Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy "Garaşsyz döwletleriň (post-sowet) ýurtlarynda döwlet dolandyryşynyň ewolýusiýasy" atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy "Garaşsyz döwletleriň (post-sowet) ýurtlarynda döwlet dolandyryşynyň ewolýusiýasy" atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşdy

Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Halk hojalygy we Döwlet gullugy akademiýasynyň başlangyjy bilen "Garaşsyz döwletleriň (post-sowet) ýurtlarynda döwlet dolandyryşynyň ewolýusiýasy" atly kitap ýazyldy. Garaşsyz döwletleriň ählisi (post-sowet) bu kitaby ýazmaga gatnaşdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň professor-mugallymlary garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň durmuşynyň köp ugurlarynda, ilkinji nobatda, döwlet dolandyryşynda, ykdysadyýetde we kanunlary rejelemekde ýurduň üstünligine bagyşlanan kitabyň bir bölümini ýazmaga uly goşant goşandygyny bellemelidiris.

2021-nji ýylyň 14-15-nji ýanwarynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Halk hojalygy we Döwlet gullugy akademiýasynda yzygiderlilikde "Russiýa we bütin dünýä pandemiýadan soň " atly Gaýdar forumy geçirildi. Garyşyk görnüşde (onlaýn we oflaýn) geçirilen Gaýdar forumynyň tapawutly aýratynlygy "Garaşsyz döwletleriň (post-sowet) ýurtlarynda döwlet dolandyryşynyň ewolýusiýasy" atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasynyň geçirilmegi boldy. Bu kitabyň ara alnyp maslahatlaşylmagyna Azerbaýjanynyň, Ermenistanynyň, Belarusiýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Moldowanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň akademiýalarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary gatnaşdy.

Sanly wideo aragatnaşygy görnüşinde geçirilen forumyň "Garaşsyz döwletleriň (post-sowet) ýurtlarynda döwlet dolandyryşynyň ewolýusiýasy: 1991-2021" bölüminde ýokarda ady agzalan döwletleriň rektorlary bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Döwlet gullugy akademiýasynyň rektory Alym Annamuradow hem çykyş edip, forumyň gatnaşyjylaryna garaşsyzlyk döwründe türkmen döwletiniň ösüşiniň ewolýusiýasy barada giňişleýin gürrüň berdi. Bu bolsa ýurdumyzyň diňe garaşsyz döwletleriň giňişliginde däl, eýsem, halkara derejesinde dünýä arenasynda-da okgunly ösýän ýurlaryň hatarynda durýandygyna şaýatlyk edýär.

Çykyşda bellenişi ýaly, 2021-nji ýyly Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň parasatly ýolbaşçylygynda ýurduň durmuş-ykdysadyýetiniň okgunly ösüşini tizleşdirýän, halkara derejesinde abraýyny ýokarlandyrýan möhüm toplumlaýyn strategiki maksatnamalar durmuşa ornaşdyrylýar.

Eksport mümkinçiliklerini we halkyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen dürli pudaklarda, ýagny ýangyç we energiýa toplumynda, ulag we aragatnaşyk pudagynda we beýleki ulgamlarda uly göwrümli taslamalar ýokary derejede durmuşa geçirilýär.

Çykyşyň dowamynda Akademiýanyň rektory foruma gatnaşyjylaryň ünsüni milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde başlanan uly özgerişlikleriň häzirki döwürde Türkmenistanyň okgunly ösýän döwletleriň hatarynda durýandygyna çekdi. Şeýle-de, Garaşsyz Bitarap Türkmenistanda demokratik prosesleri döwlet dolandyryş ulgamynyň özgertmeleriniň we wezipeleriniň netijeli durmuşa geçirilýändigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň durnukly ösüşine we dünýä geosyýasy we geo-ykdysady ösüşlerine özara peýdaly integrasiýa goşant goşýan köp ösen ýurtlaryň öňdebaryjy tejribesini yzygiderli öwrenýändigi we durmuşa geçirýändigi nygtaldy. Bu ugurda möhüm ädim hökmünde milli Parlamentiň iki palataly gurluşyna geçmek we kanun çykaryjy döwletiň döwlet wekilçilikli edaralaryny özgertmegiň kanuny esaslaryny kesgitleýän täze Konstitusion kanunynyň kabul edilmegi bellärliklidir.

Akademiýanyň daşary ýurtlar we halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barmagy, bu okuwyň hilini gowulandyrmakda, innowasion okuw meýilnamalaryny, sanly we interaktiw okuw usullaryny ulanyp, magistr okuw maksatnamalaryny kämilleşdirmekde ýerine ýetirilen işleriň aýdyň mysaly boldy.

Türkmen tarapynyň şeýle abraýly, ýokary derejeli halkara forumyň işine işjeň gatnaşmagy döwlet gullugy akademiýasynyň hyzmatdaş guramalar we ylym-bilim merkezleri bilen hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de geriminiň giňelmegine ýardam eder.

Şunuň bilen baglylykda, Akademiýanyň rektory çykyşyny jemläp, 2021-nji ýylyň hakykatdan hem, dünýäde parahatçylyk ýyly, ýurtlaryň arasynda özara düşünişmek we ynanyşmak ýyly boljakdygyna umyt bildirdi!

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň Ykdysadyýet we maliýe kafedrasynyň uly mugallymy L.J.Hudaýberdiýewa


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2026 Ähli hukuklar goralan.