Raýat hukugy kafedrasy

Raýat hukugy kafedrasynyň esasy maksady we wezipeleri Türkmenistanda döwlet gullukçylaryny taýýarlamak boýunça döwlet syýasatyny iş ýüzünde durmuşa geçirmegi üpjün etmäge işjeň gatnaşmakdyr. Akademiýanyň okuw meýilnamalaryny düzmäge we  okuw-terbiýeçilik işleriniň  gurnalyşyna we okuw dersleriniň ýokary hilli geçirilişine gatnaşýar. Okuw döwrüniň dowamynda geçirilýän önümçilik tejribeliklerini diňleýjileriň, talyplaryň özleşdiriş derejesine gözekçilik edýär. Akademiýanyň diňleýjilerinde, talyplarynda umumyadamzat gymmatlyklary bilen bagly ýokary medeniýeti, päk ahlak ýörelgeleri, Türkmenistana, onuň halkyna hem-de Türkmenistanyň Prezidentine çuňňur wepalylygy terbiýeleýär. Türkmenistanyň Prezidentine we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine döwlet dolandyryşyny kämilleşdirmek we ony halkara standartlaryna laýyk getirmek boýunça teklipleri we ündemeleri işläp taýýarlaýar. Türkmenistanda döwlet gullukçylaryny, magistrlary taýýarlamagyň okuw usulyýetini we amalyýetini ylmy taýdan öwrenmek, onuň netijelerini hem-de dünýä  tejribesiniň bu ugurda gazananlaryny  ornaşdyrmagy üpjün edýär. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda sanly ulgamyň mümkinçiliklerini giňden peýdalanýar, işiň ýokary derejede kämilleşmegini üpjün etmäge ýardam edýär.
Raýat hukugy kafedrasynda okuw we ylmy-amaly işleri ýerine ýetirýän tejribeli professor-mugallymlar zähmet çekýär. Bazar ykdysadyýetiniň talaplaryna laýyk gelýän, çuňňur bilimlere eýe bolan, giň gözýetimli we halkara gatnaşyklarynda döwletiň bähbitlerine mynasyp wekilçilik etmegi başarýan ýokary hünärli döwlet gullukçylaryny, hünärmenleri we magistrleri taýýarlamakda öz goşantlaryny goşýarlar. Hormatly Prezidentimiziň döwleti ösdürmek boýunça işlenilip düzülen maksatnamalarynyň we meýilnamalarynyň durmuşa geçirilişine işjeň gatnaşýar. Akademiýanyň 2020-2022-nji ýyllar üçin “Döwlet gullukçylaryny taýýarlamagyň halkara we milli tejribesi” atly ylmy-barlag işiniň ýerine ýetirilişine gatnaşyp, “Döwlet gullukçylaryny taýýarlamak boýunça Beýik Britaniýanyň toplan tejribesi”, “Döwlet gullukçylaryny taýýarlamakda Fransiýa Respublikasynyň tejribesi” we “Döwlet gullukçylaryny taýýarlamakda Gazagystan Respublikasynyň tejribesi” temalar seljerildi. Professor-mugallymlarynyň okadýan dersleriniň hataryna Zähmet hukugy, Durmuş üpjünçilik hukugy, Raýat hukugy, Ýer-suw hukugy, Halkara hususy hukugy, Ýerli öz-özüňi dolandyryş hukugy, Halkara arbitražy, Telekeçilik hukugy, Kommersiýa arbitražy dersler girýär. Professor-mugallymlaryň hünärini yzygiderli kämilleşdirmek, tejribelerini artdyrmak we okuwlaryň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen Türkmenistanyň we beýleki döwletleriň hukukçylary we bilermenleri bilen duşuşyklar, “tegelek stollar” we ylmy-amaly maslahatlar gurnalýar. Professor-mugallymlar yzygiderli we üznüksiz öz wezipe borjy bilen baglanyşykly Akademiýanyň çägindäki we onuň daşyndaky oňaýly tejribeleri öwrenýärler we durmuşa ornaşdyrýarlar. Oňaýly dünýä tejribesini öwrenip, Türkmenistanyň milli kanunçylygyna esaslanyp, okadýan dersleri arkaly diňleýjileriň hukuk derejelerini ýokarlandyrýar. Diňleýjileriň ýyllyk we gutardyş işlerindäki temalaryny özleşdirmäge professor-mugallymlar tarapynda ýardam berilýär. Mundan başga-da, diňleýjileri gaýtadan taýýarlamak we olaryň hünärlerini ýokarlandyrmak, şeýle hem raýat gullugy üçin gullukçylaryň we raýatlaryň ätiýaçlygyny döretmek maksady bilen, Akademiýada döwlet gullukçylarynyň we wezipeli şahslaryň hukuk sowatlylygy, hukuk medeniýeti, aňyýeti ösdürilýär. Döwlet dolandyryşyna degişli wezipeler amala aşyrylanda milli kanunçylygy we hukugy ýokary derejede peýdalanyp bilmekleri gazanylýar. Türkmenistanda döwlet dolandyryş meselesi bolan ykdysadyýet, sosial-medeni, hem-de administratiw-syýasy ugurlary dolandyrmak boýunça amala aşyrylýan işlere döwlet gullukçylary öz mynasyp goşantlaryny goşmaklaryna ýardam berilýär. Şeýle hem diňleýjiler Türkmenistanyň degişli pudaklarynda okuw-tejribe sapaklaryny geçmäge ugradylyp, pudaklarda we merkezi döwlet edaralarynda olara degişli hukuk maslahatlary berilýär.
Kafedranyň professor-mugallymlary Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň gullukçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak − okuwyň möhleti iki aý, Täjirçilik arbitražy boýunça döwlet gullukçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak − okuwyň möhleti dört aý, Döwlet edaralarynyň gullukçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak − okuwyň möhleti bäş aý, Döwlet edaralarynyň gullukçylaryny gaýtadan taýýarlamak – okuwyň möhleti iki okuw ýyly, Magistrleri taýýarlamak okuwynyň Konstitusiýa hukugy  ugry boýunça  okuw hem-de şertnamalaýyn tölegli esasda hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak – okuwyň möhleti iki aýa çenli  “Işgärler gullugynyň ýolbaşçylarynyň hünär işlerini kämilleşdirmek” boýunça okuwyň meýilnamalaryny özleşdirmäge gatnaşýarlar.
Okadylýan dersler:

Döwlet sargydy boýunça:

  1. Raýat hukugy
  2. Zähmet hukugy
  3. Durmuş üpjünçilik hukugy
  4. Kommersiýa arbitražy
  5. Halkara arbitraž
  6. Halkara hususy hukugy
  7. Ýer-suw hukugy
  8. Ýerli öz-özüňi dolandyryş hukugy
  9. Telekeçilik hukugy

Magistr taýýarlygy boýunça:

  1. Zähmet hukugy.
 
Dersleriň beýany:
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2024 Ähli hukuklar goralan.