Sanly ykdysadyýet ýurduň geljegi

2022-nji ýylyň 15-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasynyň esasy ugurlary” atly “tegelek stol” görnüşindäki duşuşyk geçirildi.

Bu geçirilen çärä Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň başlygy Seýitmuhammet Annabaýew, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň Ykdysadyýet we maliýe kafedrasynyň mugallymlary Hajymyrat Pirmuhammedow, döwlet dolandyryş fakultetiniň dekany Şöhrat Ussanepesow we magistr bilim maksatnamasynyň sanly dolandyryş ugrunyň talyplary gatnaşdylar.

Seýitmuhammet Annabaýew öz çykyşynda häzirki wagtda ata Watanymyz Türkmenistan bütin dünýäde ykdysady taýdan ösen güýçli senagat döwleti hökmünde ykrar edilýär diýip, nygtady. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiz diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilýär, onuň pudaklaryna ylmy-tehniki ösüşiň iň soňky gazananlary yzygiderli ornaşdyrylýar. Bu ugurda ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmeklige döwlet derejesinde aýratyn uly üns berilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Karary bilen “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň” we bu maksatnamany durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanylmagy hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Şöhrat Ussanepesow 2020-nji ýylda döredilen Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň ähmiýetini nygtap, onuň wezipesiniň sanly bilim konsepsiýasynyň meselelerini çözmekden ybaratdygyny belledi.

Ýakup Arazow öz çykyşynda “Goýum bank kartynyň” raýatlara hödürlenendigini aýtdy. Şeýle hem, “Türkmentelekom” elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň raýatlara hödürleýän internet hyzmatlary üçin hasaplaşyklary ýurdumyzyň islendik künjeginden bankomatlaryň, “Internet-bank” we “Mobil-bank” ulgamlarynyň üsti bilen nagt däl görnüşinde amala aşyrmak mümkinçiligi ýola goýuldy diýip, öz çykyşynda belledi.

Batyr Baýliýew sanly ykdysadyýetiň kiberhowpsyzlygynyň üpjün edilmeginiň ähmiýeti we görnüşleri barada degişli maglumatlary duşuşyga gatnaşyjylaryň dykgatyna ýetirdi.

Şemşat Begelowa çykyşynda elektron resminama dolanyşygy we onuň usullary, resmi web-saýtlary döretmegiň ähmiýeti barada durup geçdi.

Seýitmyrat Ataýew döwlet gullukçylaryna daşary ýurt dillerini öwrenmekde sanly maglumatlary peýdalanmagyň ähmiýeti barada aýtdy.

Bilim edaralarynyň arasynda ýeke-täk maglumat toruny döretmek, bilim edaralarynda sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmak, wideo we audio materiallary, elektron okuw kitaplaryny we gollanmalaryny taýýarlamak, elektron bilim gorlarynyň we hyzmatlarynyň diňleýjiler, talyplar, bilim işgärleri üçin elýeterliligini üpjün etmek boýunça degişli teklipler öňe sürüldi.


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2026 Ähli hukuklar goralan.