Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň mugallymlaryndan we diňleýjilerinden düzülen wekiliýet, Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň Adam serişdesini dolandyrmak edarasynyň taýýarlan Bilim meýilnamasyna laýyklykda, 2025-nji ýylyň 19-njy ýanwaryndan 26-njy ýanwary aralygynda Ankarada okuw-tejribe sapaklaryna gatnaşdy.
Bu iş sapary 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň Adam serişdelerini dolandyrmak edarasynyň arasynda baglaşylan Ähtnamanyň esasynda amala aşyryldy.
Iş saparyň çäklerinde Türkiýe Respublikasynyň Içeri işler, Saglyk, Milli bilim, Maşgala we Sosial hyzmatlary, Oba we tokaý hojalygy, Ulag we aragatnaşyk, Medeniýet we syýahatçylyk hem-de Daşky gurşaw, şäherleşme we howanyň üýtgemegi ministrliklerinde bolmak bilen ýörite okuw sapaklary geçirildi. Okuw sapaklarynda degişli ýolbaşçylaryň we hünärmenleriniň gatnaşmaklarynda ministrlikleriň gurluş-düzümi, ýerine ýetirýän döwlet wezipeleri, dünýä derejesindäki tutýan orny, dolandyryşda ýetilen sepgitleri we beýleki amala aşyrylýan işleri bilen giňişleýin tanyşdyryldy.
Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň Adam serişdelerini dolandyrmak edarasyna degişli bolan, e-insan (elektron hökümet) platformasy we onuň üsti bilen bilim ulgamy boýunça ýerine ýetirilýän döwlet hyzmatlary, işleýiş şertleri bilen tejribe-görkezme usulynda tanyşdyryldy.
Bilşimiz ýaly E-insan platformasy öz içinde döwlet hyzmatlarynyň ýedi görnüşini jemleýär: Milli tejribe maksatnamasy, Hünär derwezesi, uzak aralyk bilim derwezesi, zehin derwezesi, YTNK teleýaýlymy, ÜNİ-VERİ we DABİS ýaly bilim we iş durmuşy bilen baglanyşykly karýera hyzmatlarynyň sanly hyzmat nokady, Prezidentiň adam serişdelerini dolandyrmak edarasy tarapyndan işlenip düzülen, deň mümkinçilikler esasynda hödürlenýär. Platformanyň bu hyzmatlarynyň her biri barada aýratyn durlup geçilende:
- Milli tejribe maksatnamasy (ulusal staj programi).
Bu, zehinli ýaşlaryň mümkinçilikleriň deňliginiň çäginde we hünär ýörelgelerine laýyklykda, döwlet edaralary we hususy pudak guramalary tarapyndan hödürlenýän kär mümkinçiliklerinden peýdalanmagyny üpjün etmek üçin Adam serişdelerini dolandyrmak edarasy tarapyndan amala aşyrylan irki kär maksatnamasydyr. Maksatnamanyň üsti bilen, ýaşlaryň iş şertlerini ýokarlandyrmak, kär saýlamakda deň mümkinçilikleri goldamak we döwlet we hususy edaralarda irki kär mümkinçiliklerini giňeltmek maksat edinilýär. Maksatnama ýüz tutýan talyplaryň, okuw döwründäki çykyşlaryny, başarnyklaryny we gazanan üstünliklerini göz öňünde tutup, akademiki, hünär, çeper, jemgyýetçilik we sport ussatlyk derejelerine esaslanyp, olara aç-açan innowasiýa usuly bilen baha berilýär. Beýleki tarapdan, iş berijiler, degişli kär derejelerinde alan bahalaryna esaslanyp talyplara teklip iberýärler. Bu maksatnama, ençeme ýaşlara entek talyp wagty iş durmuşyny başdan geçirmäge we irki kär derejesini almaga mümkinçilik berýär.
- Hünär derwezesi (kariyer kapisi).
Prezidentiň adam serişdelerini dolandyrmak edarasy tarapyndan işlenip düzülen we elektron hökümetiň integrasiýasy bilen işleýän hünär derwezesi - işe almak, döwlet edaralarynda kär mümkinçiliklerini köpçülik bilen aç-açan paýlaşmaga şertleri döredýän onlaýn platformasydyr. Platformanyň üsti bilen boş iş orunlary we arza bermek, baha bermek, işe ýerleşdiriş amallary köpçülik bilen has netijeli paýlaşylýar. Şeýlelik bilen, işe ýerleşmekdäki dürli päsgelçilikleri aradan aýryp, iş ýerlerine girmegi aňsatlaşdyrmak, amaly programmalary standartlaşdyrmak, baha bermek mümkinçiligini ýokarlandyrmak we aç-açanlyk ýörelgeler, usullar bilen işe almak proseslerini goldamak maksat edinilýär.
- Uzak aralykdan bilim derwezesi (uzaktan egitim kapisi).
Bu bilim portaly özüniň millionlarça agzasy, otuz bäş müň dürli derslerden wideo sapaklary bilen Türkiýe Respublikasynyň iň uly uzak aralykdan bilim almaga mümkinçilik döredýän taslamasydyr. Bu taslamanyň üsti bilen dürli kärlere degişli bolan ýokary derejede taýýarlanan okuw dersleri bilen öz-özüňi kämilleşdirmäge, dürli synaglary tabşyrmaga we şahadatnamalara eýe bolmaga mümkinçilik berýär.
- Zehin derwezesi (yetenek kapisi).
Ýaşlar, iş berijiler, hünär merkezleri, sanly özara täsir platformasy. Ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we uçurymlary üçin müňlerçe iş berijiniň kär mümkinçilikleri barada tiz habarly bolmak we uniwersitetiň kär merkezi tarapyndan hödürlenýän hyzmatlardan aňsatlyk bilen peýdalanmak isleýänler üçin, Zehin derwezesi ajaýyp mümkinçilikdir. Bu sanly hyzmatda bir gezek düwmä basmak bilen iş-tejribe ýazgylaryna, kär maslahat berişlerine, kär ýarmarkalaryna, çärelere we başga-da köp zatlardan peýdalanyp bolýar.
- YTNK teleýaýlymy (ytnk TV).
Iş, tälim we kär bilen bagly degişli wideolar bilen ünsüňi çekýär. Özüňi ösdürmek üçin zerur bolan dersler, taslama bäsleşikleri we beýleki ýaýlymlary bilen YTNK teleýaýlymynda tanşyp hem-de peýdalanyp bolýar.
- Uniweri (Univeri).
Ýokary okuw mekdeplerinde okaýan uçurymlaryň zähmet bazarynda, bölümlere görä baha berýän UNİ-VERİ, bilimini dowam etdirýän ýaşlara we degişli hünärmenlere, esasanam uniwersitet saýlajak talyplara gönüden-göni peýdaly bolup biljek milli taslama. Uçurymlaryň zähmet bazaryndaky görkezijilerine "ilkinji iş tapmagyň wagty", "iş derejesi", "kär derejesine laýyk gelmezlik" we "jemgyýetçilik iş ýerleriniň derejesi" ýaly 15 dürli görkeziji arkaly baha bermek, UNİ-VERİ ýaş zehinlere döwrebap bolmak mümkinçiligini berýär.
- Dabis (dabis).
Bu taslamanyň maksady: Prezidentiň adam serişdelerini dolandyrmak edarasy tarapyndan işlenip düzülen bu taslama, orta bilimden başlap, ýokary okuw mekdebini gutarandan soňky döwri öz içine alýan ýaş zehinlere goldaw berýän maksatnamadyr. Edara tarapyndan durmuşa geçirilýän irki kär goldawy modeli, zähmet bazarynyň zerurlyklaryny kanagatlandyrýan we zehinleri dolandyrmak işlerini netijeli meýilleşdirýän ökde zehinleri taýýarlamaga goşant goşýar. Irki karýera goldaw modeliniň ilkinji ädiminde durýan DABİS, karýera geňeşçileriniň ýolbaşçylygynda 19 sany dürli zähmet bazaryndaky görkezijiler bilen ýaş zehinleriň karýera syýahatyny goldaýar.
E-insan hyzmat platformasynyň mümkinçiliklerinden diňe bir Türkiýe Respublikasynyň raýatlary dälde, türki döwletleriniň ähli raýatlaryna peýdalanmak mümkinçilikleri döredilipdir.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän ajaýyp şertleriniň esasynda bu ugurda köp işler durmuşa geçirildi. Şunuň ýaly platformalaryň iş tejribesini öwrenip, Türkmenistan döwletimizde durmuşa geçirilen işleri has-da kämilleşdirip bolar.
Ankarada geçirilen okuw-tejribe sapaklary örän netijeli amala aşyryldy, iki taraplaýyn tejribe alyşmaga, bu çärä gatnaşan özbek we gyrgyz wekiliýetleriniň agzalaryny hormatly Prezidentimiziň döwlet dolandyrylyşy bilen bagly ýurdumyzda alyp barýan giň möçberli özgertmeleri bilen tanyşdyrmaga hem esas boldy.