Milli Liderimiziň başyny başlan «Türkmenistanyň milli tokaý maksatnamasy», «Türkmenistanyň Aral boýunça 2021—2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy», «Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň milli strategiýasynyň» rejelenen görnüşi tapgyrlaýyn amala aşyrylyp, ýurdumyzyň we sebitiň ekologik abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen maksatnamalaýyn işler durmuşa ornaşdyrylýar. Şonuň netijesinde her ýylyň ýaz we güýz aýlarynda tutuş ýurdumyz boýunça saýaly, pürli, miweli agaçlary ekmek, öňden bar bolanlaryna ideg etmek asylly däbe hem oňyn endige öwrüldi. Bu barada hormatly Prezidentimiz: «Hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygynyň hormatyna geçen ýyl Aşgabat şäheriniň daş-töwereginde we welaýatlarda 25 million düýp miweli, saýaly, pürli baglar hem-de üzüm ekilen bolsa, bu ýyl Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli, ilkinji gezek 30 million düýp nahal oturtmak göz öňünde tutulýar» diýip Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden taryhy çykyşynda aýratyn nygtady.
Ýaňy ýakynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasy geçirildi. Dabaranyň çäklerinde diňe bir günüň dowamynda jemi 4 million 248 müň 740 düýp saýaly, pürli we miweli agaç nahallary ekildi. Bular bilen çäklenilmän, şol gün tutuş ýurdumyz boýunça ozaldan bar bolan agaç nahallarynyň 3 million 590 müň 740 sanysyna ideg edildi.
Milli Liderimiz biziň ählimiziň umumy öýümiz bolan tebigat barada: «Biziň ata-babalarymyz ýaşaýşyň çeşmesi bolan tebigat bilen ylalaşykda ýaşamagyň özlerine mahsus bolan ýörelgelerini döredipdirler» diýip jaýdar belleýär. Şoňa laýyklykda, döwletimiziň ekologiýa syýasatynyň esasy maksadynyň halkymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün etmekden hem-de tebigy baýlyklary netijeli peýdalanmakdan we geljekki nesillere has gözel görnüşde ýetirmekden, bu ugurda sebit we halkara derejede ygtybarly hyzmatdaşlygy ösdürmekden ugur alýandygy öz-özünden düşnüklidir.
Bir tanap boz ýeriň gür baglyga öwrülmegi üçin, gör, näçe zähmet çekilýär. Hormatly Prezidentimiziň şahsy göreldesi bilen tebigaty söýüji, arassa daşky gurşawda ýaşamagyň täze nusgalaryny döretjek ýaşlaryň nobatdaky nesli kemala gelýär. Golaýda geçirilen ählihalk bag ekilişi mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň ýanaşyk ýerlerinde hem professor mugallymlaryňdyr, diňleýjileriň ählisiniň gatnaşmagynda köpçülikleýin agaç nahallary oturdyldy we ozaldan bar bolanlaryna ideg işleri geçirildi.
Ata-babalarymyzdan miras galan, asylly hem üýtgewsiz däbe öwrülen bag ekmek däbiniň dowamat dowamdygyna Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileriniň ählihalk bag ekilişine öz saldamly goşantlaryny goşandygynyň mysalynda ýene bir ýola göz ýetirmek bolýar.
Watanymyzyň çar künjeginde ählihalk bag ekmek dabarasynyň uly ruhubelentlige beslenmegi milli Liderimiziň ýurdumyzy tutuşlygyna bagy-bossanlyga öwürmäge, halkymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün etmäge, bütin dünýäde bütewi ekoulgamy döretmäge gönükdirilen sahawatly syýasatynyň rowaç alýandygynyň nobatdaky subutnamasy boldy.
