2021-nji ýylyň 11-12-nji ýanwary aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň Döwlet we halkara hukugy kafedrasynyň uly mugallymy Ý.K.Küläýew tarapyndan «Adminstratiw jogapkärçiligi we onuň iş ýöredilişi» atly tema boýunça, 2021-nji ýylyň 18-20-nji ýanwary aralygynda Raýat hukugy kafedrasynyň müdiri I.Ö.Hanmedow tarapyndan «Zähmet hukuk gatnaşyklaryny düzgünleşdirmekde ýüze çykýan meseleler» atly tema boýunça «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň garamagyndaky edara-kärhanalaryň işgärleri üçin wideoaragatnaşyk arkaly okuwlar guraldy.
Türkmenistanyň administratiw hukuk bozulmalary hakynda kanunçylygy, onuň wezipeleri we ýörelgeleri, administratiw hukuk bozulma we administratiw jogapkärçilik, administratiw jogapkärçiligini aradan aýyrýan ýagdaýlar, Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynyň maksatlary we esasy wezipeleri, zähmet gatnaşyklary, zähmet gatnaşyklarynyň taraplary, olaryň hukuklary we borçlary, zähmet gatnaşyklarynyň döremegi, üýtgedilmegi we bes edilmegi ýaly sapaklar özleşdirildi.
Okuwlaryň barşynda adminstratiw jogapkärçiliginde we onuň iş ýöredilişinde, zähmet gatnaşyklarynda ýüze çykýan meselelere, şol sanda zähmet şertnamasyny baglaşmagyň we bes etmegiň tertibine garaldy, gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça sorag-jogaplar alşyldy.
