Ylmy çemeleşmeleriň dünýä tejribesindäki orny

Türkmenistan özüniň ylym-bilim kuwwatyny ösüş arkaly parahatçylygy, dost-doganlygy pugtalandyrmaga gönükdirýär. Munda esasy wezipe ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, öz hünarinden oňat baş çykarýan ýaşlaryň taýýarlyk derejesini yzygiderli ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Şol esasda döwletimiz esasy halkara guramalary, daşary ýurtlaryň ösen ylym merkezleri bilen ylmy, tehniki, innowasion-tehnologiki hyzmatdaşlygyny yzygiderli berkidýär.

Golaýda Russiýa Federasiýasynyň Ufa şäherinde “Häzirkizaman dünýäsinde ylmy innowasion gözlegler, nazaryýet, usulyýet we tejribe” atly 6-njy halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Oňa dünýäniň köp döwletlerinden şol sanda Russiýa Federasiýasynyň dürli künjeklerinden, Gazagystan respublikasyndan alymlar şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasyndan diňleýjiler, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinden tejribeli mugallymlar hem talyp ýaşlar gaýybana görnüşde gatnaşdylar.

Jemi 13 bölümden ybarat bolan ylmy konferensiýa ugradylan ylmy makalalar alymlar geňeşi tarapyndan barlanylyp, olardan ylmy täzeçilligi bolan makalalar saýlanylyp çap edildi. Olaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň “Döwlet edaralarynyň gullukçylaryny gaýtadan taýýarlamak” okuwynyň diňleýjileri Ş. Ylýasowanyň we W. Öwezowyň bilelikde ýazan “Tebigy ylymlaryň klassifikasiýasy we häzirkizaman dünýäsinde ylmyň ösüşi” atly ylmy makalasy ýerleşdirildi.

Ylmy makalada ylmyň ösüşiniň täzeçil usullara daýanýandygy bilen baglanyşykly onuň ösmegine öz goşandyny goşan dünýä belli alymlaryň atlary we ylmy pikirleri barada aýratyn nygtalýar.

Makalalar toplanandan soňra Westnik çaphanasynyň baş redaktory tarapyndan ýygyndynyň jemleri boýunça oňa gatnaşyjylara sertifikatlar gowşuryldy. Ylmy wajyplygy ýokary bolan makalalaryň awtorlaryna bolsa diplomlar berildi.

Russiýa Federasiýasynyň Ufa şäherinde “Häzirkizaman dünýäsinde ylmy innowasion gözlegler, nazaryýet, usulyýet we tejribe” atly 6-njy halkara ylmy-amaly maslahatyna işjeň gatnaşandyklary üçin Ş. Ylýasowa we W. Öwezowa degişlilikde sertifikatlar gowşuryldy hem-de aýratyn tapawutlanan “Tebigy ylymlaryň klassifikasiýasy we häzirkizaman dünýäsinde ylmyň ösüşi” atly ylmy makalasy üçin 2-nji derejeli diplom berildi. Döwlet dolandyrlyşynyň gullukçylaryny gaýtadan taýýarlaýan Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileriniň şular ýaly öňdäki orunlara mynasyp bolmagynyň özi olaryň öňe sürýän garaýyşlarynyňdyr ylmy çemeleşmeleriniň dünýä tejribesindäki ornunyň pugtalanýandygyna şaýatlyk edýär.


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2026 Ähli hukuklar goralan.