Ýaňy ýakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň “Döwlet edaralarynyň gullukçylaryny gaýtadan taýýarlamak” okuw ugurlarynda okaýan diňleýjileri “Türkmenistanyň döwletiniň we hukugynyň taryhy” dersiniň okuw maksatnamasyna laýyklykda, Aşgabat şäheriniň Bagyr ýaşaýyş toplumynda ýerleşen Parfiýa döwletiniň ilkinji medeni paýtagty bolan Nusaý şäherine degişli mugallymlaryň gatnaşmagynda tejribe sapaklary gurnaldy. Bu tejribe sapaklarynyň çäklerinde Parfiýa döwletiniň ýaşan bütin ýyllary boýunça Nusaý galalarynyň taryhy geçmişi, şeýle hem onuň häzirki wagta çenli geçen şanly ýollary bilen tanyşdyryldy.
Türkmenistan döwletimiz Garaşsyzlygyny gazanandan soň, ylaýta-da Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzyň, baý taryhly halkymyzyň taryhynyň her bir wakasyny çuňňur we hemmetaraplaýyn öwrenmäge, türkmen halkymyzyň taryhy köklerine täzeçe garamaga giň ýol açyldy. Türkmeniň baý taryhly geçmişine uly sarpa goýýan hormatly Prezidentimiz tarapyndan bu ugurda düýpli işler alyp barmaga ähli mümkinçilikler döredildi. Ata Watanymyzyň gadymy topragy umumyadamzat medeniýetiniň – siwilizasiýasynyň ilkinji ojaklarynyň biri bolupdyr. Täze gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde ýüze çykarylan açyşlar türkmen taryhynyň häzire çenli belli bolmadyk sahypalaryny ýüze çykardy. Bu açyşlar bilen taryhymyzyň gatlary baýlaşdyrylýar. Orta asyrlara degişli ruhy medeniýetimizde uly yz galdyran belli-belli alymlarymyzyň, edebiýatçylarymyzyň döredijiliginiň halkara derejesinde çuňňur öwrenilmegi hem taryhymyzyň baýlaşmagyna ýardam edýär.
Hormatly Prezidentimiz: “Häzir Türkmenistanda 1500-den gowrak taryhy-medeni ýadygärlik hasaba alyndy. «Açyk asmanyň astyndaky muzeýler» bolan Parfiýa şalarynyň mekany – Nusaý, Orta asyr Gündogaryň beýik alymlarynyň ady bilen bagly Köneürgenç, Gündogaryň antik siwilizasiýasynyň iri ojaklarynyň biri – Gadymy Merw ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.”[1] diýip buýsanç bilen belläp geçýär.
Geçmişde ata-babalarymyz birnäçe uly döwletleri döredipdirler. Dünýäniň ösüşine mynasyp goşandyny goşan beýik döwletleriň biride Parfiýa şalygydyr. Parfiýa şalygynyň ilkinji paýtagty bolan Nusaý şäheri barada Isidor Harakski “Bu ýer – Parfiýaly şalaryň mazary ýerleşen şäherdir” diýip belläp geçýär. Şeýle hem gadymy adamzat şäheri bolan Nusaý şäheriniň taryhy özünde bütin Türkmenistanyň taryhyna degişli gyzykly sahypalary jemleýär. Häzirki Nusaý galalary Ärsaklar dinastiýasynyň rezidensiýasy we Parfiýa döwletiniň paýtagty bolan, Antik döwründe dörän Nisa şäheriniň ýerinde döreýär.
Köne Nusaý we Täze Nusaý şäherçelerinde M.E.Massonyň ýolbaşçylygynda geçirilen Günorta Türkmenistanyň arheologiki toplumlaýyn ekspedisiýasynyň (GTATE) gazuw-agtaryş işleri şäheriň gadymy taryhyny (onuň döreýşini, ösüşini we ýykylmagyny) dikeltmäge ýardam etdi we dünýä medeniýetinde deňi-taýy bolmadyk, sungatyň ajaýyp eserlerini ýüze çykardy.
Gadymy grekler Nusaý şäheriniň adyny Nusaýda suw perileri tarapyndan terbiýelenen we şu şäheriň ady boýunça atlandyrylan Dionis hakyndaky rowaýat bilen baglanyşdyrypdyrlar. M.E.Massonyň, A.A.Freýmanyň, H.Bartolemiň pikirlerine görä, “Nusaý” “oturymly ilatyň görnüşi ýa-da “ýaşamak üçin oturymly ýer” diýen manyny aňladypdyr.
Orta asyr taryhçysy (asly Nusaýly bolan) Muhammet an-Nesewiniň ýazan rowaýatlaryna görä, Dariýa Gistaspanyň döwründe (b.e.öň VI asyr) Nusaý demirgazykdan güýç bilen girmek isleýän harby çarwadarlaryň ýoluny bekleýän serhedi saklaýjy güýç hökmünde bolupdyr. Bu döwre degişli bolup, Ahemeniler döwletiniň zalym hökümdary bolan Dariýniň ilkinji gezek parfiýalylary ýatlap ýazan Behistun ýazgylary degişlidir.
Gadymy Parfiýa şäheri bolan Nusaýy gadymy we orta asyr gündogaryň dürli ýerlerinden gözläpdirler. Grek-rim taryhçylary we geograflary öz işlerinde Nusaýyň Merkezi Aziýada, Hindistanda, Persiýada, Kawkazda, kiçi Aziýada we beýleki ýerlerde tutulýan atlaryny görkezýärler. Orta asyr taryhy çeşmelerde we häzirki ýer-ýurt atlarynda (toponimikada) Nusaý diýlip atlandyrylýan birnäçe taryhy çeşmeler görkezilýär: Täjigistanda, Eýranda, Owganystanda. Günorta Türkmenistan arheologiki toplumlaýyn ekspedisiýasynyň işlerinde Parfiýa şäheri bolan Nusaýyň häzirki wagtda Türkmenistanyň Paýtagty bolan Aşgabat şäheriniň Bagyr ýaşaýyş toplumynyň (obasynyň) ýerinde ýerleşýändigi anyklanyldy. Şuny gadymy taryhy çeşmelere dogry düşünilen ýagdaýynda anyklamak bolar. Awestada Nusaý “Merw bilen Balhyň arasynda” diýlip bellenilýär. Bu ýerleriň arasynda bolsa, diňe Nusaý şäheri ýerleşip biler.
Taryhçylar: Aleksandryň harby ýörişleriniň wagtynda (b.e.öň 330-329 ý.) Nusaý şäherinde gyşlan bolmagy örän ähtimaldyr diýip belleýärler. B.e. 226-njy ýylynda Parfiýa şalygy özüniň ýaşamagyny bes edýär. Ärsaklaryň Persiýadaky hökümdary Ardaşir Sasaniler dinastiýasynyň ýolbaşçylygynda täze döwlet döredýär. Ilkinji nobatda parfiýa şalarynyň dinastiýasynyň goraghanasy bolan – Köne Nusaý ýykylypdyr. Ärsaklar dinastiýasy bilen baglanşykly ähli zatlary halkyň aňyndan doly ýok etmek isläp, Sasaniler olaryň dogduk mekanyny (Köne Nusaýy) wagşylyk bilen talapdyrlar we ony harabaçylyga öwrüpdirler. Ol ýerde ýaşaýyş diňe birnäçe ýüzýyllyklardan soň, araplaryň basyp alyşlary bilen gaýtadan dikelipdir.
Nusaý şäheri dürli taryhy döwürlerde birnäçe döwletleriň düzüminde bolupdyr. 651-nji ýylda Nusaý welaýatyny araplar eýeleýär. IX asyryň birinji çärýeginde Nusaý Tahyrylar dinastiýasynyň düzümine giripdir. Bu örän baý orta asyr şäheri bolupdyr. X asyrda Nusaý Samanylar dinastiýasynyň eline geçýär. 996-njy ýylda Horezm şa Mamunyň eline geçipdir. 1017-nji ýylda Nusaý Gaznalylar dinastiýasyna birikdirilipdir. 1040-njy ýyldaky Daňdanakan söweşinden soň Nusaý seljuk türkmenleriniň döwletine degişli bolupdyr. Seljuk döwletinde uly syýasy orun tutmasa-da Nusaý şäheri öňkisi ýaly örän möhüm ykdysady şäher bolupdyr.
Nusaý 1157-nji ýyldan 1220-nji ýyla çenli horezm şalaryň golastynda bolupdyr. 1221-nji ýylda Jelaletdiniň goşuny Nusaýda mangol atlylaryny derbi-dagyn edipdir. 1255-nji ýylda Nusaý hökümdarlary Çingiz hanyň nesillerinden bolan Hulagular döwletiniň düzümine giripdirler. XIV asyryň başlarynda Nusaý türkmen hökümdary Argun şanyň tabynlygynda bolupdyr. 1381-nji ýylda şäher parahatçylyk ýoly bilen Teýmiriň imperiýasynyň düzümine giripdir.
1458-nji ýylda Teýmiriň nesillerinden bolan Soltan-Hüseýin gysga wagtyň içinde Nusaýy basyp alýar. XVI asyryň başlarynda Nusaý welaýaty özbek Şeýbany hanyň eline geçýär. Nusaý 1510-njy ýylda bolup geçen Merwdaky söweşden soňra Sefewiler dinastiýasyna birikdirilýär. 1524-nji ýylda Nusaýda Horezm dinastiýasynyň özbek häkimleri hökümdarlyk edipdirler. 1538-nji ýylda Eýran şasy Tahmasp Nusaýy özünde berkitmegi başarypdyr. 1580-nji ýyllarda asly şeýbanylardan bolan Nurmuhammet han Nusaýyň, ýerlerini özüne birikdirýär. 1595-nji ýylda özbek hökümdarlarynyň we eýran şalarynyň arasynda Horasan üstündäki uruş möwjeýär. Nusaý birnäçe wagtlap Buhara emirliginiň düzüminde bolýar. 1597-nji ýylda eýran şasy Abbas I Nusaýy buharalylaryň elinden alýar. Nusaý 1601-nji ýylda pars hökümdary Mülkaş soltanyň dolandyrylmagyna berilýär.
1628-nji ýylda Abbas I aradan çykýar, Nusaý şäherini hiç hili söweşsiz Abulgazy han eýeleýär. XVIII asyryň başlarynda Nediriň baştutanlygynda türkmenleriň owşar taýpasy güýçlenýär. Nedir Nusaýy eýelemek üçin köp jan edipdir.1736-njy ýylda Nedir Eýranyň şasy bolanyndan soň Hywa hanlary bilen Nusaýy eýelemek ugrunda çynlakaý göreş başlanýar. XIX asyryň başlaryna çenli Nusaý eýran we özbek hanlarynyň ellerinde saklanýar. XIX asyryň başlarynda teke türkmenleriniň Nusaýy eýeländigi bellidir. Bagyr obasy (Nusaý) 1881-nji ýylyň ýanwarynda Russiýa imperiýasynyň düzümine goşulypdyr.
Türkmenistan döwletimiz öz Garaşsyzlygyny gazanandan soň Gadymy Nusaý ata-babalarymyzyň göbek ganynyň daman mukaddes topragy öz mirasdarlaryna gowuşdy. Şonuň ýaly-da, 2007-nji ýylda Köne we Täze Nusaýyň taryhy ýadygärlikleri ŶUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.
Nusaý. Öwliýalar ýurdy. Jennetiň dag bilen çölüň arasyna düşen bir bölegi. Suw bar ýerinde jennet bar. Dagdan inýän bal dek suwly çeşmeleriň akyp gelýän ýeri Nusaý. Keramatlar, Zyýaratlar şäheri Nusaý.
Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistan – Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” atly eseri Nusaý şäheri bilen baglanyşykly örän gymmatly maglumatlara baý bolup, geçmiş taryhymyzy, ata-babalarymyzyň bize galdyran ruhy we medeni miraslaryny öwrenmekde esasy taryhy çeşmeleriniň biri bolup durýar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň medeni we taryhy gymmatlyklaryny öwrenmäge, giňden wagyz etmäge uly mümkinçilikleri döreden milli Liderimiziň jany sag, ömri uzak, ähli tutumly işleri rowaç bolsun!
[1] Gurbanguly Berdimyhamedow. “Bitarap Türkmenistan”. – A.: TDNG, 2015. S - 292
