Ilkinji hukukçy uçurymlar

Ilkinji hukukçy uçurymlar

Türkmenistan döwletiniň Garaşsyzlyk ýyllarynyň içinde Hormatly Arkadagymyzyň hut özüniň döredip beren Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň taryhynda magistrleri taýýarlamak okuwynyň “Konstitusiýa hukugy, ýerli öz-özüňi dolandyryş hukugy” okuw ugry boýunça (okuwyň möhleti bir ýarym ýyl) ilkinji uçurymlary okuwlaryny üstünlikli tamamlap, magistrlik diplomlaryna eýe boldular. Bu magistrlik okuwynda talyplar döwlet we jemgyýetçilik dolandyryşynda örän möhüm bolan “Türkmenistanyň konstitusiýa hukugy” “Türkmenistanyň döwletiniň we hukugynyň taryhy” “Döwletiň we hukugyň nazaryýeti”, “Administratiw hukugy”, “Maliýe hukugy”, “Zähmet hukugy”, “Deňeşdirme hukugy”, “Halkara hukugy”, “Daşary ýurt döwletleriniň konstitusiýa hukugy”, “Hukugyň filosofiýasy”, “Ýerli häkimiýetiň hukuk üpjünçiligi” hem-de “Ýerli öz-özüňi dolandyryş hukugy” hukuk dersleri boýunça bilim aldylar. Bu alan hukuk bilimlerini tejribede berkitmek boýunça ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik edaralarynda tejribe önümçiliklerini geçdiler. Magistrleriň diplom gowşurylyş dabarasyna Akademiýanyň professor, mugallymlary bilen bilelikde döwlet we jemgyýetçilik edaralaryndan magistrleri taýýarlamak boýunça sagatlaýyn okadýan professor, mugallymlar hem gatnaşdylar. Bu şowhunly dabara gatnaşyjylar milli kasamy kabul etmek bilen, öz halkyna ajaýyp durmuşy bagyş eden Alym Arkadagymyza jan-saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli alyp barýan işlerinde rowaçlyklary arzuw etdiler.


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2026 Ähli hukuklar goralan.