14-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň gurnamagynda “Türkmen Bitaraplygy – halkara parahatçylygyň we durnukly ösüşiň dabaralanmasy” atly maslahat geçirildi. Maslahata dürli pudak edaralarynyň wekilleri, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň professor-mugallymlary, diňleýjileri we talyplary gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler 2024-nji ýylda ýetilen sepgitler, ýurdumyzda alnyp barylýan işler barada giňişleýin durup geçdiler.
Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monakonyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga mynasyp bolan türkmen ýigitlerini hem agzap geçdiler. Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky atçylyk sirkinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň adyndan 17 müň ýewro möçberinde pul baýragynyň gowşurylandygy, şeýle hem bu toparyň hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan 3 million manat möçberinde pul baýragy bilen sylaglanandygy aýdyldy.
2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyryldy. Munuň özi türkmen halkynyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgesiniň ösdürilýändiginiň aýdyň beýany bolup durýar. Maslahatda çykyş edenler “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynyň ilkinji aýyndaky üstünlikleriň dowamly bolmagyny, Watanymyzyň mundan beýläk-de bedew bady bilen öňe gitmegini arzuw etdiler.
Maslahata gatnaşyjylaryň eden çykyşlary Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileri üçin diýseň täsirli boldy. Maslahatyň ahyrynda ýurdumyzyň abraýynyň has-da dabaralanmagy ugrunda alyp barýan umumadamzat bähbitli işleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdyldy.
