Ykdysadyýet we maliýe kafedrasy

Ykdysadyýet we maliýe kafedrasynyň professor – mugallymlary tarapyndan hormatly Prezidentimiziň döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, döwlete degişli bolmadyk edaralar üçin ýokary taýýarlykly döwlet gullukçylaryny hem-de hünärmenlerini taýýarlamak baradaky taglymatlaryndan ugur alnyp, tassyklanylan okuw meýilnamalar maksatnamalar esasynda talabalaýyk işler alnyp barylýar. Şeýle-de kafedrada okadylýan dersler, geçirilýän çäreler hormatly Prezidentimiziň içeri we daşary syýasaty bilen sazlaşykly durmuşa ornaşdyrylýar, okatmagyň usulyýeti kämilleşdirilýär, halkara tejribe esasynda baýlaşdyrylýar.

Okuw işleri

Akademiýanyň döwlet edaralarynyň gullukçylaryny gaýtadan taýýarlamak we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak okuwlarynda durmuş-ykdysady ösüşiň kadalaşdyrylyşy baradaky meseleler aýratyn orun tutýar.

Döwlete degişli bolmadyk edaralaryň hünärmenlerini taýýarlamak boýunça okuwlar dünýä ykdysadyýeti, sanly ulgamy öwrenmek ugurlarynda täze açyşlar bilen bagly maglumatlary jemlemek bilen, talyplaryň dolandyryş çözgütleriň hukuk kadalaryna laýyk getirmek boýunça ukyp-başarnyklaryny ösdürmek  isleglerini kanagatlandyrýar.

Häzirki döwürde ykdysadyýetiň ähli ugurlaryny sanly ulgama geçirmek, önümçilige ylmy işleri ornaşdyrmak döwrüň möhüm wezipesi bolup durýar. Sapaklarda häzirki zaman elektron serişdeleriniň, kompýuter tehnologiýalarynyň, interaktiw usullaryň ulanylmagy okuw maglumatlarynyň çalt hem-de çuňňur özleşdirilmegine ýardam berýär.

Akademiýanyň okuwlarynda Sanly ykdysadyýet we Döwlet dolandyryş ugurlary boýunça magistrlik okuwlary ykdysady dersleriniň tejribeli mugallymlary tarapyndan okadylmagy diňleýjileriň ykdysady ugurlarynyň, sanly tehnologiýalaryň aýratynlyklary we mümkinçilikleri baradaky düşünjelerini kämilleşdirmäge ýardam edýär.

Magistrleri taýýarlamak boýunça okuwlaryň maksady talyplaryň ylmy-seljerme taýdan pikirlenip bilmek, şahsy guramaçylygy we öz-özüni dolandyryş, ulgamlaýyn-seljeriş we guramaçylykly - amaly häsiýetli ýaly başarnyklarynyň emele getirilmegine gönükdirilýär. Bu okuwlaryň maksatnamasynyň çäklerinde ylym-seljeriş hem-de durmuş-medeni gurşawy emele getirmek, dolandyrmak we gözegçilik etmek wezipelerini çözmäge ukyply şahsyýetleri  kämilleşdirmek bolup durýar.

Magistrlik maksatnamasynyň döwlet dolandyryş hem- de Sanly dolandyryş ugry boýunça okuwynyň maksady hünärmenleriň ykdysady ulgamlar, sanly dolandyryş we maglumat tehnologiýalar ulgamlar boýunça nazary – usuly bilimini kämilleşdirmek; maglumat tehnologiýalaryny, çeşmelerini we ulgamlaryny ulanmagyň esasy usullaryny dolandyryş işinde ulanyp bilmek ukyplaryny ösdürmäge mümkinçilik berýär.

Magistrleri taýýarlamak boýunça okaýan her magistrantyň magistrlik işiniň taýýarlanylyşyna kafedranyň tejribeli, alymlyk derejeli professor-mugallymlary ýolbaşçylyk edýär.  Kafedranyň nobatdaky ýygnaklarynda ylmy işleriň ýerine ýetirilişi barada ýolbaşçylaryň hasabatlary diňlenilýär.

Mundan başga-da kafedranyň professor-mugallymlary “açyk sapaklara” gatnaşyp, özara pikir alyşýarlar. Şeýle-de professor-mugallymlaryň Akademiýa bilen hyzmatdaşlygy amala aşyrýan daşary ýurt alymlaryň, bilermenleriň okuw sapaklaryna, maslahatlaryna gatnaşmagy halkara tejribäni öwrenmäge hem ýardam edýär.

Kafedrada okadylýan dersleriň materiallarynyň slaýdly prezentasiýalar bilen MOODLE programmasyna salynmagy öwreniljek maglumatlaryň has täsirli hem-de düşünikli bolmagyna ýardam edýär. Şeýle-de okadylýan dersler boýunça gysga göwrümli wideorolikleriň taýýarlanylmagy diňleýjileriň we talyplaryň maglumatlary özbaşdak öwrenmegine mümkinçilik berýär.

Döwrebap maksatnamalaryň, okadylýan dersler boýunça usuly gollanmalaryň aglabasy kafedranyň professor-mugallymlary tarapyndan taýýarlanylýar. Şeýle-de bu işlerde döwlet tarapyndan durmuş-ykdysady ösüşiň kadalaşdyrylyşynyň, döwlet gullukçylarynyň hukuk we ynsanperwer ugurlardan taýýarlanylyşynyň, döwlet gullugynyň edebiniň meselelerine degişli öňdebaryjy halkara tejribeleri baradaky maglumatlar esasy orun tutýar.

Ylmy-barlag işleri

Kafedranyň mugallymlary öz okuw-usuly işlerini ylmy-barlaglar bilen utgaşdyryp alyp barýarlar. Mugallymlaryň ylmy-barlag işlerinde esasan döwlet dolandyryşynyň we döwlet gullukçylarynyň hünär taýýarlygynyň meselelerine aýratyn üns berilýär. 2017-2019-njy ýyllar aralygynda kafedranyň professor-mugallymlary Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda resmileşdirilen “Türkmenistanda döwlet dolandyryşyny kämilleşdirmegiň esasy ugurlary” atly tema boýunça uly göwrümli barlagyň ýerine ýetirilmegine we barlagyň netijesi boýunça taýýarlanylmagyna gatnaşdylar.

Mundan başga, 2023-2025-njy ýyllar aralygynda kafedranyň professor-mugallymlary Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda resmileşdirilen “Ýerli wekilçilikli we ýerine ýetiriji edaralaryň dolandyryş işiniň kämilleşdirilmeginiň esasy ugurlary” atly ylmy-barlag tema boýunça degişli tertipde seljeriş işleri geçirdiler.

Şeýle hem, 2026-2028-nji ýyllar aralygynda kafedranyň professor-mugallymlary Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda resmileşdirilen “Türkmenistanyň strategiki ösüşiniň esasy ugurlary” atly ylmy-barlag işiniň birinji tapgyry boýunça degişli tertipde seljermelere  başladylar.   

Akademiýanyň professor-mugallymlary esasy okuw-usuly işlerinden daşary akademiýa ýüz tutýan ministrliklerde ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyny wagyz etmäge hem-de aýry aýry temalar boýunça düşündiriş we okuw maslahatlaryny geçirmäge yzygiderli gatnaşdylar.

Okadylýan dersler:
  1. Menejment
  2. Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň döwlet kadalaşdyrylyşy
  3. Hili dolandyrmak INKOTERMS
  4. Bazar ykdysadyýetiniň esaslary
  5. Maýa goýum işi
  6. Marketing
  7. Buhgalter hasaby we hasabyň halkara standartlary
  8. Buhgalter hasaby, maliýe hasabaty we audit
  9. Buhgalter hasaby, audit we maliýe hasabatynyň halkara standartlary
  10. Makroykdysadyýet
  11. Statistika we demografiýa
  12. Sosial statistika we demografiýa
  13. Sanly ykdysadyýet we döwlet dolandyryşynda sanly ulgamlar
  14. Daşary ykdysady aragatnaşyklar
  15. Durnukly ösüşiň maksatlary we adam kapitalynyň görkezijileri
  16. Ykdysady howpsuzlyk we töwekgelçilik
  17. Logistikanyň esaslary
  18. Döwlet we ýerli dolandyryş esaslary
  19. Döwlet we ýerli dolandyryş
  20. Döwlet dolandyrşynyň nazaryýeti
  21. Guramaçylyk menejmenti
  22. Ykdysadyýet (pudaklar boýunça)
  23. Ýerli öz-özüňi dolandyryş
  24. Makroykdysady nazaryýet we syýasat
  25. Döwlet maksatnamalarynyň täsirini bahalandyrmak
  26. Ykdysadyýetiň we bazar gatnaşyklarynyň nazaryýeti
  27. Strategik meýilnamalaşdyrmak
  28. Sanly dolandyryş
  29. Döwlet maliýesi
  30. Dolandyryş işinde maglumat tehnologiýalary
  31. Ykdysadyýetde maglumat ulgamlary
  32. Döwlet maliýesiniň we bank ulgamynyň dolandyrylyşy
  33. Maglumat jemgyýetinde döwlet dolandyrylyşy
  34. Maglumat gorlarynyň howpsuzlygy
  35. Elektron hökümetiň tehnologiýalary
  36. Maglumatlaryň intellektual derňewi
  37. Üýtgetmeleri (innowasiýalary) dolandyrmak
  38. Dolandyrylyş ýagdaýynyň seljerilişi we çözgütleriň modelleşdirilişi
  39. Bilim we ylym işleriniň ykdysady meselelri
  40. Işgärleriň hünär derejesini bahalandyrmagyň usullary
  41. Işgärleri dolandyrmakda innowasiýalar
  42. Işgärleri dolandyrmagyň ykdysadyýeti
  43. Işgärleri hünär taýdan ösdürmek
  44. Işgärleri dolandyrmagyň nazaryýeti
  45. Işgärleri dolandyrmagyň maglumat tehnologiýalary
  46. Elektron resminama dolanşygy
Dersleriň beýany:
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2026 Ähli hukuklar goralan.