«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bedew batly ösüşlere beslenýän eziz Diýarymyzda baýramçylyklar goşa-goşadan gelýär. Ýurdumyzda bellenýän iň bir ajaýyp seneleriň biri 18-nji maý — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň günüdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hukuk ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär. Adamlaryň we raýatlaryň konstitusion hukuklarynyň goraglylygy kanuna esaslanýan netijeli usullar we serişdeler bilen berkidilýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli 2024-nji ýylyň 13-nji maýynda mugallymlaryň, diňleýjileriň, talyplaryň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda «Esasy Kanunyň hem-de milli kanunçylygyň kämilleşdirilişiniň tapgyrlary» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Maslahatda çykyş edenler Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň milli kanunçylygyň hukuk binýadyny emele getirýändigi, döwlet gurluşynyň ösdürilmeginiň esasy ugurlaryny, wekilçilikli we ýerine ýetiriji edaralaryň ygtyýarlyklaryny we ýörelgelerini, adamlaryň we raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny we borçlaryny kesgitleýändigi barada belläp geçdiler.
Ylmy-amaly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň ýörelgelerini hem-de kadalaryny durmuşa geçirmekde giň gerimli işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.
