2023-nji ýylyň 21-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda magistr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň sanly dolandyryş ugruny üstünlikli tamamlan uçurumlara dabaraly ýagdaýda diplom gowşuryldy. Okuw meýilnamasyna laýyklykda, geljekki dolandyryjylar «Dolandyryş işinde maglumat tehnologiýalary», «Ykdysadyýetde maglumat ulgamlary», «Sanly dolandyryşyň hukuk üpjünçiligi», «Döwlet maliýesiniň we bank ulgamynyň dolandyryşy», «Maglumat jemgyýetinde döwlet dolandyryşy», «Sosial ylymlarda barlag usullary», «Sanly ykdysadyýet», «Maglumat gorlarynyň howpsuzlygy», «Maglumatlaryň intellektual derňewi», «Üýtgetmeleri (innowasiýalary) dolandyrmak», «Dolandyryş ýagdaýynyň seljerilişi we çözgütleriň modelleşdirilişi», «Pedagogikanyň esaslary we okatmagyň usulyýeti» derslerini özleşdirdiler. Mundan başga-da talyplar önümçilik tejribesini geçdiler, şeýle-de magistrlik işini ýazdylar we döwlet synagyny tabşyrdylar.
Guralýan okuwlar talyplaryň sanly ykdysadyýet baradaky esasy düşünjeleri sanly özgertmeleri we sanly gurallary döwlet gullugyna ornaşdyrmagyň ähmiýeti, programma üpjünçiligi hem-de hyzmatlar, maglumat tehnologiýalary, kiberhowpsuzlyk baradaky bilimlerini artdyrmaga, gözýetimlerini has-da giňeltmäge, ýyllaryň dowamynda ele alan bilim-başarnygyny, özleşdiren ylmy dünýägaraýşyny bahalandyrmaga ýardam edýär. Şeýle çemeleşme ýaş nesliň ýokary hilli bilim almagyny üpjün etmek boýunça görülýän toplumlaýyn çäreleriň netijeli häsiýetini şertlendirýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanda 2019–2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde dolandyryş ulgamlaryna sanly gurallaryň ornaşdyrylmagy ýurdumyzda ykdysadyýetiň ösmegine uly itergi berýär. Bu ugurdaky öňde durýan wezipeleri amala aşyrmaga goşant goşmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda magistr bilim maksatnamasynyň ykdysadyýet we dolandyryş ugry boýunça taýýarlygyň sanly dolandyryş ugry girizildi. Akademiýada sanly dolandyryşyň magistr ugrunyň açylmagy geljekki bu ugur boýunça işlejek hünärmenleriň işiniň kämilleşmegine oňyn täsir eder.
Diplom gowşurmak dabarasy hemmelerde täsir galdyrdy. Talyp ýaşlarymyzyň IT babatda bilimleriniň, döredijilikli pikir-başlangyçlarynyň guwandyryjydygyna, sanly dolandyryş ugry boýunça hünärmenler bilen üpjün etmekde ylym-bilim ulgamynyň mümkinçilikleriniň işjeň durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär.