Akademiýanyň magistr bilim maksatnamasy boýunça taýýarlygyň
aşakdaky ugurlaryna talyplyga kabul edýär:
– 5.37.04.24   sanly dolandyryş, okuwyň möhleti – 1 ýyl; (Kär häsiýetnamasy)

– 5.39.04.04   konstitusiýa hukugy, okuwyň möhleti – 1,5 ýyl; (Kär häsiýetnamasy)
 
– 5.37.04.25   döwlet dolandyryş, okuwyň möhleti – 2 ýyl. (Kär häsiýetnamasy)

 
Okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.

Akademiýa taýýarlygyň «Sanly dolandyryş» ugry boýunça kompýuter tehnologiýalary, ykdysadyýet we dolandyryş çygrynda ýokary bilimden pes bolmadyk, taýýarlygyň «Döwlet dolandyryşy» ugry boýunça ykdysadyýet we dolandyryş çygrynda ýokary bilimden pes bolmadyk, taýýarlygyň «Konstitusiýa hukugy» ugry boýunça hukuk çygrynda ýokary bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde 2023-nji ýylyň 16 — 28-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

  • bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
  • bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
  • ýokary bilim baradaky resminamanyň we goşundysynyň asyl nusgalary (daşary ýurt döwletinde berlen ýokary bilim hakyndaky resminama onuň Türkmenistanda ykrar edilendigi baradaky şahadatnamasy goşulýar);
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
  • soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
  • 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
  • işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

  • pasportyny;
  • harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.
Akademiýanyň resminamalary kabul edýän iş topary zerur bolan ýagdaýynda dalaşgärden goşmaça maglumatlary sorap biler.
Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek akademiýada (Aşgabat ş.) 2023-nji ýylyň iýul aýynyň 30 – 31-ine geçirilýär.
Giriş synaglary ýokary bilimiň okuw maksatnamasy esasynda şu aşakdaky dersler boýunça döwlet dilinde geçirilýär:
taýýarlygyň ugry: «Sanly dolandyryş» – kompýuter sowatlylygy, Türkmenistanda döwletiň we hukugyň esaslary;
taýýarlygyň ugry: «Döwlet dolandyryşy» – jemgyýetçilik ylymlarynyň esaslary, Türkmenistanda döwletiň we hukugyň esaslary;
taýýarlygyň ugry: «Konstitusiýa hukugy» – jemgyýetçilik ylymlarynyň esaslary, Türkmenistanda döwletiň we hukugyň esaslary.
Bellenilen wagtda giriş synagyna esassyz sebäplere görä gelmediklere goşmaça mümkinçilik berilmeýär.
Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça magistr maksatnamasyna talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan saýlan taýýarlygynyň ugry boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş döwri bolanlar peýdalanýarlar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň salgysy: Aşgabat şäheriniň (1987) Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly, 112.
Telefon belgileri: 49-84-76, 49-88-46.
Image
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2024 Ähli hukuklar goralan.