«Korrupsiýanyň ýüze çykmagynyň şertlerini we sebäplerini aradan aýyrmagyň meseleleri» atly «tegelek stol» görnüşindäki duşuşyk

2021-nji ýylyň 25-nji martynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda professor-mugallymlaryň we diňleýjileriň gatnaşmagynda «Korrupsiýanyň ýüze çykmagynyň şertlerini we sebäplerini aradan aýyrmagyň meseleleri» atly «tegelek stol» görnüşindäki duşuşyk geçirildi. Duşuşyga çagyrylan myhmanlar Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň işgäri, polisiýanyň maýory Süleýman Ataýew, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň Jenaýat-hukuk dersleri kafedrasynyň uly mugallymy, polisiýanyň maýory Öwez Meredow çykyş edip, korrupsiýa garşy göreşmegiň kanunçylyk esaslary, korrupsiýa bilen bagly hereketleriň öňüni almagyň we olary ýüze çykarmagyň esaslary, korrupsiýanyň ýüze çykmagynyň şertlerini we sebäplerini aradan aýyrmak boýunça geçirilýän çäreler barada gürrüň berdiler.

«Korrupsiýanyň ýüze çykmagynyň şertlerini we sebäplerini aradan aýyrmagyň meseleleri» atly «tegelek stol» görnüşinde geçirilen duşuşyk örän täsirli we gyzykly boldy. Myhmanlar tejribeden anyk mysallary getirip, çykyşlarynyň täsirli bolmagyny gazandylar. Çykyşlar professor-mugallymlarda, diňleýjilerde we myhmanlarda uly gyzyklanmalary döretdi hem-de olaryň bu ugurdaky bilim derejelerini ýokarlandyrmakda we hünär ussatlyklaryny kämilleşdirmekde uly ähmiýete eýe boldy.

Seredilýän ugruň prezentasiýalaryň, degişli wideoşekilleriň, tejribeden dürli mysallaryň üsti bilen beýan edilmegi çäräniň täsirliligini has-da artdyrdy. Korrupsiýa we parahorlyk bilen baglanyşykly ýüze çykan sowallara degişlilikde kanagatlanarly jogaplar berildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar mähriban halkyny bagtyýar durmuşda ýaşadýan Arkadag Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, eziz Watanymyzyň abadançylygynyň hem-de rowaçlygynyň bähbidine amala aşyrýan oňyn özgertmeleriniň mundan beýläk-de uly üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler!


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2026 Ähli hukuklar goralan.