Ylymly ýaşlar – bagtyýar geljek

Ylymly ýaşlar – bagtyýar geljek

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary üçin ýokary taýýarlykly döwlet ýolbaşçylaryny we gullukçylaryny, şeýle hem döwlete degişli bolmadyk edaralar üçin hünärmenleri taýýarlamak, Akademiýanyň diňleýjilerinde, talyplarynda Türkmenistana, onuň halkyna hem-de Türkmenistanyň Prezidentine çuňňur wepalylygy, umumadamzat gymmatlyklary bilen bagly ýokary medeniýeti we ahlaklylygy terbiýelemek we ýene-de döwlet dolandyryşy bilen bagly birnäçe başlangyçlary, täzeçillikleri öňe sürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy gysga möhletli okuwlary hem guraýar.

Bu okuwlaryň esasy maksady döwlet gullukçylarynyň ahlak we gözellik nazaryýetini, hukuk düşünjeliligini ýokarlandyrmakdan, resminamalary dogry ýöretmekligiň etiki kadalaryny kämilleşdirmekden ybaratdyr.

Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işgärleri üçin hem şeýle okuwlaryň biri guraldy. Öz içine 72 sagatlyk ýörite maksatnamalaýyn dersleriň birnäçesini alýan bu okuw “Häzirki zaman etiki kadalary, dolandyryş işi we hukuk gatnaşyklary” diýlip atlandyryldy.

Akademiýanyň professor-mugallymlary tarapyndan geçirilen okuw sapaklary jemgyýetçilik guramasynyň hünärmenlerinde diýseň uly täsir galdyrdy. Olar özleriniň gündelik işlerinde ýüze çykýan sowallaryna anyk jogaplary tapdylar. Şahadatnama gowşurylyş dabarasynda hünärmenler juda täsirli we gyzgalaňly, okatmaklygyň täzeçil usullaryny peýdalanmak arkaly geçirilen sapaklaryň netijesi barada ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda geçirilen bu okuwlaryň netijeleri barada Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde okuwyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen dabarada Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň başlygy Ý.Keriýew professor-mugallymlara täsirli sapaklary üçin minnetdarlygyny bildirdi. Şeýle-de çykyşynyň dowamynda Akademiýa bilen bu ugurdaky hyzmatdaşlygy geljekde-de dowam etmäge isleg bildirýändiklerini belläp geçdi.

Şahadatnamalaryň gowşurylyş dabarasyna Akademiýanyň rektory A.Annamyradow gatnaşmak bilen hünärmenlere Akademiýanyň alyp barýan işleri, guralýan okuwlaryň esasy ugurlary barada gysgaça düşündiriş berdi. Bu geçirilen okuw sapaklarynyň netijeleriniň olaryň alyp  barýan işlerinde mundan beýläk hem ýardam berjekdigine, olaryň alan bilimlerini ýerlikli peýdalanjakdyklaryna ynam bildirdi.

Okuwlary geçip şahadatnamalara eýe bolan hünärmenleri ýene-de  bir ýola gutlamak bilen rektor olara geljekde hem Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň ynamlaryny ödemekde uly-uly üstünliklere ýetmeklerini arzuw etdi.

Bize eşretli eýýamy bagyş edip, ylyma-bilime ak ýollary açýan, “Döwlet diňe halky bilen döwletdir” diýip ýurdumyzy bagtyýarlyk mekanyna öwürýän Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, tutýan tutumly işleri rowana menzillerde rowaçlyklara beslensin!


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2026 Ähli hukuklar goralan.