Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlary «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgede öz beýanyny tapýar. Ykdysadyýet, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, durmuş ulgamlary we beýlekiler – bularyň her biri täze sepgitlere çykyp, her bir ädimde hormatly Prezidentimiziň maksada gönükdirilen oňyn özgertmeleriniň miweleri aýdyň görünýär. Olar türkmen döwletiniň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga hyzmat edýär.
2021-nji ýylyň 11-nji iýununda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň gullukçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuwyny (okuwyň möhleti iki aý) tamamlan diňleýjilere şahadatnamalar gowşuryldy.
Iki aýyň dowamynda okuw meýilnamasyna laýyklykda professor-mugallymlar «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň döwlet kadalaşdyrylyşy», «Türkmenistanyň konstitusiýa hukugy», «Administratiw hukugy», «Ýerli häkimiýet hukugy», «Ýerli öz-özüňi dolandyryş hukugy», «Obasenagat toplumynyň dolandyrylyşy», «Sanly ykdysadyýet we döwlet dolandyryşynda sanly ulgamlar» we beýleki dersler boýunça gullukçylara sapak berdiler. Diňleýjiler okuwda alan nazary bilimlerini önümçilik tejribeliginde berkitdiler.
Ýurdumyzyň döwlet gullugy ulgamyny ösdürmek, bu ugurda kämil hünärmenleri taýýarlamak babatda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri elmydama rowaç bolsun!
