TÜRKMENIŇ DÖWLETLI ÝOLY – NESILLERE DOWAM BU GÜN

Ýurdumyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze 2023-2024-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, asylly däbe görä, täze bilim edaralaryny açyp ulanmaga bermek hem-de olaryň düýbüni tutmak dabaralary geçirildi.

2023-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň täze binalar toplumynyň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli bu ýerde «Türkmeniň döwletli ýoly – nesillere dowam bu gün» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Hoşallyk maslahatynda Akademiýanyň mugallymlarynyň, diňleýjileriniň we talyplarynyň adyndan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň adyna täze binalar toplumynda netijeli işlemek, üstünlikli okamak babatda ähli şertleriň döredilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk beýan edildi. Akademiýanyň täze binalar toplumynyň açylmagy Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň şanly wakalarynyň birine öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň açylyş dabarasynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «DUISBURGESSEN» uniwersitetiniň «Iň gowy binagärlik» hem-de Fraungofer Energetika ykdysadyýeti we energetika ulgamy tehnologiýasy institutynyň «Durnuklylyk we öňdebaryjy tehnologiýa» baradaky şahadatnamalarynyň gowşurylmagy taryhy wakanyň gymmatyny has-da artdyrdy. Ak mermerli binalar toplumynda milli binagärligiň we bezegiň däpleri häzirki döwrüň özboluşly usullary bilen utgaşýar.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda döredilmeginiň 15 ýyllyk şanly senesini belleýän Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda döwlet dolandyryş hem-de hünär ýokarlandyryş fakultetleri, döwlet we halkara hukugy, raýat hukugy, ykdysadyýet we maliýe, menejment, sanly ykdysadyýet we maglumat tehnologiýalary, jemgyýeti öwreniş ylymlary, daşary ýurt dilleri kafedralary göz öňünde tutulan.

Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda bilim syýasaty üstünlikli amala aşyrylýar, Berkarar döwleti täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe başy başlanan beýik özgertmeleri geljekde mynasyp dowam etdirjek, ösüp gelýän nesil baradaky hemmetaraplaýyn alada bu syýasatyň esasyny düzýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň biz – ýaşlara bildirýän ynamlaryny ödäp, geljekde-de Watanymyzyň syýasy, durmuş-ykdysady we medeni ösüşine öz mynasyp goşandymyzy goşjakdygymyza ynandyrýarys.


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2024 Ähli hukuklar goralan.