2024-nji ýylyň 9-10-njy maýy aralygynda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikde “Ýaşyl howa gaznasynyň” we Germaniýanyň daşary işler ministrliginiň esaslandyran “Ýaşyl merkezi Aziýa” başlangyjynyň maliýe howandarlygynda «Türkmenistanda uýgunlaşmany meýilleşdirişiň milli prosesiniň kämilleşdirilişi» atly maksatnamany ýerine ýetirmegiň çäklerinde Aşgabat şäheriniň we Daşoguz welaýatynyň suw gorlary üçin howa töwekgelçiliklerine baha bermegiň esasynda “Türkmenistanda we Merkezi Aziýada suw-energiýa-iýmit-ekosistemalar gurşawynda howanyň çydamlylygyny güýçlendirmek” atly iş duşuşygy geçirildi.
Taslamanyň umumy maksady – milli uýgunlaşma meýilnamalary (MUM) işläp taýýarlamak arkaly Türkmenistanyň uýgunlaşmak we durnuklylyk ukybyny pugtalandyrmakdan ybaratdyr. Iş duşuşygyna Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Türkmenistanyň suw hojalygy baradaky Döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň wekilleri gatnaşdylar.
Mälim bolşy ýaly, howanyň üýtgemegi kaskadly täsirler bilen gidrologiki ulgamlara we oba hojalygyna uly howp salýar. Giň çöl landşaftlary we oba hojalygy bolan Türkmenistan sebitleýin pikir alyşmalar we çözgütler üçin nusgalyk – model hökmünde çykyş edip biler. Bu iş duşuşygyň geçirilmeginiň maksady, howanyň üýtgemegi, gidrologiýa we oba hojalygy bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin häkimiýetleri, gözlegçileri we tejribeçileri öz içine alýan esasy gyzyklanýan taraplary birleşdirmekde jemlenýär. Başgaça aýdanda Türkmenistanda we Merkezi Aziýada howanyň durnuklylygyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.
Iş duşuşygynda iki günüň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynyň halkara ekspertleriniň, Ýaşyl merkezi Aziýa (GIZ) maksatnamasynyň ekspertleriniň, Howanyň üýtgemegi boýunça Potsdam gözleg institutynyň (RIK) ekspertleriniň, Germaniýanyň ýer gözleg ylmy merkeziniň ekspertleriniň we beýlekileriň çykyşlary diňlendi.
Taslama, uýgunlaşma meýilnamalaryny we çärelerini, şeýle hem suw pudagynda uýgunlaşmagy meýilleşdirmek üçin subut ediji binýady güýçlendirmek babatynda netijeli çözgüt kabul etmek üçin zerur bolan maglumatlary bermek maksady bilen, milli utgaşdyryjy gurluşy we dolandyryş prosesini işläp taýýarlamaga gönükdirilendir.
BMGÖM/GCF "Türkmenistanda milli uýgunlaşma meýilnamalaşdyryş prosesini ösdürmek" taslamasynyň çäginde geçirilen Türkmenistanyň suw baýlyklary üçin howa töwekgelçiligini we gowşaklygy bahalandyrmak (CRVA), subutnamalar binýadyny berkitmek üçin bolup biljek çäreleriň gowy mysaly bolar we uýgunlaşmagy meýilleşdirmek üçin we NAP prosesi üçin ygtybarly esas döreder.