Döwlet gullukçylary arhiw işi boýunça okuw sapagyna gatnaşdylar

20-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileriniň gatnaşmagynda Arkadag şäheriniň Döwlet arhiwinde "Edara-kärhanalarda iş dolandyryşy alyp barmagyň düzgünleri" atly okuw maslahaty geçirildi. Onda Döwlet arhiwiň hünärmenleri çykyş etdiler. Çykyşlarda diňleýjilere resminamalaryň at ýazgylary, olaryň dolanyşygy dogrusynda gyzykly maglumatlar ýetirildi. Şeýle-de bu babatda degişli edebiýatlar salgy berildi. Hünärmenleriň çykyşlaryndan soňra Arkadag şäheriniň Döwlet arhiwiniň döwrebap özboluşlylygyny açyp görkezýän wideo ýazga tomaşa edildi. Sebitde deňi-taýy bolmadyk akylly şäheriň mümkinçilikleri bilen birlikde, onda arhiwiň iş şertleri hem öz beýanyny tapdy. Wideo ýazga tomaşa edilenden soňra diňleýjiler bilen hünärmenleriň arasynda sowal-jogap alyşyldy. Onda hem diňleýjiler resminamalary dolandyrmak boýunça özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen hünärmenlere ýüzlendiler. Öz gezeginde Arkadag şäheriniň Döwlet arhiwiniň hünärmenleri diňleýjileriň sowallaryna anyk jogaplary berdiler. Okuw maslahaty tamamlandan soň, amaly okuwyň tejribesi bilen hem tanşyldy. Diňleýjiler Döwlet arhiwiň bölümlerine aýlanyp gördüler. Ol ýerde degişli hünärmenler häzirki zaman innowasiýalar arkaly resminamalaryň arhiw edilişini, sanlylaşdyrma otagynda tabşyrylan iş kagyzlaryň tertiplenişi, nusgasynyň alnyşy görkezildi. Bu diňleýjileriň nazary we amaly bilimleriniň iş ýüzünde durmuşa geçirilişini doly açyp görkezdi. Şol bir wagtyň özünde bu geçirilen okuw maslahaty diňleýjilerde uly täsir galdyrdy. Resminama dolanyşygynyň ähmiýeti hakyndaky garaýyşlaryny has-da çuňlaşdyrdy. Munuň üçin bolsa diňleýjiler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny aýtdylar.


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2025 Ähli hukuklar goralan.