Hemişelik Bitaraplyk – parahatçylyk, durnukly ösüş, nurana ýol

1-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidentiniñ ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň Merkezi Aziýada we dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy pugtalandyrmakda orny” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa akademiýanyň mugallymlary, diňleýjileri, talyplar, şeýle-de ýurdumyzyň dürli ministrliklerinden, pudak edaralaryndan hünärmenler, ýokary okuw mekdeplerinden professor mugallymlar, ylmy-barlag institutlaryň alymlary, ylmy işgärleri gatnaşdylar.

Ylmy-amaly maslahatyň başynda Türkmenistanyñ Prezidentiniñ ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyñ rektory A. Annamyradow giriş sözi bilen çykyş edip, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara derejesinde, şeýle-de jemgyýetiň ähli ugurlarynda ösüşlere ýetmekdäki ähmiýeti dogrusynda belläp geçdi. Bellenilişi ýaly, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi ykrar edildi. Bu karar diňe bir ýurdumyz üçin däl, eýsem tutuş dünýä jemgyýetçiligi üçin parahatçylyk, hoşniýetlilik we özara hormat ýörelgeleriniň dabaralanmagydyr. Häzirki wagtda Türkmenistan ýurtlaryňdyr halklaryň arasyndaky parahatçylygy we ynanyşmagy ählumumy ösüşiň iň ýokary gymmatlygy we hökmany talaby diýip kabul edýän döwlet hökmünde tanalýar. Çünki hut parahatçylyk hem ynanyşmak umumy dünýä ösüşiniň, abadançylygyň kepili bolup, munuň özi Bitarap Watanymyzyň daşary syýasat strategiýasyny, türkmen diplomatiýasynyň iş ýüzündäki ädimlerini-de kesgitleýär. Parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmek wezipesi Türkmenistanyň syýasatda, ykdysadyýetde, ynsanperwer ugurda alyp barýan ähli halkara işleriniň, dünýä giňişliginde ileri tutýan dünýägaraýşynyň esasy özenini düzýär.

Maslahatyň barşynda ýurdumyzyň dürli pudaklaryndan wekiller, ýokary okuw mekdeplerinden professor mugallymlar, alymlar çykyş etdiler. Çykyş edenleriň hatarynda Türkmenistanyň Gahrymany, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rustemowa, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory, h.y.d. Ýagmyr Nuryýew, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi, Türkmenistanyň ussat diplomaty, professor, taryh ylymlarynyň doktory, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty, Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyñ müdiri Amangeldi Rahmanow, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň mugallymy Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurberdi Amanmyradow, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalarynyň durmuş-zähmet hukuklaryny goramak bölüminiň müdiri, ý.y.d., professor Türkmenistanyň at gazanan ýuristi Myrat Haitow, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň agzasy Allaýar Omarow, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň “Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa” kafedrasynyň uly mugallymy, f.y.k. Begenç Karaýew, Türkmenistanyñ Prezidentiniñ ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyñ Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy Gülşirin Hanowa bar. Çykyş edenleriň bellemegine görä, oňyn Bitaraplyk syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagy parahatçylygy pugtalandyrmaga, gepleşikleri ösdürmäge we sebitleýin hem-de ählumumy durnukly ösüşe ýardam berýär. Bu syýasat parahatçylygy, dialogy, özara hormat goýmagy baş ugur edinýän türkmen halkynyň taryhy mirasyna we däp-dessurlaryna esaslanýar. Bitaraplyk ýörelgeleri dürli ulgamlarda, şol sanda ykdysady, durmuş, medeni, ekologiýa ulgamlarynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen köp sanly başlangyçlarda öz beýanyny tapýar. Şeýle-de maslahatda çykyş edenler BMG-niň üç Kararnamasy bilen ykrar edilen Türkmenistanyň Bitaraplygynyň ýurduň garaşsyz daşary syýasatynyň binýady bolup durýandygy we ählumumy durnuklylyga hem-de özara düşünişmäge ymtylmagynyň nyşany bolup galýandygy barada nygtadylar. Bu syýasat sebitde we dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy, ösüşi üpjün etmäge möhüm goşant goşýar.

Ylmy-amaly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmak ugrunda netijeli işleri durmuşa geçirýän, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar.

Ylmy-amaly maslahatyň esasy bölümi tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen aýdym-sazly konsert dabara gatnaşyjylaryň baýramçylyk ruhuny has-da beýgeltdi.

Ylmy-amaly maslahat öz işini “Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary“ we “Türkmen Bitaraplygy – umumadamzat parahatçylygynyň ýörelgesi” atly iki bölümçede dowam etdi.


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2026 Ähli hukuklar goralan.