Halkara usuly maslahat geçirildi

2023-nji ýylyň 24-nji maýynda Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) «Merkezi Aziýada hukuk döwletini goldamak» atly sebitleýin taslamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen Germaniýanyň ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş federal ministrliginiň arasynda sanly ulgam arkaly «Döwlet gullukçysynyň etika kodeksi» atly tema boýunça halkara webinar maslahaty geçirildi.

Maslahatyň dowamynda Ýaroslaw Mudryý adyndaky Milli hukuk uniwersitetiniň Raýat adalaty we aklawçylyk kafedrasynyň dosenti, ykdysady ylymlarynyň doktory Tatýana Subinanyň, şeýle hem Mykolas Romeris adyndaky uniwersitetiň wekili, aklawçy, halkara sertifikatly mediator Alina Sergeýewanyň çykyşlary diňlenildi. Hünärmenleriň «Döwlet gullukçysynyň etika kodeksi: model düzgünleri we milli kontekst», «Döwlet gullukçysynyň etika kodeksi daşary döwletleriň mysallarynda» atly temalar boýunça eden çykyşlary täsirliligi bilen tapawutlandy.

Usuly maslahatyň dowamynda döwlet gullukçysynyň wezipe borçlarynyň ýerine ýetirilişiniň kanunylygy, öňe sürülýän hukuk ýörelgeleri, şeýle hem jemgyýetiň, döwletiň we raýatlaryň öňündäki jogapkärçilikli borçlary baradaky meselelere garaldy.

Kanunlaryň we gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplarynyň goldanmalydygy, döwlet gullukçylarynyň döwletiň syýasatyna ygrarly bolmalydygy, olaryň özleriniň hereketleri bilen döwlet häkimiýetiniň abraýyny pugtalandyrmalydygy, döwlet edaralarynyň abraýyny gaçyryp biljek hereketleri etmäge ýol bermeli däldigi barasyndaky gürrüňler maslahatyň düýp özenini düzdi.

Maslahatda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1996-njy ýylyň 12-nji dekabryndaky karary bilen kabul edilen Döwlet işgärleri üçin halkara gulluk özüni

alyp barşynyň şertleriniň umumy ýörelgeleri, wezipe borçlary, bitewilik standartlary, maglumatlary goramak düzgünleri we başga-da birnäçe meseleler dogrusynda durlup geçildi. Beýik Britaniýa, Belarus Respublikasy, Polşa, Bolgariýa, Gazagystan Respublikasy, Çehiýa, Ukraina, Malta, Latwiýa, Estoniýa, Albaniýa ýaly dünýä döwletleriniň etika kodeksleri, kodeksleriň struktura-gurluşy, sanksiýalaryň jogapkärçiligi, ahlak kadalary, döwlet gullugynyň edaralary hem-de döwlet gullukçylary tarapyndan ahlak kadalarynyň ýerine ýetirilişi usuly maslahata gatnaşyjylarda gyzyklanma döreden esasy temalar boldy.

Döwlet gullukçysynyň umumy etiki kadalary we gulluk özüni alyp barşynyň düzgünleri, şeýle hem döwlet gullukçysynyň abraýynyň, raýatlaryň döwlet edaralaryna ynamynyň pugtalandyrylmagyna ýardam etmek we döwlet gullukçylarynyň özüni alyp barşynyň ahlak-kada esaslarynyň bütewiligini üpjün etmek, wezipe borçlaryny päk ýürekden we ýokary hünär derejesinde ýerine ýetirmek döwlet gullukçylarynyň öňünde durýan esasy maksatlar hökmünde görkezildi.

Jemgyýete hyzmat etmek, raýatlaryň hukuklaryna, beýleki adamlaryň mertebesine we kanunlaryna hormat goýmak, raýatlaryň döwlete we häkimiýete bolan ynamyny ýokarlandyrmaga kömek etmek, bitarap we obýektiw pikirlenmek, hökümetiň strategiýasyny we maksatnamasyny wepaly hem ygtybarly ýerine ýetirmek, ýerli dolandyryş edaralarynda döwlet gullugynyň abraýyny güýçlendirmek, raýatlaryň döwletiň ahlak kadalaryndan habarly bolmagyny üpjün etmek döwlet gullukçylarynyň wezipe borçlaryny ýerine ýetirmeginiň netijeliligini ýokarlandyrmagy üpjün etmäge gönükdirilendir.

Bellenilişi ýaly, bu kanunlar, kodeksler döwlet gullugy çygrynda ýokary ahlak ýörelgeleriniň emele getirilmegi, jemgyýetçilik aňynda döwlet gullugyna hormat bilen garalmagy üçin esas bolup hyzmat edýär, şeýle hem döwlet gullukçylarynyň jemgyýetçilik aňyny we ahlagyny, olaryň öz-özlerine gözegçilik etmeklerini üpjün edýär.

Gazanylan netijeler boýunça birnäçe sorag-jogaplar alşyldy. Şeýlelikde, döwlet gullukçylarynyň döwlet kanunyny, kodeksini, kadalaryny bilmegi we olary berjaý etmegi onuň hünär işiniň hiline we gullukda özüni alyp barşyna baha bermegiň talaplarynyň biri bolup durýar. Usuly maslahatyň ahyrynda geljekki usuly-maslahatlaryň, sapaklaryň temalary hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Sanly ulgam arkaly geçirilen usuly-maslahat ýokary netijeliligi bilen tapawutlandy diýip ynamly aýdyp bolar.


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2025 Ähli hukuklar goralan.