“Pähim paýhas ummany – Magtymguly Pyragy” ýylynda hormatly Prezidentimiziň “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen taglymatynyň giňden dabaralanmagy netijesinde ýurdumyzyň hukuk ulgamynda hem özgertmeler amala aşyrylyp, milli kanunçylygymyz kämilleşdirilýär we ony halkara hukugynyň umumy kadalaryna laýyk getirmek maksady bilen hyzmatdaşlyk ýola goýulýar. Çünki halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary – onuň esasy ýörelgeleriniň mazmunyny düzýär.
Bu ugurda alnyp barylýan işlere Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy hem işjeň gatnaşýar. Häzirki wagtda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilýän şertlerinde arbitraž hukugyny öwrenmek hem wajyp hasaplanýar. Türkmenistanyň arbitraž kanunçylygy halkara hukugynyň umumy kadalaryna goşulýar we döwrebap derejede ösdürilýär. Bu çäreleriň esasy maksady arbitraž kanunçylygyna, şol sanda arbitraž kazyýetine ynamy ýokarlandyrmak, ykdysady hyzmatdaşlyga gatnaşyjylaryň hukugyny, kanuny bähbitlerini goramak, kazyýet etikasyny ösdürmek bolup durýar. Şeýle hem, döwlet edaralarynyň gullukçylarynyň arbitraž kanunçylygy babatda bilimini ösdürmek, hukuk medeniýetini we etikasyny kämilleşdirmek Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň esasy wezipeleriniň biridir.
USAID-iň “Türkmenistanda dolandyryş işleri” taslamasy (GAT) Türkmenistanyň Hökümeti bilen dolandyryş ulgamyny we kanunçylygy kämilleşdirmek hem-de durmuş-ykdysady ösüş boýunça hyzmatdaşlyk edýär. 2024-nji ýylyň 28-31-nji oktýabry aralygynda USAID-iň “Türkmenistanda dolandyryş işleri” taslamasy Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň mugallymlary we diňleýjileri üçin Halkara täjirçilik arbitražy we mediasiýa boýunça onlaýn-okuw geçirdi. Onda halkara bilermen Diana Sutiewanyň halkara arbitražy, maýa goýum arbitražy, arbitraž ylalaşygy we mediasiýa bilen bagly çykyşy diňlenildi. Onlaýn-okuwa gatnaşyjylar halkara arbitražy we mediasiýa babatda özlerini gyzyklandyrýan ugurlar boýunça sorag-jogap alyşdylar.