2021-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň iş meýilnamasyna laýyklykda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlary bilen wideoaragatnaşyk arkaly «2021-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly «tegelek stol» görnüşindäki duşuşyk geçirildi.
Onlaýn duşuşykda çykyş edenler şu ýylyň şygarynyň milli Liderimiziň öňe sürýän halkara ähmiýetli başlangyçlary bilen utgaşýandygyny nygtadylar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň bu gurama agza döwletleriň 73-siniň awtordaşlyk etmeginde ýurdumyzyň başlangyjy boýunça 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky çözgüdi biragyzdan kabul etmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Eziz Diýarymyzyň daşary syýasat ugry hem-de döwlet Baştutanymyzyň öňe sürýän teklipleri ählumumy parahatçylygyň berkidilmeginiň bähbidine dürli ýurtlar we halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmak üçin ygtybarly binýat bolup durýar.
2021-nji ýylyň şygarynyň türkmen halkynyň milli ýörelgelerine hem-de onuň taryhy we medeni dessurlaryna gabat gelýändigi bellenildi. Çykyşlarda bu şygaryň häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň içeri we daşary syýasatynyň, parahatçylyk dörediji döwletimiziň okgunly ösüşiniň esasyny düzýändigi, onuň ynsanperwerlik ýörelgeleri bilen berk baglanyşyklydygy nygtaldy.
Türkmen halkynyň abadan we bagtyýar durmuşynyň bähbidine ägirt uly işleri bitirýän, ählumumy parahatçylyk döredijilik işinde ýurdumyzyň eýeleýän ornunyň pugtalanmagyna tagalla edýän hormatly Prezidentimize hoşallyk sözleri aýdyldy. Çärä gatnaşyjylar mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramy bellenilýän bu ýylda döwletimiziň, jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ugurlarynyň giň möçberli täze üstünliklere beslenjekdigini nygtadylar.
Onlaýn duşuşyga gatnaşyjylar mähriban halkymyzyň bagtyýarlygynyň we Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan köptaraply işleri üçin Arkadag Prezidentimize hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
