Şahadatnamalar gowşuryldy

Şahadatnamalar gowşuryldy

2021-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň gullukçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuwynyň (okuwyň möhleti iki aý) birinji möwsümini tamamlan diňleýjilere şahadatnamalar gowşuryldy.

Okuw meýilnamasyna laýyklykda professor-mugallymlar «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň döwlet kadalaşdyrylyşy», «Türkmenistanyň konstitusiýa hukugy», «Administratiw hukugy», «Raýat hukugy», «Ýerli häkimiýet hukugy», «Ýerli öz-özüňi dolandyryş hukugy», «Obasenagat toplumynyň dolandyrylyşy», «Ýer-suw hukugy», «Sanly ykdysadyýet we döwlet dolandyryşynda sanly ulgamlar», «Döwlet gullukçysynyň etikasy we işewür gatnaşyklary» we beýleki dersler boýunça diňleýjilere sapak berdiler. Diňleýjiler okuwda alan nazary bilimlerini önümçilik tejribeliginde berkitdiler, şeýle-de saýlap alan temalary boýunça gutardyş işini ýazdylar.

Ýurdumyzyň döwlet gullugy ulgamyny ösdürmek, bu ugurda kämil hünärmenleri taýýarlamak babatda uly tagallalary edýän Arkadag Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, ýurdumyzyň ösdürilmegine hem-de halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen işleri mundan beýläk-de rowaç alsyn!


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2026 Ähli hukuklar goralan.