KÄMIL BILIM – BEÝIK GELJEGIŇ BINÝADY

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda kämillik okuwlary geçirilýär

 

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň, geňeş agzalarynyň döwlet gullukçylarynyň gaýtadan taýýarlamak we hünär derejesini ýokarlandyrmak, magistrlary taýýarlamak okuw ugurlary boýunça Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň döredip berýän ajaýyp mümkinçiliklerinden, şertlerinden ugur alyp, ýokary derejede guramaçylykly okuw işlerini durmuşa geçirýär.

Döwlet gullugy akademiýasynda Türkmenistana, onuň halkyna hem-de Türkmenistanyň Prezidentine çuňňur wepalylygy, umumyadamzat gymmatlyklary bilen bagly ýokary medeniýeti we ahlaklylygy terbiýelemek, hukuk we maliýe sowatlylygyny ýokarlandyrmak, çuňňur bilimlere eýe bolan, giň gözýetimli we halkara gatnaşyklarynda ýurduň bähbitlerine mynasyp wekilçilik etmegi başarýan talyplary we diňleýjileri taýýarlamak okuwlary bilen bir hatarda, kämillik okuwlary hem yzygiderli gurnalýar.

Akademiýada guralýan Kämillik okuwlaryna döwletimiziň ösüşine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýan döwlet we jemgyýetçilik işgärleriniň, alymlaryň we mugallymlaryň gatnaşmaklarynda okuwdan daşary myhmanlar çagyrylyp, ylym-bilim, edebiýat we döredijilik duşuşyklary geçirilýär.

2024-2025-nji okuw ýylynyň birinji möwsüminde kämillik okuwlaryny guramak bilen, dürli ugurlarda zähmet çekýän watandaşlarymyzyň birnäçesi her hepdäniň anna günleri okuwlardan daşary akademiýanyň mejlisler otagynda duşuşyklary geçirmek üçin myhmançylyga çagyryldy.

Kämillik okuwlarynyň ilkinji myhmanlary hökmünde “Türkmenkitap” kärhanasyndan Annaoraz Orazseýidow, Myrat Haýtbaýew “Kitap okamagyň peýdalary”, “Wagty dogry ulanmak” ýaly temalardan çykyş etdiler. Milli Liderimiziň: “Adamzadyň geljegi kitaby köp okaýanlaryň elinde bolar” diýen dürdäne setirlerinden ugur alyp, diňleýjileriň we talyplaryň kitap okamaklyga bolan söýgüsini oýarmak, kitap okamaklyga höweslendirmek, wagty dogry ulanmagyň häzirki zaman meseleleriniň üstünde durlup geçildi.

Kämillik okuwlarynyň myhmany Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Mahabat müdirliginiň başlygy döredijilik işgäri, Röwşen Welmiýew gatnaşyjylaryň öňünde ”Aň astyna maýa goýum” atly tema bilen çykyş edip, öz-özüňi kämilleşdirmegiň ýollary, gündelik kitap okamaklyk bilen aň astyna maýa goýmagyň peýdalary, özüňe bolan ynamy pugtalandyrmak, watana bolan söýgini oýarmak ýaly ugurlar barada gymmatly maglumatlaryny paýlaşdy.  

Akademiýanyň kämillik okuwlarynyň hormatly myhmanlarynyň ýene biri mirasgär, mugallym Nurnazar Jumanazarow, ol mugallymlaryň we diňleýjileriň, talyplaryň öňünde “Watançylyk we maşgala” temasy bilen çykyş edip, türkmen halkynyň gadymdan gelýän watançylyk terbiýesi, watançylyk ruhy, milli däp-dessurlar, maşgala gymmatlyklary barada taryhy we durmuş wakalaryň üsti bilen örän täsirli çykyş etdi.

Kämillik okuwlarynyň nobatdaky sanynda özüniň ýazyjylyk we terjimeçilik işinde ussatlygy bilen tanalýan, “Dünýä edebiýaty” žurnalynyň baş redaktory, ýazyjy Rahmet Gylyjow “Watançylyk we döredijilik” temasyndan çykyş etmek bilen watançylyk terbiýesiniň esaslary, döredijiligiň, terjimeçiligiň inçe syrlary, yzygiderli okamaklygyň kämilleşmäge ýetirýän täsiri hem-de jemgyýetçilik aňyny özgertmegiň ýollary bilen bagly meseleler hakynda gyzykly gürrüňleri berdi.

2024-nji ýyl “Pähim-paýhas ummany – Magtymguly Pyragy” ýylynda dünýäniň beýik şahyryny hatyralap, kämillik okuwlaryna ýörite Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, Magtymguly adyndaky Golýazmalar institutynyň ylmy işgäri, magtymgulyşynas Ýusup Lallakow çagyryldy. Ýurdumyzda beýik şahyry we onuň şygyrýetini öwreniji hökmünde tanalýan Ýusup Lallakow “Magtymguly we onuň syrly şygyrýeti” atly temadan çykyş edip, onuň her bir setiriniň altyna barabardygyny, türkmeni dünýä tanatmakdaky ornuny, syrly şygyrýetiniň türkmen halkyna we dünýä halklaryna ýetiren täsiri, geçmiş we gelejek barada aýdan eserleriniň ölmez-ýitmezligi hem-de türkmen halkyny watançylyk ruhunda terbiýelemekdäki, bitewileşdirmekdäki, jebisleşdirmekdäki ähmiýetini giňişleýin düşündirdi. 

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli akademiýada ylmy-amaly maslahat hem geçirildi. Bu çärä Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň kafedrasynyň professory, ykdysady ylymlaryň kandidaty, halypa mugallym Baýramdurdy Taýharow hem akademiýanyň hormatly myhmany boldy. Alym mugallym “Bitaraplyk Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň binýatlaýyn esasydyr” atly tema bilen çykyş edip, türkmen Bitaraplygynyň dünýä ähmiýeti, döwlet syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlary barada örän çuň manyly çykyş edip, ähli gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

Akademiýanyň ähli mugallymlarynyň, diňleýjileriniň we talyplarynyň Bitaraplyk hukuk derejesi bilen bagly gözýetimini giňeltmek, kämilleşdirmek maksady bilen      Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň kafedra müdiri, hukuk ylymlarynyň kandidaty, dosent Aşyrgeldi Jumaýew çagyryldy. Hormatly mugallym “Türkmen Bitaraplygynyň aýratynlyklary” atly temadan çykyş edip, dünýäde bar bolan beýleki bitarap döwletlerden türkmen bitaraplygynyň esasy aýratynlyklary, hukuk derejesi, kanunçylyk esaslary dogrusynda giňişleýin gürrüň etmek bilen gatnaşyjylaryň aňynda täze-täze maglumatlaryň özleşdirilmegine itergi berdi.

Akademiýada Türkmenistanyň şanly Bitaraplygynyň 29 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen ylmy-amaly maslahatda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Begenç Saparowiç Karaýew özüniň “Türkmenistanyň Bitaraplygy: parahatçylygyň we howpsuzlygyň hatyrasyna täze halkara başlangyçlary” atly temada çykyş edip, Türkmenistan döwletiniň daşary syýasatynda bitaraplyk ýörelgeleriň birkemsiz berjaý edilişi, Türkmenistanyň halkara derejesinde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekdäki tutýan orny hem-de halkara başlangyçlarynyň dünýä döwletleri, halkara bileleşigi tarapyndan goldanylmagynyň ähmiýetini giňişleýin beýan etdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň mugallymy, akademiýanyň ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy, şahyr Gülşirin Hanowa “Ynam, Umyt, Söýgi” atly tema bilen mugallymlaryň, diňleýjileriň we talyplaryň öňünde çykyş edip, gatnaşyjylaryň her birinde ynam, umyt, söýgi diýen düşünjeleriň giň manysyny düşündirmek arkaly öz-özüňe bolan ynamy berkitmegiň, jemgyýetiň ynamyny gazanmagyň, hiç haçan umytdan daşlaşmaly däldiginiň, Watana, halka, ene-ata bolan söýginiň beýikliginiň, çäksizliginiň aýratynlyklary, inçe syrlary barada özüniň söz ussatlygy we şygyrlarynyň üsti bilen beýan edip, gatnaşyjylaryň ruhuny göterdi.  Aýratyn hem çykyşyň ahyrynda şahyryň “Watan” atly täze ýazan şygry ähli gatnaşyjylary duýgulandyrdy.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň “Ýaş telekeçiler merkeziniň” utgaşdyryjysy, jemgyýetçi, mugallym Merdan Ataýew hem “Mugallymçylyk we kämillik” atly tema bilen akademiýada myhmançylykda boldy. Merdan mugallym öz çykyşynda yzygiderli kämilleşmegiň ýollary, Watany söýmek, oňa wepaly gulluk etmek we döwletiň ösüşine halal zähmet çekip goşant goşmak we ýaşlaryň bu babatdaky düşünjelerini ýokarlandyrmak meseleleriniň üstünde durup geçdi.

  Akademiýada geçirilen bu kämillik okuwlar mugallymlar, diňleýjiler we talyplar üçin örän uly ähmiýete eýe boldy. Kämillik okuwlarynda edilen çykyşlar gatnaşyjylaryň her birinde, aýratynam, döwlet gullukçylarynda  watançylyk ruhuny ösdürmek, watana, halka, Milli Liderimize, hormatly Prezidentimize wepaly hyzmat etmek, özbaşdak pikirlenmek ukybyny kämilleşdirmek, kitaba bolan söýgini oýarmak, yzygiderli okamak we döredijilik bilen meşgullanmak işlerinde uly itergi berdi.

Kämillik okuwlaryna gatnaşan myhmanlar we ähli gatnaşyjylar Milli Liderimize, hormatly Prezidentimize jan saglyk, uzak ömür, halk bähbitli, ýurt ähmiýetli alyp barýan döwlet syýasatlarynda rowaçlyklary arzuw etdiler.

Döwlet we halkara hukugy kafedrasynyň

uly mugalymy Küläýew Ýazmyrat


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2026 Ähli hukuklar goralan.