Resmi iş usulynda dil birlikleriniň ulanylyş medeniýeti

Hormatly Prezidentimiziň: “Köp dil öwrenmek, öz ene diliňi kämil derejede bilmek ýurdumyzyň döwlet syýasatynda hem birjik-de ünsden düşürilmez...” [1, 115 s.] diýen parasatly ündewlerinden ugur alyp, häzirki wagtda ene dilimiziň döwlet dili hukugyna eýe bolup, jemgyýetçilik hyzmatynyň giňelmegi bilen sözleýiş medeniýetini kämilleşdirmek döwrümiziň derwaýys meselesine öwrüldi. Döwür raýatlarymyzyň ene dilimiziň edebi kadalaryny, aýratynlyklaryny düýpli özleşdirmeklerini we dil serişdelerinden ýerlikli peýdalanmak başarnyklaryny talap edýär.

Döwlet gullukçylarynyň öz oý-pikirlerini sözleýişde we ýazuwda edebi kadalary gyşarnyksyz berjaý edip, sözleri dogry hem täsirli ulanmak, şeýle-de olaryň dil birliklerini sözleýşiň maksadyna we wezipelerine laýyklykda ýerlikli ulanmak zerudyr. Resminamalary talaba laýyk dolandyrmak döwlet gullukçylary üçin wajyp meseleleriň biri bolup durýar.

Iş dolandyryşda, kanunçylykda iş kagyzlaryny ýazmakda, raýatlaryň we edaralaryň arasynda maglumat alyşmak maksady bilen ulanylýan resminamalar resmi-iş usulynda amala aşyrylýar. Türkmen diline döwlet dili derejesi berlensoň, kararlar, buýruklar, görkezmeler, ilata berilýän dil hatlar, pul bilen baglanyşykly resminamalar, şygarlar, bildirişler, şahadatnamalar, diplomlar, iş sapary bilen bagly resminamalar we beýleki ýazgylar türkmen dilinde ýazylýar.

Resmi-iş kagyzlarynyň dürli görnüşliligine garamazdan, bu usulyň umumy häsiýetleri bolýar:

  1. Gysga, az sözlülik, dil serişdelerini tygşytly ulanmak;
  2. Mazmunyň birmeňzeş görnüşde ýerleşdirilmegi, belli bir şekiliň saklanmagy (diplom, pasport, dogluş hakynda şahadatnama we beýlekiler);
  3. Iş atlarynyň, işligiň nämälim görnüşiniň giňden ulanylmagy;
  4. Bir ýagdaý bilen ikinji ýagdaýy bir-birine logiki taýdan baglanyşdyrmak üçin at sözlemleriniň sanawynyň ulanylmagy;
  5. Emosional-täsirli sözleýşiň düýbünden gabat gelmezligi.
  6. Şyhyýewa resminamalaryň umumy meňzeş talaplary barada şeýle belleýär: “Resminamalar bir-birinden belli bir derejede tapawutlanýan hem bolsalar, olaryň umumy, meňzeş taraplary-da köpdür. Şol umumylyk – meňzeşlik, ylaýta-da, bir salga ýollanylýan deň mazmunly resminamalarda ýüze çykýar. Bir mazmunly resminamalaryň (delilnamalaryň, töleg hatlarynyň, şahadatnamalaryň, diplomlaryň we ş.m.), adatça, nusgalar diýilýän umumy ýazgysy bolýar, şol ýazgylar çaphanada degişli boşluklar bilen çap edilen bolsa, onda olara resminamanyň formulýary diýilýär. Resminamalaryň bölekleri. Formulýarlary bolmadyk resminamalary dürs, dogry ýazmak, şeýle hem olara çalt hem gowy düşünmek üçin olaryň elementlerini bilmek gerek. Mälim bolşy ýaly, her bir resminama birnäçe bölekden durýar, şol elementlere resminamanyň rekwizitleri diýilýär. Mazmuny boýunça resminamalar buýruk ediji, ýerine ýetiriji, gözükdiriji we ýörite resminamalar diýen 4 topara bölünýär” [2, 47 s.].

Resminamalary dürs, dogry ýazmak üçin olaryň näçe bölekden durýandygyny bilmek zerur bolup durýar. Resminamanyň her bir böleginiň öz orny bolýar, olaryň kagyz ýüzünde iş tertibi örän berkdir. Eger şol tertip üýtgedilse, ol resminamany dogry ýazylan hasaplap bolmaýar. Resminamalaryň bölekleriniň öz ornunda doly ýazylmagy olaryň görnüş we düzüm taýdan dogry ýazylandygyna güwä geçýär.

  1. Babaýew “Dokumentleriň we iş kagyzlarynyň türkmen dilinde ýazylyşy” atly kitabynda “Resmi dokumentlerden we iş kagyzlaryndan edilýän talaplaryň gyşarnyksyz berjaý edilmegi olaryň netijeliligini ýokary göterýär, kärhanalaryň we edaralaryň işgärleriniň öňünde durýan wezipeleriniň öz wagtynda durmuşa geçirilmegine, amal edilmegine ýardam berýär. Şoňa görä-de dokumentleri ýazýan her bir adam olardan edilýän talaplary hemişe pugta ýatda saklap, dogry we doly berjaý etmelidir” [3, 5 s.] diýip belleýär.

Ýurdumyzda resminamalar ylmy we amaly häziýete eýe bolmak bilen, olar Döwlet arhiwlerinde saklanylýar. Şoňa görä-de, her bir resminama dogry ýazylmaly. Resminamalary dogry ýazmak üçin bolsa, olardan edilýän talaplary bilmek zerurdyr. Resminamalar hakykat ýüzünde ýagdaýy suratlandyryp, belli maksada gönükdirilen, ýerine ýetirilmesi anyk, mazmuny boýunça gysga, düşnükli bolmalydyr. Şol resminamany ýazýan adamyň (awtoryň) göz öňünde tutýan pikiri medeniýetli, işewür häsiýetde beýan edilip, aýdyňlygy bilen tapawutlanmalydyr. Resminamalarda sözler duýga täsir etmeli däl-de, anyk maglumatlara salgylanmalydyr. Resminamalardaky deliller (faktlar), talaplar logiki yzygiderlikde getirilip, şolardan gelip çykýan netijeler okyjy üçin düşnükli bolmalydyr.

Şu nukdaýnazardan, resminamalar edebi dilde ýazylyp, olarda şiwe sözleri ulanylmaly däldir. Bular resminamalaryň dilini düşnüksiz etmegi mümkin. Resminamalar jemgyýetde raýatlaryň we raýatlar bilen döwletiň arasynda sazlaşyk döretmek üçin ýazylýarlar. Olaryň ähli görnüşlerine resmilik häsiýetlidir. Meselem, adam atlarynyň Sapar Güjük, Sapar Güjük ogly, Sapar Güjükow ýaly üç hili ulanylyşy bar. Resmi ýazuwda adam atlaryny -ow/-owiç/- ýewiç, -owa/-ýewa, -owna/-ýewna ýaly goşulmaly ýazmak talap edilýär.

Resminamalarda ýer-ýurt, edara atlarynyň-da BMG, GDA ýaly gysgaldylan däl-de, Birleşen Milletler Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýaly doly görnüşleri ýazylýar.

Kanunlarda, permanlarda, karardyr buýruklarda -mak/-mek, -maly/-meli, -ylýar/- ilýär goşulmalary, ýaýraň söz düzümleri, birnäçe deňdeş agzaly, özara we, hem, hem-de ýaly baglaýjylar arkaly baglanyşan çylşyrymly goşma sözlemler işjeň ulanylýar [4, 77 s.]. Jemgyýetçilik durmuşynyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän raýatlaryň hünär başarnyklary olaryň sözleýiş medeniýeti bilen aýrylmaz baglanyşykly bolup, resminamalaryň dilinden edilýän talaplary oňat özleşdirip, öz iş orunlarymyzda olary talaba laýyk berjaý etmek wajyp wezipedir. Şeýle-de, resminamanyň ady, arza bilen ýüzlenilyän edaranyň we onuň ýolbaşçysynyň ady, familiýasy, wezipesi (adresatyň ady), arza ýazanyň ady, familiýasy, wezipesi, işleýän, okaýan, ýaşaýan ýeri (adresantyň ady), soňra resminamanyň mazmuny, resminamany ýazan, tassyklan adamlaryň ady, familiýasy, wezipesi, goly, ýazylan senesiniň anyk görkezilmegine, tekstiniň abzaslara bölünişine-de, sözlemde sözleriň ýerleşiş tertibine-de aýratyn üns berilmelidir.

Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, resminamalary dürs we dogry ýazmak üçin olaryň näçe bölekden durýandyklaryny bilmek gerek. Resminamalaryň rekwizitleri doly we dogry ýazylmalydyr. Sebäbi her bir rekwizidiň öz orny bolýar. Eger-de rekwizitleriň bir ýa-da iki bölegi galdyrylyp, şol tertip üýtgedilip ýazylan ýagdaýynda ol resminamany dogry ýazylan resminama diýip hasaplap bolmaýar.

Resminamalaryň dogry ýazylmagy üçin şu talabyň edilmegi hökmany şertleriň biri bolup durýar, sebäbi resminamalaryň bölekleriniň öz ornunda doly ýazylmagy olaryň görnüş we düzüm taýdan dogry ýazylandygyna güwä geçýär. Mysal üçin:

Arza

(Nusga)

  1. Arza bilen ýüzlenilyän edaranyň we onuň ýolbaşçysynyň ady (familiýasy ýöneliş düşümde getirilýär).
  2. Arza ýazanyň ady, işleýän, okaýan, ýaşaýan ýeri (familiýasy çykyş düşümde getirilýär).
  3. Resminamanyň ady (arza).
  4. Mazmuny.
  5. Arza goşulýan resminamalaryň sanawy.
  6. Arza ýazanyň goly.
  7. Arzanyň ýazylan senesi.

Nusgadan görnüşi ýaly, arza ýazanyň familiýasynyň çykyş düşümde getirilmegi (A. Myradowa tarapyndan däl-de, A. Myradowadan) tarapyndan sözüni ulanmaklygyň zerur däldigini görkezýär.

Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde döwlet edaralarynyň gullukçylary üçin iň wajyp orun olaryň resminamalary talaba laýyk dolandyrmagyna degişlidir. Bu ýöne ýerden däl, sebäbi döwlet edaralarynyň gullukçylarynyň işiniň esasy bölegi dürli görnüşli iş resminamalaryny talabalaýyk taýýarlamak, dolandyrmak bilen birlikde dürli derejedäki söhbetdeşlikleri we gepleşikleri geçirmek bolup durýar. Bu bolsa häzirki zaman döwlet gullukçysynyň sözleýiş medeniýetiniň ýokary derejede bolmagyny gazanmak meselesini iňňän derwaýys wezipeleriň, onda-da, döwlet ähmiýetli meseleleriň birine öwürýär.

Umuman, bu usullaryň pikiri aýdyň ýüze çykarmagy raýatlarymyzyň ene dilimiziň edebi kadalaryny, ýazuw aýratynlyklaryny düýpli özleşdirmeklerine we dil serişdelerinden ýerlikli peýdalanmak başarnyklaryny gazanmaga ýardam edýär.

EDEBIÝAT

  1. Gurbanguly Berdimuhamedow. Enä tagzym – mukaddeslige tagzym. – A.: TDNG, 2018.
  2. Şyhyýewa O. Türkmen diliniň stilistikasy. – A.: 2015.
  3. Бабаев К. Документлериң ве иш кагызларының түркмен дилинде язылышы. – А., 1993.
  4. Weýisow B. Türkmen dili we sözleýiş medeniýeti. – A., 2018.

Gelenowa, L. Hudaýberdiýewa

Ýaşlaryň ylmy we tehnika žurnaly

1/2021


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2026 Ähli hukuklar goralan.