5-nji martda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda 8-nji mart – Halkara zenanlar güni mynasybetli aýdym-sazly dabaraly çäre geçirildi. Oňa akademiýada zähmet çekýän ähli zenan mugallymlar, işgärler düzümi bilen bir hatarda, bu ýerde bilim alýan diňleýjiler we talyplar hem gatnaşdylar.
Dabaranyň başynda akademiýanyň rektory A.Annamyradow gutlag sözi bilen çykyş edip, ýurdumyzda zenan mertebesini belende götermek, olaryň zähmetine, döredijiligine we asylly işlerine sarpa goýmak maksady bilen çäreleriň geçirilmeginiň ýurdumyzyň ähli gelin-gyzlaryny belent ýeňişlere, täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýandygyny belledi. Şeýle-de döredilýän şertleriň netijesinde, bu günki gün zenanlarymyzyň ylym-bilimde, medeniýetde, işewürlikde, ykdysady we durmuş ulgamlarynyň dürli ugurlarynda yhlasly zähmet çekmek bilen, aň-paýhas, döredijilik başarnyklaryny netijeli durmuşa geçirýändiklerini häzirki döwürde zenanlaryň milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda netijeli zähmet çekip, döwletimiziň ösüşine mynasyp goşant goşýandyklary aýdyldy. Şeýle-de dabaranyň dowamynda akademiýada zähmet çekýän zenanlara we bu ýerde bilim alýan diňleýjilerdir talyplara 8-nji mart Halkara zenanlar güni mynasybetli hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Aýdym-sazly dabaranyň barşynda, aýdymçylar mährem zenanlarymyzy, maşgalanyň sütüni bolan eziz enelerimizi, döwrümizi wasp edýän ajaýyp çykyşlary bilen tomaşaçylaryň baýramçylyk ruhuny has-da belende göterdiler.
Şeýle-de dabaranyň dowamynda akademiýada bilim alýan diňleýjileriň we talyplaryň ýörite 8-nji mart - Halkara zenanlar güni mynasybetli taýýarlan çykyşlary görkezildi. Olaryň zenanlary, mährem enelerimizi wasp edip ýerine ýetiren oýlanmalary, goşgulary, şeýle-de maşgala durmuşyndan taýýarlan degişme sahnalary ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri galdyrdy. Zenan mertebesine belent hormat goýulýan bagtyýar zamanamyzy wasp edýän çykyşlar aýdym-sazly dabaranyň esasy mazmunyny düzdi.
Baýramçylyk çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ene mukaddesligini, zenan sarpasyny aýratyn hormatlaýan, her bir günümizi toýdur baýramlara besleýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýürekden çykýan hoşallyklaryny beýan etdiler.