Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öz işine hemme taraplaýyn düşünýän ýaş hünärmenleri ýetişdirmek meselesine aýratyn ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň professor-mugallymlary okuw meýilnamasyna laýyklykda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň jogapkär işgärlerine «Ýaşlaryň döwlet, raýat hukugy we dolandyryş işi boýunça hünärini ýokarlandyrmak» atly okuw boýunça sapak berýärler.
Okuwyň maksady ýaşlaryň isleglerine görä kesgitlendi. Ol diňleýjileriň dürli ugurlar boýunça hukuk sowatlylygyny artdyrmakdan, olara sanly dolandyryş barada düşünjeleri we işleri guramagyň netijeli usullaryny öwretmekden ybaratdyr.
Okuw meýilnamasyna laýyklykda ýaşlar «Türkmenistanyň konstitusiýa hukugy», «Sanly dolandyryşyň esaslary», «Administratiw hukugy», «Raýat we zähmet hukugyny üpjün etmegiň meseleleri», «Jemgyýetçilik gatnaşyklarynda etiki kadalary», «Ýaş ýolbaşçylaryň psihologiki aýratynlyklary», «Guramaçylyk işleriniň innowasion meseleleri» atly dersleri özleşdirerler.
Gysga möhletli okuwlarda tejribeli professor-mugallymlar sapak bererler we okuwy üstünlikli tamamlan ýaşlara degişli nusgadaky şahadatnamalar gowşurylar.
