GARAŞSYZLYK BU BIZIŇ GÖTERILEN YKBALYMYZDYR

Garaşsyzlyk Magtymguly atamyzyň arzuwlan zamanasydyr, berkarar döwletimiz we bagtyýar ýaşaýşymyzdyr! Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda zähmetsöýer halkymyz Türkmenistanyň Garaşsyz döwlet hökmünde dünýä dolmagynyň 32 ýyllygyny agzybirlik bilen garşylady. Baýramçylygyň şanyna uludan tutulýan toý bagtyýar watandaşlarymyzyň bitewüligini, parahatçylyk dörediji ýurdumyzyň rowaçlyklaryny, ýeten belentliklerini şöhlelendirdi. Bu günki gün merdana halkymyz ata-babalarymyzyň arzuwlan mukaddes Garaşsyzlygyna, hemişelik Bitaraplygyna eýe bolup, özüniň Türkmenistan atly berkarar döwletini gurdy. Umumadamzat pelsepesiniň iň bir arzyly gymmatlygy bolan Garaşsyzlyk, halkyň, Watanyň barlygydyr. Parasatly pederlerimiziň mähri siňen keramatly türkmen topragynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna mynasyp bolmagyna giň mümkinçilikler açyldy.

Halklaryň öz ykbalyny erkin kesgitlemäge bolan hukugyna, halkara hukugynda umumy ykrar edilen mizemez ýörelgelere esaslanyp, türkmen halky Garaşsyz döwlet gurdy. Şanly sene mynasybetli guralýan milli we halkara çärelere ykbalyň emri bilen dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan doganlarymyzyň, gatnaşmaklary, toýlarymyzy bile toýlamaklary üçin ata Watanymyz gapylaryny giňden açýar. Garaşsyz döwlet – diňe bir özygtyýarlylygy we ykbalyňy erkin kesgitlemegi aňlatmak bilen çäklenmän, eýsem, dünýä bilen döwrebaplygy, milli mirasyň köklerine daýanmagy hem alamatlandyrýar.

Döwlet özygtyýarlylygynyň milli ýörelgeleri Türkmenistanyň Konstitusiýasynda beýanyny tapýar. Esasy Kanunymyzda Türkmenistanda kanunyň hökmürowandygy, ýurdumyzyň her bir raýatyň durmuş taýdan goraglylygyny kepillendirýän döwletdigi baradaky kadalar, konstitusion esaslar nygtalýar. Eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygy bagtyýar we abadan durmuşymyzyň binýadydyr. Garaşsyzlygymyzyň 32 ýylynyň içinde ýetilen belent sepgitler mähriban halkymyzyň watansöýüjiligi, agzybirligi, jebisligi, halal we tutanýerli zähmeti bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Garaşsyzlyk ýyllary içinde syýasy, durmuş-ykdysady, medeni ugurlary boýunça ägirt uly ösüşler gazanylyp, Türkmenistan kuwwatly ykdysadyýeti, kämil durmuş ulgamy bolan, çalt depginler bilen ösýän, dünýä bileleşiginde uly abraýa eýe bolan döwlete öwrüldi.

Şeýle-de şanly Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli ýurdumyzda jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde we ähli pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça ildeşlerimize döwlet sylaglary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Sylaglananlar barha ösüp, özgerýän agzybir jemgyýetimizde ýaşuly nesliň ornuna berýän uly ünsi, ýaşlary watançylyk, zähmetsöýerlik, halallyk, ahlaklylyk we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemek barada edýän işleri, türkmen halkynyň ruhy mirasyny pugtalandyrmaga we mundan beýläk-de ösdürmäge edýän tagallalary, öz zähmetlerine berlen ýokary baha, ýurdumyzda döredýän ähli amatly şertleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Mälim bolşy ýaly, Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygynyň öňüsyrasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi. Maslahatyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň milli Garaşsyzlygynyň esaslaryny, Bitaraplyk ýörelgelerini pugtalandyrmaga goşan ägirt uly şahsy goşandy, döwletiň we jemgyýetiň öňünde bitiren aýratyn görnükli hyzmatlary, täzeçil başlangyçlary öňe sürüp, demokratik, hukuk, dünýewi döwletimizi depginli ösdürmekde, ösüşiň täze tapgyrynda syýasy we durmuş-ykdysady özgertmeleriň hukuk binýadyny kämilleşdirmekde, Watanymyzyň şan-şöhratyny we mertebesini artdyrmakda alyp barýan yzygiderli, maksada okgunly işleri üçin, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygynyň baýramçylygy mynasybetli Türkmenistanyň Gahrymany diýen at dakyldy.

Maslahata gatnaşyjylar bu toýly günde Türkmenistanyň iň ýokary tapawutlandyryş derejesiniň – «Altyn Aý» altyn nyşanynyň gowşurylmagy, Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy bilen hormatly Prezidentimizi Arkadagly Gahryman Serdarymyzy tüýs ýürekden gutlap berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Örän gysga wagtda Türkmenistan Garaşsyzlygy hemra edinip, hemişelik Bitaraplyk ýörelgesine daýanyp, goňşy we alysdaky hyzmatdaş ýurtlaryna ynsanperwerlik goluny uzadýan, maddy we ruhy taýdan goldaw-hemaýat edýän arkalaşykly döwlete öwrüldi. Türkmen halkynyň gadymdan gözbaş alyp gaýdýan edebi akabalarynyň, sungat däpleriniň adalatyny, erkinligini, agzybirligini, mertligini we bitewiligini wasp etmedik döwri bolan däldir. Bu gün şol asylly däpler biz ýaşlaryň ruhy kuwwaty bolup, röwşen ertirimiziň mukaddes umytlary bilen birleşip, türkmen abraýynyň, mertebesiniň has-da belende göterilmegine, geljekde-de Watanymyzyň syýasy, durmuş-ykdysady we medeni ösüşine öz mynasyp goşandymyzy goşjakdygymyza ynandyrýarys.

Güneşli diýarymyzda ynsan durmuşyny gözellige öwürýän, ýurdumyzyň ähli pudaklaryny uly ösüşlere besleýän we bu ugurda tagallalaryny gaýgyrmaýan, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sag bolsun aýdýarys. Alym Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglygyny, uzak ýaş, hemişe iş rowaçlygyny arzuw edýäris.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň talyby,

Dünýägözel Täçmyradowa.


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2024 Ähli hukuklar goralan.