa Bileleşiginiň we Gazagystan Respublikasynyň wekilleri we bilermenleri, şeýle hem ýokary derejeli döwlet gullukçylary gatnaşdylar. Konferensiýanyň dowamynda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wagtlaýyn wekili jenap Lýubomir Frebort, taslamanyň topar ýolbaşçysy jenap Folkert Milh we akademiýanyň rektory çykyş etdiler. Duşuşyga Ýewropa Bileleşgine girýän ýurtlardan gelen bilermenler gatnaşdylar we döwlet dolandyryşy boýunça magistr derejesindäki okuw maksatnamasyny amala aşyrmak we onuň mazmunyny talaba laýyk düzmek babatdaky Ýewropanyň we iň gowy halkara tejribeler bilen tanyşdyrdylar. Bu çärä akademiýanyň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekilleri gatnaşdylar we magistr derejesindäki okuw maksatnamasyny işläp taýýarlamak we Türkmenistanda döwlet gullukçylaryny okatmak babatdaky ýörite çemeleşmeler we talaplar hem-de öz tejribeleri barada gürrüň berdiler.
2018-nji ýylyň 22-nji maýynda taslamanyň çäginde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň websaýtynyň ýörelgesi bilen tanyşdyrmak we ony ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen tegelek stoluň başyndaky duşuşyk geçirildi. Oňa akademiýanyň degişli wekilleri gatnaşdylar we pikir alyşdylar.
29-njy martda “Türkmenistanda döwlet dolandyryşynda adam maýasyny pugtalandyrmaga ýardam” atly Taslamanyň çäginde Aşgabat şäherindäki "Arçabil" myhmanhanasynda Hünär Okuwa Zerurlygy Öwrenmek (HOZÖ) boýunça duşuşyk geçirildi. Bu duşuşyk Taslamanyň Topar ýolbaşçysy Folkert Milh tarapyndan açyldy, soňra Taslamanyň HOZÖ boýunça Uly Kömekçi Bilermeni Garri List gatnaşyjylary dürli soraglar, ýagny HOZÖ-nyň ýörelgeleri, HOZÖ prosesindäki ädimleri bilen tanyşdyrdy we olar bilen sorag-jogap amallaryny gurnady. Duşuşygyň barşynda gatnaşyjylar HOZÖ boýunça geçirilen barlag-öwreniş işleriniň netijeleri bilen tanyşdyryldy. Duşuşyk umumy ara alyp maslahatlaşmak bilen tamamlandy. Onuň ahyrynda gatnaşyjylara degişli şahadatnamalar gowşuryldy.
27-nji martda, “Türkmenistanda döwlet dolandyryşynda adam maýasyny pugtalandyrmaga ýardam” atly Taslamanyň çäginde Aşgabat şäherindäki Arçabil myhmanhanasynda Okuw Geçirilişiniň Hilini Üpjün etmek (OGHÜ) boýunça duşuşyk geçirildi. Taslamanyň Topar ýolbaşçysy Folkert Milh duşuşygy açyp, OGHÜ prosesi bilim ülňileriniň ýokary hilini gazanmak üçin makro- we mikroderejelerde geçirilýändigi barada belläp geçdi. Bu çärä gatnaşanlaryň hatarynda Taslamanyň HOZÖ boýunça Uly Kömekçi Bilermeni Harri List, Taslamanyň OGHÜ ulgamy boýunça Uly Kömekçi Bilermeni Konstantin Panteleýev, şeýle hem akademiýanyň we Türkmenistanyň beýleki degişli guramalarynyň we edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Taslamanyň bilermenleri gatnaşyjylary Okuw Geçirilişiniň Hilini Üpjün etmek (OGHÜ) ulgamynyň ÝB ýurtlaryndaky ülňileri we talaplary, halkara ýörelgeleri, döwlet dolandyryşynda OGHÜ boýunça geçirilen barlag-öwreniş we degişli tejribeler, Gazagystanyň OGHÜ işlerini geçirmek babatdaky tejribesi, Türkmenistanyň OGHÜ babatdaky tejribesi, şeýle hem taslamanyň çäginde işlenip düzülen OGHÜ ulgamy boýunça düzülen Ýörelge bilen tanyşdyrdylar. Türkmenistanyň degişli guramalarynyň wekilleri bilim pudagyna degişli kanunnamalar, döwlet dolandyryş okuwlary babatda ulanylan OGHÜ boýunça içki düzgünler we tejribeler, Türkmenistnyň ýokary okuw ulgamynda ulanylan OGHÜ tejribesi bilen tanyşdyrdylar. Gatnaşyjylara okuw tamamlanandan soňra şahadatnamalar gowşuryldy.
20-nji martda halkara bilermeni Aksel Koetz akademiýada geçirilen duşuşygyň barşynda “Türkmenistanda döwlet dolandyryşynda adam maýasyny pugtalandyrmaga ýardam” atly Taslamanyň çäginde amala aşyrylan akademiýanyň ýerine ýetirýän işleriniň we akademiýanyň baş ýörelgesiniň selşerilişiniň netijeleri bilen tanyşdyrdy. Duşuşygyň barşynda gatnaşyjylar dürli meseleler bilen, ýagny okuwlary girizmek we geçirmek, akademiýany giňeltmegiň ýollary, hünär okuwyň täze elementleri, daş aralykdan (Internet arkaly) okuw geçmek, täze hyzmatlar we gurluş elementleri, geljekki gurluş boýunça berilýän teklipler bilen tanyşdyryldy.
17-nji ýanwarda akademiýanyň professor-mugallymlary bilen HOZÖ usulyýetini ara alyp maslahatlaşmak üçin Taslamanyň HOZÖ boýunça bilermeni Harri Listiň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi. Onuň barşynda bilermen gatnaşyjylary dürli meseleler, ýagny birinji HOZÖ babatdaky duşuşygyň barşynda doldurylan anketalary seljermegiň netijeleri, okukw usulyýetlerini we meýilnamalaryny ösdürmegiň ýollary, okuw geçirilişiniň hilini üpjün etmek işiniň bir bölegi hökmünde giňişleýin baha beriş modeli we beýleki meseleler bilen tanyşdyrdy.
2017
16-21-nji dekabrda akademiýanyň we Türkmenistanyň beýleki degişli edaralarynyň wekilleri Awstriýa Federal Döwletine, Litwa Respublikasyna we Belarus Respublikasyna tanyşlyk saparyna ugradyldy. Bu sapar taslamanyň çäginde, ýagny ýokary derejeli hünärmenler bilen işewür gatnaşyklary ýola goýmak, olaryň çärelerine gatnaşmak we beýleki döwletleriň döwlet gullugy babatda okuwlary geçirýän edaralary bilen hyzmatdaşlyk etmek babatda akademiýa goldaw bermek çäresine laýyklykda gurnaldy. Saparyň barşynda gatnaşyjylar “Hulla and Ko Hýuman Daýnamiks KG” kopmaniýasynyň ştab-kwartirasynda bolanlarynda, Taslamanyň Topar Ýolbaşçysy Folkert Milh myhmanlary gadyrly garşylady, soňra Taslamanyň Uly Kömeçki Bilermeni Algirdas Petkewiçýus Bolon prosesiniň magistrlik maksatnamasy babatdaky esasy talaplary, olaryň Litwada we Belarusda ulanylyşy, Kaunasyň Tehnologiýa Uniwersitetiniň Magistrlik maksatnamalary baradaky hasabat bilen tanyşdyrdy. Litwadaky Kaunas Uniwersitetinde, gatnaşyjylar uniwersitetiň Rektorynyň we Ylmy işler boýunça onuň orunbasarynyň taýýarlan hasabatlary, Uniwersitetiň Dosentiniň taýýarlan Magistrlik Maksatnamalar babatdaky hasabaty, şeýle hem Kaunas Uniwersitetiniň ýanyndaky öz-özüni dolandyryş meseleleri boýunça okuw geçirýän Merkeziň Direktorynyň taýýarlan hasabaty bilen tanyşdylar. Mundan başga-da, gatnaşyjylaryň Kaunas Uniwersitetiniň kitaphanasyna baryp onuň işleri we gaznasy bilen tanyşmak mümkinçiligi boldy. Belarus Respublikasynda, Taslamanyň uly Bilermeni Algirdas Petkewiçýus Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet dolandyryş akademiýasy boýunça hasabaty diňleýjileriň dykgatyna ýetirdi: bilim maksatnamalary, şol sanda magistrlik programmalary, hyzmatdaşlyk babatda öňe sürülýän meseleler, Merkezi Aziýadaky guramalar bilen amala aşyrylýan hyzmatdaşlyk maksatnamalary. Türkmenistanyň wekilleri, öz gezeginde, amala aşyrýan işleri we hyzmatdaşlyk babatda öňde goýlan meseleler bilen tanyşdyrdylar.
11-16-njy iýunda, taslamanyň çäginde, ýokary derejeli hünärmenler bilen işewür gatnaşyklary ýola goýmak, olaryň çärelerine gatnaşmak, we beýleki döwletleriň döwlet gullugy babatda okuwlary geçirýän edaralary bilen hyzmatdaşlyk etmek arkaly Akademiýa we Türkmenistanyň beýleki degişli edaralaryna goldaw bermek maksady bilen Bolgariýanyň Sofiýa şäherine okuw sapary gurnaldy. Saparyň barşynda gatnaşyjylar Ýewropa ýurtlarynyň döwlet gullukçylaryny okadyp taýýarlamak we döwlet dolandyryşda özgertmeleri amala aşyrmak babatdaky iň oňat tejribeleri bilen tanyşdyryldy. Okuw saparyna Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we guramalarynyň, şol sanda akademiýayň wekilleri, şeýle hem Taslmama Direktory Iwelina Dilowska, Taslamanyň Topar Ýolbaşçysy Folkert Milh hem-de Taslamanyň Menejeri Jahan Annamyradowa gatnaşdylar. Saparyň dowamynda gatnaşyjylar Bolgariýa Respublikasynyň Döwlet dolandyryş institutynda, Ministrler Geňeşinde, Bolgariýa Respublikasynyň Milli adalat anstitutynda, Bolgariýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatiýa institutynda, şeýle hem Sofiýanyň “San Kliment Ohridski” Uniýersitetinde boldular. Şol edaralardaky geçirilen duşuşyklaryň barşynda gatnaşyjylar olaryň amala aşyrýan işleri, Magistrlik maksatnamalary, okuw işleriniň geçirilişine elektron gözegçilik etmek ulgamy we birnäçe beýleki meseleler bilen tanyşdylar.
2017-nji ýylyň maý aýynda, Taslamanyň çäginde “Ýewropa ýurtlarynda döwlet gullukçylarynyň hünärleýin toparlara bölünişi we kanuny binýady – Türkmenistan üçin nusgasyna garaýyş” meselesi boýunça tegelek stoluň başyndaky duşuşyk geçirildi. Bu duşuşyga dürli edaralaryň we guramalaryň wekilleri, şol sanda Gamburg Uniwersitetiniň Professory Doktor Ulrih Karpen, Minskiň Ykdysadyýet Uniwersitetiniň Professory Doktor Ýelena Dorina we Akademiýanyň professor-mugallymlary gatnaşdylar hem-de hersi öz ýurtlaryndaky döwlet gullugynyň dürli modelleri, karýera ulgamlary, döwlet gullukçylarynyň derejeleri we hünär taýdan başarnyklary baradaky presentasiýalar bilen çykyş etdiler. Çykyşlaryň barşynda diňleýjileriň we professorlaryň arasynda sorag-jogap alşyldy, jedelleri meseleler boýunça söhbetdeşlik geçirildi. Duşuşygyň barşynda ÝB-niň Taslamasynyň Topar Ýolbaşçysy Jenap Folkert Milh “Gatnaşyjylar döwlet gullugy ulgamlarynyň aýratynlyklaryny we umumy meselelerini öwrendiler we olaryň Türkmenistanyň döwlet gullugy pudagyna girizip boljak peýdaly taraplaryny kesgitlemegi öwrendiler” diýip belläp geçdi... (https://eeas.europa.eu/delegations/turkmenistan/26513/round-table-%E2%80%9Ccivil-service-classification-and-legal-status-europe-vision-model-turkmenistan%E2%80%9D_en).
2017-nji ýylyň aprel aýynda Taslamanyň resmi açylyş dabarasy we onuň Dolandyryjy Toparynyň ilkinji mejlisi geçirildi. Bu çärä Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky utgaşdyryjy ofisiniň ýolbaşçysy Jenap Frebort, Taslamanyň Direktory Iwelina Dilowska, Taslamanyň Topar Ýolbaşçysy Folkert Milh, Taslamanyň Uly Bilermeni Algirdas Petkewiçýus, Taslamanyň Menejeri Jahan Annamyradowa, şeýle hem Akademiýanyň rektory, Akademiýanyň halkara gatnaşyklaryny utgaşdyrysysy-Taslamanyň amala aşyrylmagy boýunça Akademiýanyň adyndan jogapkär bellenen işgäri hem-de Türkmenistanyň beýleki ugurdaş guramalarynyň we edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Açylyş dabarasynyň dowamynda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky utgaşdyryjy ofisiniň ýolbaşçysy Jenap Frebort çykyş edip, Taslamanyň esasy benefisiary akademiýa bolup durýandygy barada aýtdy, şeýle hem “Şu täze taslamanyň çäginde, Ýewropa Bileleşigi, soňky 25 ýylyň dowamynda bolup gelşi ýaly, Türkmenistanyň ösüş we özgeriş babatdaky işlerine goldaw bermäge taýýarlygyny subut etmegi maksat edinýär” diýip belläp geçdi...(https://eeas.europa.eu/delegations/turkmenistan/25118/european-union-launched-ashgabat-project-support-public-administration-capacity-building_en).
2015-2016-njy ýyllar aralygynda ÝB bilen Türkmenistanyň Energtika ministrliginiň arasyndaky “Durnukly ösüşiň baş ýorelgesini ýerine ýetirmäge ýardam – Türkmenistanda energetika we tebigaty goraýyş pudaklarynda tebigy baýlyklary oýlanşykly peýdalanmak” atly Taslamanyň çäginde, Taslamanyň Dolandyryjy Toparynyň we Işçi Toparynyň, Tebigaty goramak we ýer serişdeleri baradaky toparynyň duşuşyklary we birnäçe maslahatlary geçirildi. Olara ýurdumyzdaky dürli ministrlikleriň we edaralaryň wekilleri, akademiýanyň professor-mugallymlary, mundan başga-da, ÝB wekilleri, ýolbaşçy hökmünde Jenap Jan-Jak Dote, we halkara bilermenler Petra Opits we Nina Stoýanowadagy gatnaşyp degişli meseleler boýunça okuw sessiýalaryny geçirdiler. Gatnaşyjylar degişli pudaklar boýunça öz bilimlerini artdyrdylar.2015-2016
Ýewropa Komissiýasynyň Ösüş we hyzmatdaşlyk boýunça Baş direktoratynyň goldamagynda, Ýewropa Komissiýasynyň “Döwlet dolandyryşda mümkinçiligi artdyrmagy goldamak” atly Taslamasyny amala aşyrmak üçin geçirilýän bäsleşigiň Baha beriş toparynyň işine gatnaşmak üçin akademiýanyň mugallymary 2015-2016-njy ýyllaryň dowamynda Belgiýa iş saparyna ugradyldy. Şeýle hem ÝB-niň Durnukly ösüşe ýardam bermek boýunça Taslamasynyň çäginde, akademiýanyň Döwlet apparatynyň gullukçylaryny gaýtadan taýýarlamak okuwynyň hukukçy-menejer hünäriniň diňleýjisi Germaniýa tanyşlyk saparyna ugradyldy we dürli durnukly ösüş meseleleri bilen tanyşdyryldy.
2013
2013-nji ýylda akademiýa bilen Ýewropa Öýüniň (ÝÖ) Türkmenistandaky wekiliýetiniň arasynda geçirilen duşuşygyň barşynda “Türkmenistanda döwlet administrasiýasynyň potensialyny pugtalandyrmada ýardam” atly maksatnamany işläp taýýarlamak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyga ÝÖ-niň wekiliýetiniň Türkmenistandaky utgaşdyryjysy Teo Hensels, wekiliýetiň utgaşdyryjysynyň orunbasary Waleriýa Danilçenko, Taslama Bilermeni Ulle Purga hem-de Akademiýanyň Halkara hyzmatdaşlygy utgaşdyryjysy we okuw bölüminiň baş hünärmenleri gatnaşdylar.
BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM)
Akademiýa bilen BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasy bilelikde aýratyn ugurlar boýunça birnäçe ýurt bähbitli taslamalary amala aşyrdy.
BMGÖM bilen Akademiýanyň arasynda 2017-2019-njy ýyllarda bilelikde amala aşyrylan “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasyna ýardam bermek” atly Taslamanyň çäginde akademiýanyň baş ýörelge garaýyşlary we ösüş maksatnamalary düzüldi, akademiýada ulanylýan okuw meýilnamalar kämilleşdirildi, täze ugurlar boýunça okuw meýilnamalar taýýarlanyldy, ugurdaş döwlet dolandyryş okuw edaralary we beýleki döwlet gullugy edaralary bilen gatnaşyklar ýola goýuldy, akademiýanyň bilim we maglumat ulgamlaryny pugtalandyrmak meselelerinde goldaw berildi.
2017
2017-nji ýylyň aprel aýynda akademiýanyň mugallymlary BMGÖM-niň “Daşky gurşawy goramak, energetika we tebigy betbagtçylyklaryň öňüni almak” atly taslamasynyň çäginde howanyň üýtgemegi hem-de onuň bilen bagly meseleler boýunça özara pikir alyşmak üçin gurnalan maslahatynyň işine işjeň gatnaşdylar.
2017-nji ýylyň awgust aýynda akademiýada BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişeki Utgaşdyryjysy Ýelena Panowanyň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda, Ýelena Panowa Türkmenistanyň döwlet gullukçylaryny BMGÖM-niň beýleki ýurtlarda gurnaýan hünär ýokarlandyryş okuw sapaklaryna (seminarlara) gatnaşdyrmak maksady bilen, degerli goldawlary bermäge taýýardygyny nygtady. Hem-de olary Gazagystanyň Astana şäherinde gurnaljak okuwlara ugratmak üçin iş saparynyň meýilleşdiriljekdigini aýtdy... (https://ok.ru/turkmenworld/topic/67160537525176).
2017-nji ýylyň oktýabr, dekabr aýlarynda BMGÖM-niň goldaw bermegi esasynda akademiýa Halkara bilermen, ýuridiki ylymlarynyň doktory, Russiýa Federasiýasynyň Başkortostan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanydaky Döwlet gullugy we dolandyryş Akademiýasynyň professory Dinara Minnigulowa çagyryldy. Ol iş saparlarynyň dowamynda döwlet dolandyryş işiniň aýratynlyklary barada diňleýjiler üçin birnäçe okuw maslahatyny geçirdi. Şeýle hem ol korrupsiýa garşy durmak boýunça bar bolan okuw maksatnamalary kämilleşdirmekde we täze okuw maksatnamalary işläp taýýarlamakda ýakyndan ýardam berdi.. (http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=9914).
2016
2016-njy ýylyň iýun aýynda akademiýanyň mugallymlary BMGÖM tarapyndan geçirilen “Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2016-2020-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasynyň” tanyşdyryş çäresine gatnaşdylar.
2016-njy ýylyň dowamynda BMGÖM bilen bilelikde amala aşyrylýan taslamalary özara maliýeleşdirmek meselesini ara alyp maslahatlaşmak we tejribe alyşmak maksady bilen tegelek stoluň başynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Gazagystan Respublikasynyň Maliýe ministrliginiň durmuş üpçünçilik büjeti müdirliginiň saglygy goraýyş büjeti bölüminiň başlygy hanym Aýnur Žabataýewanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti, Akademiýanyň hem-de Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.
2015
2015-nji ýylda BMGÖM-sy Halkara bilermen Ion Koşuleany Türkmenistana iş sapary bilen çagyrdy. Türkmenistanda jemgyýetçilik hyzmatlaryny amala aşyrmakda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny ulanmak, elektron-döwletiniň iň gowy modellerini öwrenip olary girizmek, köpçülikleýin elektron hyzmatlaryny durmuşa ornaşdyrmak hem-de bu ugurdaky öňdebaryjy halkara tejribesini öwretmek babatynda Halkara bilermen Ion Koşulean Akademiýanyň diňleýjileri üçin birnäçe okuw maslahatlary geçirdi.
Şeýle-de, 2015-nji ýylda BMGÖM-niň goldaw bermeginde Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky raýat hyzmatlary we durmuş innowasiýalary boýunça döwlet agentliginiň (ASAN) halkara gatnaşyklary bölüminiň direktory jenap Azad Jafarli, şeýle hem bu agentligiň işgärler bölüminiň başlygynyň orunbasary jenap Jahangir Hajiýew we sosial innowasiýalar we elektron hyzmatlary departamentiniň direktory hanym Ulduza Halilowa Akademiýada gurnalan “Döwlet hyzmatlary bilen üpjün etmek - döwlet dolandyryşynyň we elektron hökümetiniň bölegi hökmünde: halkara we milli tejribeleri” atly tegelek stola gatnaşmaga hem-de Azerbaýjan Respublikasynda döwlet hyzmatlarynyň amala aşyrylyşy boýunça tejribelerini paşlaşmaga çagyryldy. Bu çäre akademiýanyň professor-mugallymlary, diňleýjileri, ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, ýerli häkimiýet edaralarynyň wekilleri hem-de Mejlisiň deputatlary hem gatnaşdylar.
Mundan başga-da, 2015-nji ýylda BMGÖM-nyň goldawy bilen, Akademiýanyň wekilleri iş sapary bilen Azerbaýjanyň Baku şäherinde geçirilen “Döwlet dolandyryşy kämilleşdirmegiň çäklerinde mümkinçilikleri ösdürmek” atly halkara konferensiýasyna, Türkiýäniň Stambul şäherinde geçirilen “Döwlet dolandyryşy kämilleşdirmegiň çäklerinde mümkinçilikleri ösdürmek” atly halkara konferensiýasyna gatnaşmaga ugradyldy. Olar döwlet dolandyryş pudagyna degişli döwrebap meseleler we dürli ýurtlarynyň tejribeleri bilen tanyşyp öz tejribelerini ýokarlandyrdylar.
2014
2014-nji ýylda BMGÖM-niň halkara bilermeni Robert Bernardonyň Türkmenistana iş sapary wagtynda akademiýanyň wekilleri bilen duşuşygyk geçirdi. Duşuşykda akademiýanyň we BMGÖM-niň arasyndaky hyzmatdaşlyk, Türkmenistanyň döwlet häkimiýet we dolandyrylyş gurluşy babatynda döwlet gullukçylarynyň bilim derejelerini artyrmak we akademiýanyň ösüş baş ýörelgesini işläp düzmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
2011
BMGÖM-sy tarapyndan 2009-2011 ýyllar üçin düzülen “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň mümkinçiliklerini ösdürmek” atly taslama amala aşyryldy. Bu taslamanyň çäginde akademiýanyň professor-mugallymlary üçin dürli okuw sapaklary, tanyşdyryş çäreleri gurnaldy we başga-da döwlet dolandyryş pudagyna degişli birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
BMG-niň Ilat Gaznasy (BMGIG)
BMG-nyň Ilat Gaznasynyň (BMGIG) Türkmenistandaky wekilhanasy bilen akademiýa işjeň hyzmatdaşlygy amala aşyrýar.
Häzirki wagtda BMGIG bilen Akademiýa tarapyndan bilelikde maliýeleşdirilýän 2016-2020-nji ýyllar üçin düzülen “Durnukly ösüşiň Milli strategiýalaryny we meýilnamalaryny işläp taýýarlamak üçin ilat barada maglumatlary peýdalanmak” atly Taslama amala aşyrylýar. Taslamanyň maksady - geçen ýyllarda ýetilen sepgitleriň esasynda akademiýa tehniki taýdan ýardam bermekden, ýagny demografiki maglumatlary derňemek we gender deňligi ýörelgelerini öňe sürmek ugrunda akademiýanyň edaralaýyn mümkinçiliklerini kämilleşdirmekden, akademiýada Türkmenistanyň döwlet gullukçylarynyň has ýokary derejede bilim almaklaryna ýardam berjek Magistrlik maksatnamasyny işläp düzmekden ybaratdyr.
2017
2017-nji ýylda Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMGIG-niň hyzmatdaşlygy boýunça guramanyň dünýä we milli derejedäki işleri, şeýle hem dezagregirlenen maglumatlary peýdalanmagyň ähmiýeti baradaky tanyşdyryş çärelerine, Demografiýa çaklamalary hem-de gender deňligi boýunça usulyýet gollanmalary ara alyp maslahatlaşmak üçin tegelek stoluň başynda geçirilen duşuşyga Akademiýanyň professor-mugallymlary we diňleýjileri gatnaşdylar we öz tejribelerini artdyrdylar.
2016
2016-njy ýylyň dowamynda akademiýanyň wekilleri birnäçe çärelere gatnaşdylar. Ýagny, Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň Ilat Gaznasynyň arasynda Özara maliýeleşdirmek hakynda gol çekilen Ylalaşygy durmuşa geçirmek baradaky duşuşyga, BMGIG-niň goldamagynda geçirilen “2016-njy ýylda Dünýäniň ilaty” atly Ählumumy hasabatynyň tanyşdyrylyş çäresine, “Durnukly ösüşiň Milli strategiýalaryny we meýilnamalaryny işläp taýýarlamak üçin ilat baradaky maglumatlardan peýdalanmak” taslamanyň çäginde “Gender deňligi” we “Demografik çaklaýyş” dersleri boýunça okuw usulyýet toplumyny taýýarlamak babatdaky duşuşyga, häzirki zaman usulyýetleri we maglumat-kommunikasion tilsimatlary esasynda demografik seljerme we maglumatlary işläp taýýarlamagyň ugry boýunça edaralaýyn mümkinçilikleri kämmilleşdirmek baradaky seminara gatnaşdylar.
Şol ýylyň dowamynda, BMGIG-niň Halkara Bilermeni Anastasiýa Grigorýewna Bobrowa “Demografiki çaklamalary geçirmek we onuň esasynda tizara häsiýetli gysga möhletli durmuş-ykdysady çaklamalary almak babatynda kompýuter maksatnamalaryndan peýdalanmagyň tejribe endiklerini öwrenmek meseleleri” boýunça akademiýanyň professor-mugallymlary we diňleýjileri üçin 3 günlük okuw sapaklaryny geçirdi.
2015
2015-nji ýylyň dowamynda akademiýanyň professor-mugallymlary BMGIG tarapyndan geçirilen birnäçe çärelere, ýagny Kompýuter mugallymlar üçin MOODLE interaktiw okuw-elektron programmasyny okuw işine ornaşdyrmak meselesi babatdaky duşuşyga, BMGIG bilen akademiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 2015-nji ýyl üçin iş meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşmak babatdaky duşuşyga, “Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2015-2020-nji ýyllar üçin Milli Hereketleriň Meýilnamasy” bilen tanyşdyryş çäresine, Halkara Bilermeni Hans Bornyň geçiren üç günlük “Sosial meselelerine gönükdirilen maksatnamalar” atly okuw sapagyna gatnşdylar.
Mundan başga-da, akademiýanyň döwlet apparatynyň gullukçylaryny gaýtadan taýýarlamak okuwynyň hukukçy-menejer hünäriniň diňleýjisi, BMGIG tarapyndan berlen goldaw esasynda, Moldowa Respublikasynyň Kişinýow şäherinde geçirilen “Ýaş liderleriň ýurduň ilatyny ösdürmekde we deňsizligi azaltmakda tutýan orny” atly halkara maslahatyna gatnaşdy we tejribesini ýokarlandyrdy. Şeýle hem, akademiýanyň wekilleri Belorussiýanyň Döwlet Dolandyryş Akademiýasyna iş sapary bilen ugradyldy. Olar şol edaranyň işi we aýratynlyklary bilen tanyşyp öz tejribelerini artdyrdylar.
Halkara Gyzyl Haç Komiteti
2013-nji ýylda Akademiýa bilen Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň Merkezi Aziýadaky Sebitleýin Wekilhanasynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda ÄHTNAMA gol çekildi. Bu resminama laýyklykda Halkara Gyzyl Haç Komiteti tarapyndan Gumanitar hukuk meseleleri babatynda dürli duşuşyklar we maslahatlar amala aşyrylýar. Akademiýanyň professor-mugallymlary we diňleýjileri üçin halkara ynsanperwer hukugy boýunça birnäçe okuw maslahatlary geçirildi.
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet dolandyryş akademiýasy
Sebit boýunça goňşy ýurtlar, şol sanda Gyrgyzystan Respublikasy bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak we giňeltmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu dostlukly ýurduň halky bilen türkmen halkyny gadymdan gelýän dostluk gatnaşyklary hem-de taryhyň dowamynda kemala gelen medeni we ruhy ýörelgeleriň umumylygy birleşdirýär.
2021-nji ýylyň 28-nji iýununda Aşgabatda Döwlet baştutanlarynyň gatnaşmagynda birnäçe resminamalara, şunuň ýaly-da Türkmenistanyň we Gyrgyzystan Respublikasynyň ylym we bilim ulgamlarynda hem-de döwlet gullukçylary taýýarlamak babatynda tejribeleri alyşmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen Gyrgyzystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet dolandyryş akademiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
2022-nji ýylyň 31-nji oktýabryndan 4-nji noýabry aralygynda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Žusup Abdrahmanow adyndaky Döwlet dolandyryş Akademiýasynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaraly çärä, Merkezi Aziýa döwletleriniň Döwlet dolandyryş akademiýalarynyň rektorlarynyň duşuşygyna we «Sanly eýýamda döwlet dolandyryşy: hakykatlar we kynçylyklar” atly ylmy-amaly maslahatyna Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň rektory gatnaşdy hem-de Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet dolandyryş akademiýasynyň döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady we üstünlikleri arzuw etdi.
Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet dolandyryş akademiýasy
Türkmenistan Täjigistan Respublikasy bilen hemmetaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Bu gatnaşyklar iki doganlyk halkyň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk däplerine, umumy taryhy köklerine hem-de ruhy-medeni gymmatlyklaryna esaslanýar. Şunuň bilen baglylykda ylym-bilim ulgamynda we döwlet gullukçylaryny taýýarlamak babatynda hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk alnyp barylýar.
2021-nji ýylyň 4-nji awgustynda Aşgabatda döwlet baştutanlarynyň gatnaşmagynda resminamalaryň uly bukjasyna, şol sanda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet dolandyryş akademiýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi. Bu resminama iki döwletiň arasynda döwletd we jemgyýetçilik dolandyryşynyň, döwlet gullugy ulgamynyň meseleleri boýunça gatnaşyklary işjeňleşdirmekde möhüm ähmiýete eýedir.
2021-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet dolandyryş akademiýasynda geçirilen "Krizise garşy dolandyryş: derňew, gözden geçirmek we ýok etmegiň mehanizmlerini gözlemek" atly halkara ylmy we amaly konferensiýada Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň rektory A.K.Annamyradow “Türkmenistanyň ykdysadyýetini ösdürmek üçin krizise garşy çäreler” atly tema boýunça onlaýn görnüşde çykyş etdi.
2021-nji ýylyň 17-nji dekabrynda Täjigistan Respublikasynyň paýtagty Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa, Günorta Kawkaz we Gündogar Ýewropa ýurtlarynyň döwlet dolandyryş akademiýalarynyň halkara hyzmatdaşlygy baradaky II foruma Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň rektory onlaýn görnüşde gatnaşdy.
Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet dolandyryş akademiýasy
Türkmenistan goňşy döwleti bolan Gazagystan bilen ähli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet dolandyryşy akademiýasy giň gerimli gatnaşyklary alyp barýar.
2021-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda iki ýurduň arasynda geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň netijesinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet dolandyryşy akademiýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça Ähtnama gol çekildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet dolandyryşy akademiýasynyň arasynda halkara guramalaryň çäklerinde hem köpugurly gatnaşyklar ýola goýulýar. Bu gatnaşyklaryň çäklerinde magistrlik okuwlary boýunça tejribeleri alyşmak, döwlet gullukçylaryny okatmakda uzak aralykdan bilim tehnologiýalarynyň bölekleriniň netijeliligine baha bermek, korrupsiýa garşy göreşmek ulgamyndaky işgärler syýasatyny alyp barmak ýaly ugurlar boýunça birnäçe duşuşyklar, seminarlar we iş saparlar gurnaldy.