Ilkinji diplomlar gowşuryldy

2021-nji ýylyň 21-nji iýununda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň sanly dolandyryş magistrlik okuwyny ilkinji gezek tamamlan talyplara diplomlar gowşuryldy. Bu täzeçillik akademiýanyň durmuşynda ýatdan çykmajak möhüm waka öwrüldi. «Türkmenistanda 2019 – 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan» gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de öňdebaryjy halkara tejribäni öwrenmek maksady bilen 2021-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan täze girizilen bu okuw giň jemgyýetçilik gyzyklanmasyny döretdi.

2020-2021-nji okuw ýylynyň dowamynda okuw meýilnamasyna laýyklykda professor-mugallymlar «Dolandyryş işinde maglumat tehnologiýalary», «Maglumat jemgyýetinde döwlet dolandyryşy», «Maglumatlaryň intellektual derňewi», «Elektron hökümetiň tehnologiýalary» we beýleki dersler boýunça talyplara sapak berdiler. Talyplar okuwda alan nazary bilimlerini önümçilik tejribeliginde berkitdiler.

Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ähli pudaklara sanly ulgamy ornaşdyrmak, senagat-önümçilik toplumlaryny, medeni-durmuş maksatly binalary, zawod-fabrikleri gurmak, täze iş orunlaryny döretmek maksady bilen, döwletimiz tarapyndan köp möçberli maýa goýumlary gönükdirilýär. Şu nukdaýnazardan hem-de döwrüň talabyndan ugur alsaň, sanly dolandyryş magistrlik okuwynyň ähmiýeti has-da artýar. Dabaraly çärä gatnaşyjylar okamak we bilim bermek üçin döredip beren ähli zerur şertleri üçin hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýtdylar.

Ýurdumyzda ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagy, düýpli we amaly ylmy işleriň geçirilmegi, dünýäniň öňdebaryjy tejribesiniň özleşdirilmegi babatynda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri mundan beýläk-de rowaç alsyn!


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2026 Ähli hukuklar goralan.