Islendik halkyň taryhy ösüşinde beýik şahsyýetleriň ornunyň iňňän ýokarydygy ikuçsurdyr. Munuň şeýledigi Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň 2007-nji ýylyň fewralyndan başlanan täze taryhynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurt Baştutany saýlanan ilkinji günlerinden halka daýanyp, ähli gujur-gaýratyny, pähim-paýhasyny halkyň abadan durmuşda ýaşamagyna gönükdirip, parasatlylyk bilen durmuşa geçirip ugran we häzirki döwürde üstünlikli amala aşyrýan döwlet syýasatynda aýdyň görünýär. Milli Liderimiz Garaşsyz Watanymyzyň şanly taryhynyň täze tapgyrynda «Döwlet adam üçindir!» diýen şygar bilen ýürekleri galkyndyrdy hem-de taryhy nukdaýnazardan örän gysga wagtyň içinde ýurdumyzda asyrlara barabar işleri durmuşa geçirdi. Beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň arzuwlan berkarar döwletini bina edip, halkymyza bagtyýar döwri peşgeş berdi.
Islendik ýurduň ilatynyň abadan, eşretli durmuşda ýaşamagynyň gazanylmagy, esasan, döwletiň oýlanşykly ykdysady syýasatyna, ykdysady kuwwatynyň derejesine bagly bolýar. Döwletiň öz ykdysady syýasatyny bazar şertlerinde nähili alyp barmalydygy bilen baglanyşykly dürli garaýyşlardyr çemeleşmeler az däl. Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň döwlet kadalaşdyrylyşy», «Türkmenistanyň ykdysady strategiýasy: halka daýanyp, halkyň hatyrasyna» atly kitaplarynda bu meseläniň diňe ylmy esasda çözülmelidigini aýdyp, täze ykdysady konsepsiýany öňe sürdi. Onda diňe Türkmenistanyň amatly geografik ýerleşişi, baý tebigy baýlyklary göz öňünde tutulman, eýsem, bazar ykdysadyýetiniň milli ulgamynyň kemala getirilmegine gönükdirilen strategik maksatnamalarda türkmen halkynyň milli aýratynlyklaryna, özboluşlylygyna uly üns berlip, milletimize mahsus bolan watançylyk, parahatçylyk söýüjilik, maksada okgunlylyk, raýdaşlyk ýaly häsiýetleriň hem nazara alynmalydygy baradaky garaýyşlar öz beýanyny tapdy.
Milli Liderimiziň kiçi we orta telekeçiligi hem-de hususy kärhanalaryň işini hemmetaraplaýyn goldap, olary yzygiderli ösdürmäge döredip beren giň mümkinçilikleri netijesinde, häzirki wagtda ýangyç-energetika toplumyny hasaba almazdan, jemi içerki önümiň ösüşinde ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginiň paýy 70 göterimden hem geçdi. Türkmen telekeçileriniň içerki bazarda haryt bolçulygyny döretmekde we ýurduň eksport kuwwatyny artdyrmakda eýeleýän orny ýokarlandy.
Hormatly Prezidentimiz ýurduň maýa goýum işjeňliginiň artdyrylmagyna we ähli gatnaşyjylar üçin amatly gurşawyň döredilmegine, maliýe bazarynyň netijeli işlemegine örän uly ähmiýet berýär. Munuň üçin milli ykdysadyýeti has-da ösdürmäge döwlet tarapyndan uly möçberdäki maýa goýumlary gönükdirilýär, daşary ýurt maýa goýumlary işjeň çekilýär. Soňky ýyllarda halkyň, şeýle-de tutuş sebitiň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga ýardam beren iri taslamalaryň ençemesi üstünlikli durmuşa geçirildi. Olaryň hatarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny, Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň aýratyn halkasy bolan Gazagystan — Türkmenistan — Eýran transmilli demir ýolunyň, Amyderýanyň üstünden geçýän awtomobil we demir ýol köprüleriniň, Aşgabat— Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň, Aşgabat, Türkmenbaşy, Türkmenabat, Kerki şäherindäki Halkara howa menzilleriniň, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň, Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisiniň amal edilen taslamalaryny görkezmek bolar. Şunda häzirki wagtda amala aşyrylýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasy hem uly ähmiýete eýedir.
Milli Liderimiziň alyp barýan durmuş ugurly syýasatyna laýyklykda, her ýylda ýurdumyzda zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp we diňleýji haklary 10 göterim ýokarlandyrylýar. Döwlet býujetinden goýberilýän serişdeleriň esasy bölegi bilim, saglygy goraýyş, ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygy ulgamlaryny ösdürmäge gönükdirilýär.
Bu gün Türkmenistanda elektrik energetikasy, nebitgaz, maşyngurluşyk, metallurgiýa, himiýa, gurluşyk, elektron senagat, ýeňil we azyk senagaty hem-de beýleki pudaklary öz içine alýan köpugurly ykdysadyýet kemala geldi. Arkadag Prezidentimiziň ykdysady syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biri-de milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylyp, olaryň has depginli ösdürilmegidir. Häzirki wagtda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» bellenen ähli wezipeler boýunça degişli çäreler üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Milli ykdysadyýetiň bazar talaplaryna laýyklykda durnukly ösýändigini ýurduň ýokary eksport kuwwaty, bäsdeşlige ukyply harytlary, dünýä bazarlarynda olara bolan islegiň ýokary derejesi görkezýär. Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň eksport kuwwaty ýylsaýyn artyp, halkara söwda dolanyşygyndaky orny hem barha berkeýär. Türkmenistan bu gün dünýäniň 100-den gowrak ýurdy bilen daşary söwda hyzmatdaşlygyny alyp barlar. Aziýa, Ýakyn Gündogar we Ýewropa döwletleriniň arasynda ýük daşamak boýunça Merkezi Aziýa sebitinde ýurdumyza iň wajyp orunlaryň biri degişlidir. Milli Liderimiz ulag we energetika ulgamlarynda özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmekde möhüm başlangyçlary öňe sürýär. Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäginde energetika we üstaşyr ulag geçelgeleriniň taslamalarynyň birnäçesi amala aşyrylýar. Olar yklymda täze geoykdysady giňişligi döretmekde uly öňegidişlik gazanmaga, halkara söwdany, şol sanda serhetýaka we deňizýaka söwdany ösdürmäge, Merkezi Aziýa sebitinde amatly söwda hem-de maliýe bazarlaryny döretmäge ýardam eder.
Ýurdumyzda döwlet dolandyryş ulgamyny demokratik ýörelgelere görä ösdürmek, adamyň we raýatyň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda kepillendirmek, kanunçylygy milli däpleriň esasynda halkara ölçeglere laýyk getirmek wezipeleri döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi.
Döwrüň barha ösýän talaplaryna laýyklykda, jemgyýetçilik durmuşyny kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem üýtgetmelerdir goşmaçalar girizildi. Olar döwletiň hukuk gurluşynyň, dolandyryşynyň, syýasy ulgamynyň täze taryhy döwüni häsiýetlendirýär, ýurtda hakyky raýat jemgyýetiniň kemala getirilmeginiň ugurlaryny konstitusion esasda berkidýär. Türkmenistanyň döwlet dolandyryş ulgamynyň demokratik esasda kämilleşdirilmeginiň aýdyň mysaly hökmünde milli parlamentiň iki palataly gurluşa — Halk Maslahatyndan we Mejlisden ybarat bolan Milli Geňeşe öwrülendigini görkezmek bolar.
Döwlet gullugynyň hukuk esaslaryny berkidýän kanunlaryň kabul edilmegini, Türkmenistanda döwlet gullukçylarynyň täze nesliniň kemala getirilmegini üpjün edýän ýörite okuw-ylmy merkeziň — Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň döredilmegi hem dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan işleriň möhüm bölegi bolup durýar.
Islendik döwletiň ösmegi, ilkinji nobatda, raýatlaryň bilim derejesine baglydyr. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň, Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýalarynyň kabul edilmegi hut şu maksada ýetmäge gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiz ösüp gelýän ýaş nesle bilim-terbiýe bermegiň kämilleşdirilmegini, okuw mekdepleriniň ähli basgançaklarynda ýaşlara dünýä ölçeglerine laýyk gelýän bilimiň berilmegini bu ulgamyň öňünde möhüm wezipe edip goýdy.
Bilim özgertmeleriniň netijesinde umumybilim berýän orta mekdeplerde we ýokary okuw mekdeplerinde okuwlaryň möhleti uzaldyldy. Diýarymyzyň dürli künjeklerinde okatmagyň häzirki zaman serişdeleridir sanly tehnologiýalar bilen üpjün edilen döwrebap okuw mekdepleriniň gurluşyklary giň gerim aldy. Ýokary okuw mekdeplerine kabul edilýän talyplaryň sany birnäçe esse artdyryldy, talyp haklarynyň we mugallymlaryň zähmet haklarynyň möçberi yzygiderli ýokarlandyryldy. Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň talaplary nazara alnyp, soňky ýyllarda ýurdumyzda täze orta hünär we ýokary okuw mekdepleri agylyp, olaryň okuw maksatnamalarynyň üsti täze hünärler bilen ýetirilýär. Şunda häzirki wagtda Aşgabadyň gözel ýerleriniň birinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň binalar toplumynyň gurluşygynyň alnyp barylýandygyny hem nygtamak gerek.
Saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan işler, şol sanda halkara ölçeglere doly laýyk gelýän köpugurly ylmy-kliniki merkezleriň, döwrebap şypahanalaryň, saglygy goraýyş hem-de dynç alyş merkezleriniň gurulmagy, olaryň hereket edýänleriniň döwrebaplaşdyrylmagy, lukmançylyk edaralarynyň ählisiniň häzirki zaman enjamlary bilen doly üpjün edilmegi hem halkymyzyň milli Liderimize bolan buýsanjyny artdyrýar. Lukman Arkadagymyz «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulan çäreleriň durmuşa geçirilmegini hemişe öz gözegçiliginde saklaýar.
Hormatly Prezidentimiziň türkmenistanlylaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip ýaşamalydygy hakyndaky irginsiz aladasy ýurtda sportuň we bedenterbiýäniň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi bilen baglanyşykly alnyp barylýan syýasatda öz beýanyny tapýar. Häzir Diýarymyzyň ähli künjeklerinde döwrebap stadionlaryň, sport mekdepleriniň, bedenterbiýe-saglygy dikeldiş merkezleriniň ençemesi hereket edýär. 2017-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilmegi bolsa Türkmenistany sportuň we sagdynlygyň ýurdy hökmünde bütin dünýä tanatdy, Watanymyzyň halkara abraýyny ýene bir gezek belende göterdi.
Türkmen medeniýetiniň baý mirasy diňe bir ylmy taýdan düýpli öwrenilmän, eýsem, halkymyzyň umumadamzat medeniýetine uly goşant goşan halk hökmünde dünýäde eýeleýän orny hem pugtalandyrylýar. Bu günki gün ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy we maddy däl mirasynyň sanawynda taryhy-medeni ýadygärliklerimiziň, milli gymmatlyklarymyzyň birnäçesi mynasyp orun aldy. Şolaryň hatarynda geçen ýylyň dekabrynda dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl mirasynyň sanawyna girizilmegi hem buýsançly waka boldy. Bularyň ählisi Arkadag Prezidentimiziň halkymyzyň baý milli mirasyny goramak we ony dünýä ýaýmak boýunça alyp barýan işleriniň aýdyň mysallarydyr.
Milli Liderimiz gysga döwrüň içinde ak mermerli Aşgabady ajaýyp binagärlik nusgasyna eýe bolan döwrebap şähere öwürdi. Aşgabady ösdürmegiň toplumlaýyn maksatnamasyna laýyklykda, paýtagtymyzda ýaşaýyş jaý gurluşygynyň 16 tapgyry amala aşyryldy. Häzirki wagtda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygy hem güýçli depginde alnyp barylýar. Arkadag Prezidentimiziň Aşgabady ösdürmek boýunça durmuşa geçirýän şähergurluşyk we binagärlik syýasatyna dünýä bileleşigi tarapyndan ýokary baha berilýär. Muňa Aşgabadyň ajaýyp desgalarynyň birnäçesiniň, şol sanda ak mermerli şäher hökmünde paýtagtymyzyň özüniň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi hem doly şaýatlyk edýär.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen Bitaraplyk hukuk derejesine laýyklykda, Türkmenistan soňky ýyllarda abraýly halkara guramalaryň we forumlaryň münberinde parahatçylyk, howpsuzlyk hem-de hyzmatdaşlyk meselelerine degişli ählumumy we sebit ähmiýetli köp sanly başlangyçlar bilen çykyş etdi. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek, 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip atlandyrmak hakynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň taryhy Kararnamalarynyň kabul edilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň dürli ýyllardaky mejlislerinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda, ählumumy meseleleriň has derwaýys ugurlary boýunça Kararnamalaryň birnäçesiniň kabul edilendigini hem nygtamak gerek.
Bu gün Türkmenistan dünýäniň 151 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýan, halkara guramalaryň 50-ä golaýynyň agzalygyna girýän, halkara konwensiýalaryň we şertnamalaryň 160-dan gowragyna gatnaşýan döwletdir. Häzirki wagtda ýurdumyzda halkara guramalaryň wekilhanalary, döwletleriň birnäçesiniň ilçihanalarydyr konsullyk gulluklary hereket edýär. 2007-nji ýylyň dekabryndan bäri Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi hem öz işini alyp barýar.
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň hem ýurdumyz üçin ähli babatda üstünlikli ýyllaryň biri boljakdygyna pugta ynanýarys. Biz mundan beýläkde hormatly Prezidentimiziň daşyna mäkäm jebisleşip, ökde we başarnykly döwlet gullukçylaryny taýýarlamakda gujur-gaýratymyzy gaýgyrman, yhlasly zähmet çekeris.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy
"Türkmenistan" gazeti - 2022-nji ýylyň 17-nji fewraly, Penşenbe.
