Jemgyýetçilik gigiýenasynyň kadalary

2022-nji ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň guramagynda jemgyýetçilik gigiýenasynyň kadalaryna bagyşlanyp, wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa akademiýanyň professor-mugallymlary, hünärmenleri, diňleýjileri we talyplary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary, Aşgabat şäheriniň 9-njy saglyk öýüniň we 15-nji saglyk öýüniň lukmanlary, Türkmenistanyň içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Döwlet edaralarynyň işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Çykyşlarda hususy gigiýena, zähmet gigiýenasy we gigiýenanyň düzgünlerini saklamak, kadaly iýmitlenmek tertibine pugta üns bermek, barada nygtaldy. «Şahsy arassaçylyk düzgünleriniň kemsiz-köstsüz berjaý edilmegi her möwsümde ýüze çykyp biljek ýokanç keselleriň öňüni alýar. Ýokanç keseller, esasan, hapa ellerden, bişirilmedik iýmitlerden we arassalanmadyk suwdan geçýär. Saglygy berkitmek üçin hökman arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmeli. Bu islendik pursatda zerurdyr. Şahsy arassaçylyk kadalarynyň pugta berjaý edilmegi keselden goranmaga ýardam berýär. Iş ýeriňizi arassa saklaň, peýdalanýan enjamlaryňyzy, el telefonlaryňyzy we beýleki şahsy zatlaryňyzy zyýansyzlandyryjy serişdeler bilen yzygiderli süpüriň!» diýip, wagyz-nesihat çäresinde çykyş edenler bellediler.

Çykyş edenler diňe arassalanan ýa-da gaýnadylyp sowadylan suwy ulanmalydygy, jaýyň içiniň we daş-töwereginiň elmydama tämiz saklanmalydygy, şahsy arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmegiň kesellerden goranmagyň iň esasy şertleriniň biridigi barada aýtdylar.

Wagyz-nesihat çäresiniň dowamynda oňa gatnaşýanlaryň adyndan milli Liderimize öndürijilikli zähmet çekmäge, okamaga döredilýän giň mümkinçilikler üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözleri beýan edildi.


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2026 Ähli hukuklar goralan.