Raýat goranyşyna bagyşlanan maslahat

21-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda professor-mugallymlaryň we diňleýjileriň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň hünärmenleriniň okuw sapagy geçirildi. Duşuşygyň maksady döwlet gullukçylaryny raýat goranyş we halas ediş babatynda ýurdumyzda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrmakdan, tebigy betbagtçylygyň öňüni almakda, meýilnamalaýyn işleri öz wagtynda ýerine ýetirmekde toplanan tejribeleri diňleýjilere amaly taýdan öwretmekden ybarat bolup durýar.

Okuw sapagynyň dowamynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň hünärmeni häzirki wagtda ýüze çykýan  adatdan daşary ýagdaýlaryň görnüşleri, hususan hem tebigy we tehnogen häsiýetli  howplar ýüze çykanda raýat goranyşy guramak, onuň aýratynlyklary we halas ediş işleri barada belläp geçdi. Şeýle-de duşuşykda dünýäniň dürli sebitlerinde tebigy we tehnogen häsiýetli howplaryň ýüze çykmagy bilen emele gelen adatdan daşary ýagdaýlar, şeýle ýagdaýlar ýüze çykan halatynda  özüňi alyp barmagyň we tebigy betbagtçylyklardan goranmagyň endiklerini we ukyplaryny kämilleşdirmek barada aýdyldy. Maslahatyň dowamynda edilen çykyşlarda ýüze çykmak töwekgelçiligi  bolan adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almaga we ýok etmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini howpsuzlandyrmaga, aýratyn  möhüm we howply desgalaryň, maddy we medeni  gymmatlyklaryň goraglylygyny  üpjün etmäge, umumy döwlet  ähmiýetli wezipeleri utgaşdyrmaga gönükdirilen “Raýat goranyş çygrynda döwlet syýasatynyň  esasy ugurlaryny 2019-2030-njy  ýyllar aralygynda  durmuşa geçirmegiň  Döwlet maksatnamasyna”, “Türkmenistanyň seýsmik töwekgelçiligi peseltmek” hakyndaky  maksatnamasyna bagyşlanan  çykyşlaryň dowamynda  ýörite taýýarlanan  slaýdlar hem görkezildi. Döwlet gullukçylaryny  ýokary derejede taýýarlykly, kämil hünärmenler edip ýetişdirmek maksady bilen guralan bu okuw sapagy diňleýjilerde  raýat goranyşyň esaslaryny has-da gowy öwrenmäge mümkinçilik döretdi.

Duşuşyga gatnaşyjylar asuda, parahat ýurtda ýaşandyklary üçin buýsançlaryny beýan edip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşamak bagtyny peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize çäksiz sagbolsun aýtdylar.


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2025 Ähli hukuklar goralan.