Täze ýyldaky ilkinji dabaraly çäre

Hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň rowaçlygyny yzygiderli artdyrmak boýunça ägirt uly işler amala aşyrylýar.

2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary türkmen halkynyň aň-paýhasyna, medeni däplerine laýyk gelip, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň içeri we daşary syýasaty, döwletimiziň okgunly ösüşini esaslandyrýan ynsanperwer ýörelgeler bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

2022-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda täze ýyldaky ilkinji dabaraly çäre geçirildi. Onda Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň gullukçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuwyny (okuwyň möhleti iki aý) tamamlan diňleýjilere şahadatnamalar gowşuryldy.

Diňleýjiler üçin iki aýyň dowamynda «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň döwlet kadalaşdyrylyşy», «Türkmenistanyň konstitusiýa hukugy», «Administratiw hukugy», «Ýerli häkimiýet hukugy», «Ýerli öz-özüňi dolandyryş hukugy», «Raýat hukugy», «Ýer-suw hukugy», «Jemgyýetçilik durmuşynyň filosofiýasy», «Döwlet gullukçysynyň etikasy we işewür gatnaşyklary» we beýleki dersler boýunça okuwlar guraldy. Diňleýjiler okuwda alan nazary bilimlerini önümçilik tejribeliginde berkitdiler.

Dabaraly çärede çykyş eden professor-mugallymlar we diňleýjiler gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça döwlet tarapyndan şertleriň döredilýändigini aýratyn bellediler we munuň üçin hormatly Prezidentimize hoşallyklaryny beýan etdiler.

Mähriban halkynyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün edýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, eziz Watanymyzyň abadançylygynyň hem-de rowaçlygynyň bähbidine amala aşyrýan oňyn özgertmeleriniň mundan beýläk-de uly üstünliklere beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris!


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2026 Ähli hukuklar goralan.