Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleri Ankara şäherinde saparda bolýarlar

19-njy ýanwarda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileri Döwlet we halkara hukugy kafedrasynyň uly mugallymy Ýazmyrat Küläýewiň  ýolbaşçylygynda  Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň Adam serişdeleri edarasynyň çakylygy bilen Ankara şäherine sapara ugradylar. 26-njy ýanwara çenli dowam etjek sapar 2023-nji ýylda Ankara şäherinde gol çekilen Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen   Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň Adam serişdeleri edarasynyň arasynda adam serişdelerini dolandyrmak babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde amala aşyryldy. Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerindäki Türki dünýäsiniň adam serişdesini ösdürmek institutynyň (TIKGE) ilkinji maslahaty hem geçirildi. Duşuşyk Türkiýäniň Milli prezident kitaphanasynda geçirilip, oňa Türkmenistanyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň döwlet gullugy we döwlet dolandyryş akademiýalarynyň wekilleri gatnaşdy.

 Geçirilen duşuşygyň açylyş dabarasynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň Adam serişdeleri edarasynyň ýolbaşçysy Salim Ataý Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň Adam serişdeleri edarasy tarapyndan guralan bu duşuşygyň  4 ýurduň wekilleri bilen Türkiýede geçirilen ilkinji duşuşykdygyny mälim etmek bilen, " Munuň özi myhmanlar üçin biziň ýurdumyzdaky degişli edaralaryň we ministrlikleriň alyp barýan işleri bilen tanyşmaga, adam serişdelerini dolandyrmak bilen bagly okuwlary geçirmeklige we hyzmatdaşlygy ilerletmeklik üçin  mümkinçilik boldy " – diýip, öz çykyşynda belledi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekillerinden ybarat bolan wekiliýete ýolbaşçylyk eden akademiýanyň uly mugallymy Ýazmyrat Küläýew hem duşuşykda çykyş edip,  Türkiýede görkezilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny bildirdi. Maksatnamanyň çäginde geçiriljek gepleşikleriň iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrjakdygyny belläp, bilelikdäki taslamalar üçin berk binýatlaryň dörediljekdigine doly ynanýandyklaryny mälim etdi.

Medeni maksatnamanyň çäginde akademiýanyň wekilýeti Stambulyň we Ankaranyň ajaýyp ýerleri bolan Aýasofiýa muzeýine, Soltan Ahmed metjidine, Topkapy köşküne, Türkiýäniň milli Prezident kitaphanasyna syýahat etdi we Türkiýäniň baý taryhy mirasy bilen tanyşyp  ýadygärlik surata düşdi. Sapar 26-njy ýanwara çenli dowam eder.


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2025 Ähli hukuklar goralan.