Menejment dersiniň maksady – döwlet gullukçylaryny häzirki zaman ykdysadyýetiniň dolandyrylyşyna degişli ylmy-nazary garaýyşlaryň giň toplumy bilen tanyşdyrmakdan, olarda dolandyryş endiklerini we başarnyklaryny ösdürmekden, Türkmenistanyň milli ylym we bilim ulgamynda innowasion multimedia tehnologiýalarynyň we interaktiw usullarynyň giňden ulanylýan döwründe dolandyryş işgärleriniň hünär taýýarlygynyň derejesini kämilleşdirmekden ybaratdyr. Dersiň iş maksatnamasynda ykdysadyýetiň dolandyrylyşynyň halkara tejribesi we Türkmenistanda milli ykdysadyýetiň amala aşyrylyşy barada giňişleýin maglumatlar berilýär. Bu ders 2 ýyllyk (2-nji ýyldaky) okuwlar üçin niýetlenendir. (Gözegçilik görnüşleri: synag, semestr ara gözegçilik, ýyllyk işi.)
Hili dolandyrmak INKOTERMS dersiniň maksady – diňleýjileri harytlaryň, önümleriň we hyzmatlaryň dürli görnüşleriniň ülňüleşdirilişiniň hem-de olaryň şahadatnamalaşdyrylyşynyň ugurlary, kabul edilen düzgünleri we hukuk esaslary bilen tanyşdyrmakdan, ülňüleşdirme we şahadatnamalaşdyrma işleriniň ähmiýetini düşündirmek arkaly olaryň hünärini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Bu ders okadylanda halkara tejribesi göz öňünde tutulyp, degişli temalar Türkmenistanyň materiallary esasynda düşündirilýär. Bu ders 4 aýlyk okuwlar üçin niýetlenendir. (Gözegçilik görnüşi – hasap).
Döwlet we ýerli dolandyryşyň esaslary dersiniň maksady – Türkmenistanyň durmuş-ykdysady we medeni ösüş maksatnamalaryndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek, şeýle hem döwlet gullukçylarynyň dolandyryjy usullaryny kämilleşdirilmek boýunça akademiýanyň diňleýjileriniň hünär ukyplaryny, amaly endiklerini ýokarlandyrmak bolup durýar. Türkmenistanyň döwlet häkimiýet we dolandyrylyş gurluşynyň kanunçylyk esaslaryny, döwlet we ýerli dolandyryş edaralaryň esasy ygtyýarlyklaryny we wezipelerini, durmuş-ykdysady we medeni ösüş maksatnamalary işläp düzmegiň we amala aşyrmagyň guramaçylyk usullaryny kämilleşdirmek boýunça diňleýjileriň bilim derejelerini artdyrmaklyk göz öňünde tutulýar. Bu ders 5 aýlyk okuwlar (gözegçilik görnüşi – hasap) we 2 ýyllyk (2-nji ýyldaky) okuwlar üçin (gözegçilik görnüşi – hasap) niýetlenendir.
Döwlet we ýerli dolandyryş dersiniň maksady – Türkmenistanyň durmuş-ykdysady we medeni ösüş maksatnamalaryndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek, şeýle hem döwlet gullukçylarynyň dolandyryjy usullaryny kämilleşdirilmek boýunça akademiýanyň diňleýjileriniň hünär ukyplaryny, amaly endiklerini ýokarlandyrmak bolup durýar. Türkmenistanyň döwlet häkimiýet we dolandyrylyş gurluşynyň kanunçylyk esaslaryny, döwlet we ýerli dolandyryş edaralaryň esasy ygtyýarlyklaryny we wezipelerini, durmuş-ykdysady we medeni ösüş maksatnamalary işläp düzmegiň we amala aşyrmagyň guramaçylyk usullaryny kämilleşdirmek boýunça diňleýjileriň bilim derejelerini artdyrmaklyk göz öňünde tutulýar. Bu ders 2 ýyllyk (2-nji ýyldaky) okuwlar üçin (gözegçilik görnüşi – hasap) niýetlenendir.
Döwlet dolandyryşynyň nazaryýeti dersiniň maksady –Döwlet dolandyryşynyň ylmy ders hökmünde ösdürmegiň tapgyrlary bilen tanyşdyrmaga gönükdirilendir. Mundan başgada Döwlet dolandyryşynyň we hökümet görnüşleri Döwlet dolandyryş ulgamy we wezipeleri, döwlet dolandyryşynyň, maksatlaryny emele getirmek, döwlet dolandyryşynda kommunikasiýa, adam maýasyny dolandyrmak ýaly temalar boýunça meselelere serediler. Bu ders 2 ýyllyk (1-nji ýyldaky) okuwlar üçin (gözegçilik görnüşi – synag, döwlet synagy) niýetlenendir.
Guramaçylyk menejment dersiniň maksady – “Guramaçylyk menejmenti”, döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynda netijeli özara gatnaşyklaryň gurnalyşyny öwrenýän, hökmany okuw (kurs) bolup durýar. Bu okuwda siz, guramada baş ýörelgäni işläp taýýarlamakda we seljermekde, strategik maksatnamalara we dolandyryşa baha bermekde, özüňi netijeli alyp barmagy ösdürip bilersiňiz. Şeýle hem dolandyryş endiklerini we toparda işlemek ukybyny ösdürmäge mümkinçilik bolar. “Guramaçylyk menejmenti” (syýasy, durmuş taýdan we ykdysady, önümçilik, tehnologik, ylmy-barlag, döredijilik ýaly) bilelikde utgaşdyrylýan işi hem-de döwlet ulgamyna degişli guramalarynyň (edaralarynyň) we maglumatlary toplamak we taýýarlamak; meýilleşdirmek we ylmy çaklaýyş; döwlet edaralarynyň baş ýörelgesini işläp düzmek we olaryň işini gurnamak; gözegçilik we hasap, şol sanda statistika (hasabat) ýaly, belli bir işleri ýerine ýetirýän döwlet gullukçylarynyň üsti bilen işi dolandyryşy üpjün edýän döwlet edaralarynyň derejesinde durmuşy dolandyryşyň bir görnüşi bolup durýar. Bu ders 2 ýyllyk okuwlar üçin niýetlenendir. (Gözegçilik görnüşleri: synag).
Ýerli öz-özüňi dolandyryş dersiniň maksady – “Ýerli öz-özüňi dolandyryş” döwlet (şäher) işgärleri üçin okadylýan “Döwlet dolandyryş” okuw meýilnamasynyň esasyny düzýän iň möhüm we ýöriteleşdirilen derslerden biridir. Şäher häkimliginiň işgäri, esasy wezipelerini ýerine ýetirmek bilen, belli bir derejede döwlet häkimiýetiniň ýokary we merkezi edaralary bilen aragatnaşyk saklaýar we konstitusiýa, dolandyryş we şäher kanunlarynyň kadalary bilen düzgünleşdirilýän dürli gatnaşyklara girýär. Şonuň üçin şäher hukugyny öwrenmegiň zerurlygy we ähmiýeti, milli hukugyň beýleki şahalary, şeýle hem esasy hukuk dersleri, tebigaty we bu ugurda ösýän jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň ähmiýeti bilen kesgitlenýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň durmuş - ykdysady ösüşiniň häzirki tapgyrynyň esasy maksatlaryndan biri döwlet dolandyryşyny döwrebaplaşdyrmak, gurluşyny kämilleşdirmek we netijeliligini ýokarlandyrmak. Döwlet dolandyryşyny döwrebaplaşdyrmak, öz gezeginde, aýry-aýry döwlet ulgamy hökmünde döwlet dolandyryşynyň täze döwlet ideologiýasyny, kanun çykaryjy we hukuk usulyýetini, wezipelerini üýtgetmegi göz öňünde tutup, ähli derejedäki döwlet işgärlerini taýýarlamagy, kärlerini ýokarlandyrmagy öz içine alýar. Bu ders 2 aýlyk okuwlar (gözegçilik görnüşi – hasap) we 2 okuwlar üçin (gözegçilik görnüşi – synag) niýetlenendir.
Işgärleriň hünär derejesini bahalandyrmagyň usullary atly okuw dersiniň baş maksady — talyplara guramalarda adam serişdelerini netijeli dolandyrmak üçin işgärleriň hünär baradaky bilimlerini, başarnyklaryny we işjeňlik ukyplaryny ylmy hem-de amaly esasda bahalandyrmagyň döwrebap usullaryny öwretmekdir. Bu ders guramanyň strategik maksatlaryna ýetmekde işgärleriň ornyny kesgitlemäge we olaryň mümkinçiliklerini doly netijeli ulanmaga ýardam edýär.
Dersiniň esasy wezipeleri we öwredýän ugurlary şulardan ybaratdyr:
Nazary bilimleri berkitmek: Bahalandyrmak ulgamynyň esaslaryny, halkara tejribesini we guramaçylyk medeniýetindäki ornyny öwretmek.
Amaly başarnyklary ösdürmek: Işgärleri testirlemek, professional söhbetdeşlik geçirmek, (Bahalandyryş merkezi) ýaly döwrebap usullary amalyýetde ulanmagy öwretmek.
Kriteriýalary we standartlary taýýarlamak: Her bir wezipä we kär ugruna laýyklykda hünär standartlaryny hem-de KPI (Esasy netijelilik görkezijileri) ulgamyny işläp düzmegi başarmak.
Ösüş meýilnamalaryny taýýarlamak: Bahalandyrmagyň netijelerine esaslanyp, işgärleri okatmak, hünärini ýokarlandyrmak we wezipesini ösdürmek boýunça maslahatlary taýýarlamak. Bu ders 1 ýyllyk okuwlar üçin (gözegçilik görnüşi – synag, aralyk synag) niýetlenendir.
Strategiki meýilnamalaşdyrmak dersiniň maksady – diňleýjileri dünýä ykdysady giňişliginiň tutuşlygyna globallaşmagynyň şertlerinde Türkmenistanyň durmuşa gönükdirilen bazar ykdysady ulgamyny ösdürmek boýunça strategik meýilnamalaşdyryş boýunça bilimlerini kämilleşdirmek, amaly ukyplylygyny giňeltmek we tejribe derejelerini ýokarlandyrmakdyr. Şol sanda, diňleýjilere milli ykdysady syýasat, onuň pudaklaýyn we sebitleýin wezipeleri, gysga we uzakmöhletli maksatnamalary, dünýä ykdysady giňişliginiň tutuşlygyna globallaşmagynyň şertlerinde milli bazarlaryň barha biri-birine ýakynlaşmaklary sebäpli ösen döwletlerinde giňden ulanylýar baş ýörelge meýilnamalary işläp düzmek meselelerini öwredip, olaryň bilimlerini kämilleşdirmekden ybaratdyr. Bu 2 ýyllyk (2-nji ýyldaky) okuwlar üçin niýetlenendir. (Gözegçilik görnüşi – synag).
Işgärleri hünär taýdan ösdürmek dersiniň maksady- Işgärleri hünär taýdan ösdürmek baradaky bilimler menejment, kärhanalary dolandyrmak, işgärleri dolandyrmak, zähmetiň ykdysadyýeti we sosiologiýasy, hünär işiniň psihofiziologiýasy ýaly ugurlarda köp sanly barlaglaryň geçirilýän şertlerinde döredi. Işgärleriň dolandyrmagyň ykdysadyýetinde esasy mesele işgäriň hünär taýdan kämilleşmegine täsir edýän şertleri, hünär taýdan ösdürmegiň usullaryny, hünär başarnyklaryny döwrebap ösdürmegiň ugurlaryny kesgitlemekden, bu usullary kadalaşdyrmakdan, seljermekden, işgärleriň hilini ýokarlandyrmakdan ybarat bolup durýar. Işgärleri hünär taýdan ösdürmegiň çäklerinde amala aşyrylýan barlaglarda işgärleri hünär taýdan ösdürmek strategiýasynyň kärhana, işgär we jemgyýet üçin bähbitli taraplary, hünär taýdan ösdürmegiň içki we daşky görnüşleri, şeýle-de işgärleriň hünär başarnyklaryny ösdürmegiň görnüşleri, derejeleri bu dersiň predmetini düzýär. Bu ders 1 ýyllyk okuwlar üçin (gözegçilik görnüşi – synag, aralyk synag) niýetlenendir.
Işgärleri dolandyrmagyň nazaryýeti dersiniň maksady – döwlet gullukçylaryny işgärleri dolandyrmagyň esaslary bilen giňişleýin tanyşdyrmak hem-de berilýän bilimleri, emelleri we usullary çuňňur öwretmek arkaly, olaryň hünärini ýokarlandyrmakdan we gaýtadan taýýarlamakdan ybaratdyr. Ýagny diňleýjilere işgärleri dolandyrmak ulgamy, işgärleriň toparlara bölünişi, başarnyklary, marketingi we höweslendirilmegi, işgärlere bolan zerurlygy çaklamak, olaryň işine baha bermek, iş toparlaryny döretmek we ösdürmek ýaly soraglar öwredilýär. Bu ders 1 ýyllyk) okuwlar üçin niýetlenendir. (Gözegçilik görnüşi – synag, döwlet synagy).
Obasenagat toplumynyň guramaçylyk-ykdysady düzümi okuw dersiniň esasy maksady — talyplara oba hojalyk we senagat pudaklarynyň özara baglanyşygyny, agrosenagat toplumynyň (AST) dolandyrylyşyny, ykdysady gurluşyny we netijeliligini ýokarlandyrmagyň guramaçylykly usullaryny çuňňur öwretmekden ybaratdyr.
Bu dersiň çäginde aşakdaky esasy wezipeler amala aşyrylýar:
Pudagara baglanyşyklar: Oba hojalygynyň, çig maly gaýtadan işleýän senagatyň we hyzmat ediş düzümleriniň özara ykdysady hem-de guramaçylykly gatnaşyklaryny seljermek.
Ykdysady netijelilik: Agrosenagat toplumynda önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmagyň, çykdajylary azaltmagyň we girdejililigi üpjün etmegiň ýollaryny öwrenmek.
Guramaçylyk formalary: Döwlet we hususy pudakda agrosenagat kärhanalaryny, kooperatiwleri hem-de birleşmeleri döretmegiň we dolandyrmagyň ykdysady esaslaryny özleşdirmek.
Bazar gatnaşyklary: Oba hojalyk önümleriniň bazaryny, marketing we logistika ulgamlaryny guramagyň aýratynlyklaryna düşünmek. Bu ders 72 sagatlyk okuwlar üçin niýetlenendir. (Gözegçilik görnüşi – hasap).
Türkmenistanyň oba hojalyk pudagynyň ösüşinde ýetilen sepgitler atly okuw dersiniň baş maksady talyplara (okuwçylara) Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurduň oba hojalyk toplumynda gazanylan üstünlikleri, amala aşyrylan özgertmeleri we pudagyň döwrebap ösüş aýratynlyklaryny çuňňur öwretmekdir.
Şeýle-de, bu dersiň öňünde goýýan esasy wezipeleri we ugurlary aşakdakylardan ybaratdyr:
Syýasy we ykdysady ähmiýeti: Ýurtda azyk garaşsyzlygyny we howpsuzlygyny üpjün etmekde oba hojalyk pudagyna berilýän ünsi, kabul edilen döwlet maksatnamalaryny we olaryň netijelerini düşündirmek.
Tehnologik täzelikler: Pudaga ornaşdyrylýan döwrebap tehnikalary, sanly ulgamy, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary we ylmyň gazananlaryny öwretmek.
Öndürijilik sepgitleri: Galla, pagta, gök-bakja we maldarçylyk önümlerini öndürmekde gazanylan rekord sepgitleri we içerki bazary öz önümlerimiz bilen üpjün etmegiň ýollaryny seljermek.
Telekeçiligi goldamak: Oba hojalygynda hususy pudagyň (telekeçileriň we daýhan hojalyklarynyň) ornuny, olara döwlet tarapyndan berilýän ýeňillikleri düşündirmek.
Watansöýüjilik we hünär tejribesi: Ýaşlarda ene topraga bolan söýgini oýarmak, daýhan zähmetine hormat goýmak we oba hojalyk hünärlerine bolan gyzyklanmany artdyrmak. Bu ders 72 sagatlyk okuwlar üçin niýetlenendir. (Gözegçilik görnüşi – hasap).
Oba hojalyk pudagynyň gaýtadan işleýän senagat önümçiligi atly dersiň maksady — talyplara oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemegiň nazary esaslaryny, häzirki zaman tehnologiýalaryny we enjamlaryny öwretmekdir. Şeýle-de bu ders önümiň hilini we howpsuzlygyny üpjün etmek, galyndysyz önümçiligi guramak hem-de pudagyň ykdysady netijeliligini ýokarlandyrmak başarnyklaryny kemala getirmegi maksat edinýär.
Bu okuw dersiniň esasy wezipeleri we öwredýän ugurlary aşakdakylardan ybaratdyr:
Çig mallary taýýarlamak: Oba hojalyk önümlerini (galla, gök-bakja, miwe, et-süýt we ş.m.) gaýtadan işlemäge dogry kabul etmek, sortlamak we saklamak usullary.
Tehnologik prosesler: Önümleri fiziki, himiki we biohimiki taýdan işlemegiň döwrebap usullaryny özleşdirmek.
Enjamlary ulanmak: Önümçilikde ulanylýan maşynlaryň, awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň gurluşyny we iş prinsiplerini öwrenmek.
Hile gözegçilik: Taýýar önümleriň döwlet standartlaryna (GOST) we ekologik talaplara laýyk gelmegini gazanmak. Bu ders 72 sagatlyk okuwlar üçin niýetlenendir. (Gözegçilik görnüşi – hasap).
Oba senagat toplumynyň ösüşiniň innowasion ugurlary okuw dersiniň esasy maksady talyplarda oba hojalyk önümçiligini döwrebaplaşdyrmak, onuň netijeliligini ýokarlandyrmak we pudaga öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça hemme taraplaýyn bilimleri kemala getirmekdir.
Bu dersiň çäginde aşakdaky esasy wezipeleri amala aşyrmak göz öňünde tutulýar:
Innowasion tehnologiýalary öwrenmek: Oba hojalygynda sanly ulgamyň, awtomatlaşdyrmanyň, takyk ekerançylygyň we biotehnologiýalaryň soňky gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmagyň ýollaryny düşündirmek.
Ykdysady netijeliligi ýokarlandyrmak: Oba senagat toplumynda çykdajylary azaltmagyň, hasyllylygy we öndürijiligi artdyrmagyň innowasion usullaryny seljermek.
Durnukly ösüş we ekologiýa: Tebigy serişdeleri (suw, toprak) tygşytly ulanmagyň, ekologik taýdan arassa önüm öndürmegiň innowasion çärelerini taslamagyny öwretmek.
Dolandyryş we strategiýa: OST-nyň kärhanalarynda innowasion taslamalary we maýa goýumlaryny dogry dolandyrmak başarnyklaryny ösdürmek. Bu ders 72 sagatlyk okuwlar üçin niýetlenendir. (Gözegçilik görnüşi – hasap).
Ýurduň azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde obasenagat toplumynyň tutýan orny okuw dersiniň maksady — talyplara döwletiň ykdysady we milli howpsuzlygynyň özeni bolan azyk howpsuzlygyny kemala getirmekde obasenagat toplumynyň (OAT) strategik ähmiýetini we durnukly ösüş kanunalaýyklyklaryny çuňňur öwretmekdir.
Bu okuw dersiniň esasy wezipeleri we maksatlary aşakdaky ugurlardan ybaratdyr:
Esasy maksatlar we wezipeler:
Strategik ähmiýeti öwrenmek: Döwletiň garaşsyzlygyny we ykdysady durnuklylygyny berkitmekde obasenagat toplumynyň we oba hojalygynyň eýeleýän strategik ornuny düşündirmek.
Azyk howpsuzlygynyň esaslary: Ýurduň ilatyny özümizde öndürilýän ýokary hilli, ekologik taýdan arassa we elýeterli azyk rasiony bilen doly üpjün etmegiň ylmy we amaly ugurlaryny öwretmek.
Importyň ornuny tutmak we eksport: Daşary ýurtlardan getirilýän azyk harytlaryna bolan garaşlylygy azaltmak (importyň ornuny tutmak) we ýerli önümleriň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmagyň ýollaryny seljermek.
Döwlet goldawy we reformalar: Oba hojalygyna berilýän döwlet ýeňillikleri, maliýe-karz goldawlary, hususylaşdyrma we bu ugra degişli kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň ähmiýetini talyplara ýetirmek.
Innowasiýa we tehnologiýalar: OAT-da suw tygşytlaýjy tehnologiýalary (damjalaýyn, ýagyş ýagdyrmak arkaly suwaryş), sanlylaşdyrmany we häzirki zaman agrotehniki çäreleri ulanmagiň usullaryny düşündirmek. Bu ders 72 sagatlyk okuwlar üçin niýetlenendir. (Gözegçilik görnüşi – hasap).
Oba senagat toplumynyň işini guramak, ýer-suw resurslaryny netijeli dolandyrmak okuw dersiniň esasy maksady — talyplara oba hojalyk önümçiligini döwrebap guramagyň, dolandyrmagyň hem-de ýurtda bar bolan çäkli ýer we suw serişdelerini ylmy esasda, tygşytly we netijeli peýdalanmagyň nazary hem-de amaly esaslaryny öwretmekden ybaratdyr.
Bu ders oba hojalyk we agrosenagat pudagy üçin ýokary hünärli, ekologik we ykdysady taýdan başarnykly hünärmenleri ýetişdirmegi maksat edinýär.
Dersiniň esasy wezipeleri we ugurlary:
Agrosenagat dolandyrylyşy: Oba senagat toplumynyň (OST) düzümindäki kärhanalaryň we hojalyklaryň işini häzirki zaman ykdysady talaplara laýyklykda meýilleşdirmek we guramak.
Ýer serişdelerini netijeli ulanmak: Topragyň hasyllylygyny saklamak we ýokarlandyrmak, ýerleriň zaýalanmagynyň (eroziýanyň, şorlaşmagyň) öňüni almak we durnukly ekerançylygy ýola goýmak.
Suw tygşytly tehnologiýalar: Suw serişdelerini dogry paýlamak, suwaryş ulgamlaryny kämilleşdirmek we oba hojalygynda damjalaýyn, ýagyş ýaly suwaryş ýaly döwrebap tygşytly usullary önümçilige ornaşdyrmak.
Ykdysady netijelilik: Az harajat edip, ýokary hasyl we önüm öndürmegiň, önümiň özgindeligini peseltmegiň we bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmagyň ýollaryny öwretmek.
Ekologik durnuklylyk: Tebigy baýlyklary ulanmakda daşky gurşawa zyýan ýetirmezlik we tebigaty goramak kadalaryny berjaý etmek. Bu ders 72 sagatlyk okuwlar üçin niýetlenendir. (Gözegçilik görnüşi – hasap).