Döwlet ösüşiniň kanunçylyk binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda” ýurdumyzyň agzybir halkyny has netijeli ösüşlere ruhlandyrmak üçin döwlet derejesinde giň mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzda giň gerimli syýasy, hukuk, durmuş-ykdysady özgertmeler amala aşyrylýar. Toplumlaýyn, uzak möhletleýin maksatnamalar kabul edilip, olar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şeýle hem durmuş-ykdysady ösüşde kanun çykaryjylyk işine aýratyn möhüm ähmiýet berilýär.

Ykdysadyýetde gazanylýan üstünlikleriň netijesinde, Türkmenistan halkara giňişliginde jemgyýetiň maddy hem ruhy zerurlyklarynyň kanagatlandyrylmagy üçin giň mümkinçiliklere eýe bolan ýurt hökmünde tanalýar. Ykdysadyýetiň kadaly hereket etmeginiň döwletiň kuwwatynyň iň esasy hem zerur şerti bolup durýandygy nukdaýnazaryndan, 2016-njy ýylda rejelenen görnüşde kabul edilen Esasy Kanunymyza jemgyýetiň ykdysady esaslaryny düzgünleşdirýän ykdysadyýet we maliýe-karz ulgamy barada täze bir bölümiň girizilmegi möhüm ähmiýete eýe boldy. Sebäbi, ýurduň ykdysady taýdan ösüş aýratynlygyny açyp görkezýän bazar ykdysadyýeti, hususy eýeçilik, zähmet, pul we beýleki düşünjeler Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünleşdirýän esasy obýektleri hökmünde çykyş edýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynda eýeçiligiň eldegirilmesizdigi, döwletiň eýeçiligiň ähli görnüşiniň deň goragyny kepillendirýändigi we olaryň ösmegi üçin deň şertleri döredýändigi bellenilýär (12-nji madda). Her bir adamyň telekeçilik we kanunda gadagan edilmedik gaýry ykdysady işi üçin öz ukyplaryny we emlägini erkin peýdalanmaga hukugynyň bardygy aýdylýar (47-nji madda). Hususy eýeçilik hukugynyň kanun bilen goralýandygy we her kimiň eýeçiliginde emläginiň bolmagyna, emlägine özbaşdak, şeýle-de beýleki şahslar bilen bilelikde eýelik etmäge, ondan peýdalanmaga we oňa ygtyýar etmäge haklydygy (48-nji madda), kanunda bellenen tertipde we möçberlerde salgytlary tölemäge we gaýry tölegleri amala aşyrmaga borçlulyk (59-njy madda) barada aýdylmagy ykdysady gatnaşyklara ýokary derejede täsir edýän konstitusion hukuk esaslaryny hem ýörelgelerini berkidýär.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 138-nji maddasynda Türkmenistanyň Merkezi banky ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatyny geçirmegi, nagt pul dolanyşygyny guramagy, hasaplaşyk-töleg ulgamynyň işlemegini, karz edaralarynyň algydarlarynyň we goýumçylarynyň bähbitlerini goramagy, şeýle hem Türkmenistanyň halkara ätiýaçlyklarynyň dolandyrylmagyny üpjün edýär we kanunda göz öňünde tutulan gaýry wezipeleri ýerine ýetirýär diýlip bellenilmegi hem döwlet ösüşiniň kepili bolup durýar.

Şeýle hem, ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen maksatnamalary durmuşa geçirmegiň kämil hukuk binýadynyň emele getirilmegi döwrüň derwaýys meseleleriniň biridir. Şundan ugur alnyp, konstitusion ýörelgelere laýyklykda kabul edilen «Türkmenistanda maýa goýum işi hakynda», «Daşary ýurt maýa goýumlary hakynda», «Karz edaralary we bank işi hakynda», «Daşary ykdysady iş hakynda», «Gymmatly kagyzlar bazary hakynda», «Eýeçilik hakynda», «Erkin ykdysady zolaklar hakynda», «Kärende hakynda», «Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakynda» (rejelenen görnüşi), «Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlandyrmak hakynda» (rejelenen görnüşi), «Döwlet emlägini ynançly dolandyrmak hakynda» we beýleki birnäçe Kanunlar gürrüňi edilýän möhüm ulgamyň depginli ösüşiniň hukuk binýady bolup çykyş edýär.

Ykdysadyýet we maliýe-karz ulgamynyň kanunçylyk binýady barada gürrüň edilende, Esasy Kanunda ykdysadyýetiň bazar gatnaşyklary ýörelgelerine esaslanýandygy, döwletiň telekeçiligi höweslendirýändigi, goldaýandygy, kiçi we orta işewürligiň ösmegine ýardam edýändigi (134-nji madda) barada esas goýujy hukuk kadasynyň hem berkidilendigini aýratyn bellemek ýerlikli bolar. Sebäbi Konstitusiýada kiçi we orta telekeçilik diýen düşünjäniň ulanylmagy ýurduň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda möhüm orny eýeleýän bu ugruň işiniň hukuk, guramaçylyk esaslarynyň kanun taýdan kepillendirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Telekeçilige goldaw bermek babatda döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmeginde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmegi hem wajyp ähmiýete eýedir. Kiçi we orta telekeçilik ilatyň ýokary hilli ýaşaýşyny üpjün edýän ykdysadyýetiň özenini emele getirmek bilen bir hatarda, onuň kadaly hereket etmeginiňde kepili hökmünde hem çykyş edýär. Telekeçiligiň ösdürilmegi ilatyň iş bilen üpjünçiligine, girdejisiniň artmagyna, gaýtadan işlemegiň hasabyna öndürilýän önümleriň görnüşini we möçberini artdyrmaga, netijede, ýurdumyza daşyndan getirilýän harytlary özümizde öndürmäge, bäsdeşlige ukyply harytlary daşarky bazarlara çykarmaga giň mümkinçilikleri açýar.

Ýurdumyzda telekeçiliginiň ösmeginiň möhüm şertleriniň biri-de bu işiň kanunçylyk binýadynyň berkidilmegidir. Hut şu jähetden hem, bu ugurda döwrüň talaplaryna laýyk gelýän kanunlaryň kabul edilmegi pudagyň ösmegi üçin oňaýly şertleri döredýär. Muňa mysal edip «Telekeçilik işi hakynda», «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryny, Raýat kodeksini, «Salgytlar hakynda» bitewi Kanuny we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryny görkezmek bolar. Bazar gatnaşyklary şertlerinde hereket edýän hukuk resminamalary raýatlaryň ukyp başarnygynyň açylmagy, işjeňliginiň ýokarlanmagy, ahyrky netijede, ýurduň ykdysady kuwwatynyň artmagy üçin kämil binýady emele getirýär.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurulýan beýik binalar, täze-täze desgalar, ýaşaýyş jaýlary – bularyň hemmesi ykdysady ösüşimiziň örän ýokarydygynyň görkezijisidir. Şeýle ösüşleriň halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün edýändigine guwanýarys.

Goý, ýurdumyzy ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwürýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan asylly we beýik işlerinde täze üstünlikleri arzuw edýäris.

 

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň

Ykdysadyýet we maliýe kafedrasynyň müdiriniň w.w.ý.ý. O.A.Rejepowa


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2025 Ähli hukuklar goralan.