Döwlet gullukçylary söwdanyň durnuklylygy we integrasiýa boýunça okuw maslahatyna gatnaşdylar

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda giň gerimli ykdysady özgertmeler, halkara ykdysady gatnaşyklary ösdürmek we dünýä hojalyk ulgamyna işjeň goşulyşmak boýunça alnyp barylýan işler täze tapgyra gadam basdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Bütin dünýä Söwda Guramasyna (BSG) agza bolmagy bilen baglanyşykly durmuşa geçirilýän işler döwletimiziň daşary ykdysady syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Hut şu nukdaýnazardan ugur alyp, 2026-njy ýylyň 25-26-njy maýy aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň professor-mugallymlarynyň we diňleýjileriniň, şeýle-de  Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň wekilleriniň gatnaşmagynda, BMG-niň Halkara söwda merkeziniň guramagynda «Türkmenistan: söwdanyň durnuklylygy we integrasiýasy» atly bilelikdäki taslamanyň çäklerinde uzak aralykdan sanly wideoaragatnaşyk arkaly okuw maslahatlary geçirildi. Bu çäre ýurdumyzyň halkara gatnaşyklaryny ösdürmek we döwlet gullukçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen guraldy.

Okuw maslahatynyň dowamynda «Bütindünýä söwda guramasy we goşulyşmak boýunça gepleşikler» temasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň hem-de Halkara söwda merkeziniň wekilleri gutlag we giriş sözleri bilen çykyş etdiler.

Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Bütindünýä Söwda Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk täze many-mazmuna eýe boldy. Ýurdumyzda dünýä ykdysadyýetine sazlaşykly goşulyşmak, halkara söwda gatnaşyklarynda döwrebap ýörelgeleri has doly ornaşdyrmak, daşary söwda ulgamyny kämilleşdirmek hem-de milli kanunçylygy halkara kadalara laýyk getirmek boýunça degişli işler amala aşyrylýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistana 2020-nji ýylda BSG-de synçy döwlet derejesi berildi. 2021-nji ýylda bolsa ýurdumyz gurama resmi taýdan agza bolmak üçin ýüz tutdy. 2022-nji ýylda BSG-niň Baş geňeşi tarapyndan “goşulýan ýurt” derejesi berildi hem-de BSG-niň Sekretariatynda Türkmenistanyň bu gurama goşulyşmagy boýunça Iş topary döredildi. Türkmenistanyň BSG-ä agza bolmagy diňe bir halkara ykdysady hyzmatdaşlykda ýurdumyzyň ornuny berkitmek bilen çäklenmän, eýsem, milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge hem giň şertleri döreder. Bu işleriň alnyp barylmagy milli ykdysadyýetiň açyklygyny üpjün etmekde, hususy pudagyň ösdürilmeginde we döwrebap bazar gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagynda möhüm ähmiýete eýedir.

Geçirilen okuw maslahatynda halkara ykdysady hukuk ulgamynda dünýä derejesindäki abraýly bilermen, Sýan Sýaotun uniwersitetiniň professory Piter Wan den Boş çykyş etdi. Okuwlaryň birinji gününde «2026-njy ýylda halkara söwda we köptaraplaýyn söwda ulgamynyň çökgünligi» hem-de «Bütindünýä söwda guramasy we onuň esasy wezipeleri» atly temalar boýunça gürrüň  edildi. Onda söwdanyň häzirki ýagdaýy, halkara söwdadaky näbellilikleriň sebäpleri, BSG-niň dörediliş taryhy, gepleşikler üçin meýdança hökmündäki orny, jedelleri çözmek ulgamy we söwda syýasatyny seljermek mehanizmi  baradaky maglumatlar hakynda giňişleýin durlup geçildi. Esasy amaly üns BSG-niň düýpli kadalaryny jikme-jik seljermäge gönükdirildi. Olaryň hatarynda iň amatly şertli düzgün we milli düzgün ýörelgeleri, şeýle hem daşary ýurt harytlarynyň we hyzmatlarynyň içeri bazarlara elýeterliligini üpjün etmegiň hukuk we ykdysady inçelikleri bar.

Okuwyň ikinji gününde Piter Wan den Boş tarapyndan üçünji bölüm — «BSG-niň düzgünlerine syn» geçirildi. Bu bölümde bazara giriş, harytlar üçin tarif derejeleri, hyzmatlar boýunça borçnamalar, şeýle-de BSG-niň esasy ýörelgeleri bolan «iň oňaýly şertler düzgüni» we «milli düzgün» barada giňişleýin maglumat berildi. Şeýle hem gatnaşyjylar söwda syýasatynyň üýtgemegi boýunça amaly okuw sapagyny ýerine ýetirdiler.

Şeýle-de okuw maslahatynyň dowamynda Halkara söwda merkeziniň işgäri tarapyndan «BSG-ä goşulmak we agza bolmagyň artykmaçlyklary» temasy düşündirildi. Onda BSG-ä goşulmagyň tapgyrlary, gepleşikleriň üç esasy ugry, şeýle hem gurama agza bolmagyň mümkinçilikleri we ýüzbe-ýüz bolunýan kynçylyklar barada jikme-jik durlup geçildi.

Şeýle abraýly maslahatlaryň geçirilmegi döwlet gullukçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmaga we Türkmenistanyň ählumumy ykdysady ulgama üstünlikli integrasiýalaşmagy hem-de halkara söwda meýdançalarynda milli bähbitleri goramagy üçin zerur bolan kuwwatly intellektual binýady kemala getirmäge mümkinçilik berýär.


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2026 Ähli hukuklar goralan.