Uçurum 2021

Uçurum 2021

2021-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda döwlet edaralarynyň gullukçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak okuwynyň (okuwyň möhleti bäş aý) birinji möwsümini üstünlikli tamamlan diňleýjilere şahadatnama gowşurmak dabarasy geçirildi.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, diňleýjiler dolandyryş, ykdysadyýet, hukuk, ynsanperwer we beýleki ugurlar boýunça bilimlerini kämilleşdirdiler. Okuwlaryň dowamynda özleşdirilen sapaklar geljekde olara alyp barýan işlerini sazlaşykly ýola goýmaga ýardam berer.

Dabaraly çäräniň ahyrynda oňa gatnaşýanlar hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, ýurdumyzyň abadançylygynyň hem-de ählumumy ösüşiň bähbidine gönükdirilen işleriniň mundan beýläk-de üstünliklere beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2026 Ähli hukuklar goralan.