Döwlet gullugy akademiýasynda emeli aňyň ulanylyşy maslahatlaşyldy

6-9-njy ýanwar aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky  Döwlet gullugy akademiýasynda sanly medeniýete we döwlet dolandyryşynyň sanly özgertmelerine bagyşlanan dört günlük okuw maslahaty geçirildi. Bu çäre BMG-niň Ösüş Maksatnamasy bilen bilelikdäki taslamanyň çäklerinde sanlylaşdyrmak boýunça halkara bilermeni, Russiýanyň halklaryň dostlugy uniwersitetiniň (RUDN) emeli aň fakultetiniň professory Wiktor Dostowyň gatnaşmagynda boldy.

Meýilnamalaýyn gurnalýan gysga möhletli okuwlar  Mejlisiň, ministrlikleriň, pudak edaralaryň, şeýle hem ýerli öz-özüni dolandyryş edaralaryň wekilleri üçin tapgyrlaýyn gurnalýar. Bu geçirilen okuwlar hem muňa mysal bolup durýandyr.

Bu okuwlaryň esasy maksady, sanly ulgam boýunça global tendensiýalara we innowasiýalara laýyklykda, Türkmenistanda döwlet gullugynyň netijeliligini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Bu wezipeler Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan, Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyndan, şeýle hem Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmek konsepsiýasyndan ugur alýandyr.

6-9-njy ýanwar aralygynda geçirilen 4 günlük okuw maslahatynyň esasy maksady döwlet gullukçylaryna döwrebap sanly gurallary öwretmekden ybaratdyr. Sapaklaryň dowamynda gatnaşyjylar sanly özgertmeleri täze senagat rewolýusiýasy hökmünde ele alyp, onuň esasy elementlerini we jemgyýetçilik täsirlerini, şol sanda zähmet bazaryndaky üýtgeşmeleri öwrendiler.

Professor Dostowyň bellemegine görä, bu okuw maslahaty Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň bir bölegidir.

Wiktor Dostow çykyşynda 2025-nji ýylda emeli aň mowzugynyň aýratyn wajypdygyny nygtady.

– Häzirki döwürde iň gyzykly tema – emeli aňdyr. Biz onuň ösüş mümkinçiliklerini we döwlet hem-de hususy toplumda ulanylyş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşarys – diýip, professor aýtdy.

Okuw maslahatynyň dowamynda  sanly ykdysadyýetde taslamalary durmuşa geçirmek üçin zerur bolan esasy ugurlar, tehnologiýalar we başarnyklar,

emeli intellekt, sanly taslamalarda dolandyryş usullary, maglumat gorlary bilen işlemegiň esaslary, sanly ykdysadyýet we sanly ösüş, sanly tendensiýalaryň durmuşymyza täsiri, sanly platformalar,  maglumat bilen işlemek,  maglumatlaryň üsti bilen döwlet dolandyryşynyň ewolýusiýasy, häzirki zaman tehnologiki tendensiýalaryň zähmet bazaryna täsiri, sanly ykdysadyýetde kadalaşdyrmak ýaly temalar boýunça gürrüňler edildi.


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2025 Ähli hukuklar goralan.