Döwlet gullukçylarynyň hünär derejesi ýokarlandyryldy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi we ýerli edaralary, şeýle hem ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary üçin döwlet gullukçylaryny gaýtadan taýýarlamak hem-de olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen degişli işler yzygiderli durmuşa ornaşdyrylýar.

Muňa mysal edip, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň okuwlaryny görkezmek bolar. Golaýda akademiýada döwlet edaralarynyň gullukçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça iki aý, dört aý we bäş aý möhletli okuwlaryny üstünlikli tamamlan diňleýjilere şahadatnamalaryň gowşurylmagy mynasybetli dabaraly çäreler geçirildi.

Oňa akademiýanyň professor-mugallymlary, diňleýjileri we beýlekiler gatnaşdylar. Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe işgärleriň hünär derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylýandygyny belläp geçdiler. Bu ugurda akademiýanyň alyp barýan işleriniň hemmetaraplaýyn giňeldilýändigi barada hem nygtaldy.

Çykyşlarda döwlet edaralarynyň gullukçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuw işleriniň ýokary derejede alnyp barylmagy üçin zerur mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzda möhüm işleriň bitirilýändigi, ägirt uly taslamalaryň amala aşyrylýandygy beýan edildi.

Bellenilişi ýaly, akademiýanyň diňleýjilerine Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň döwlet kadalaşdyrylyşy, Türkmenistanyň konstitusiýa hukugy, administratiw hukugy, halkara hukugy, halkara hususy hukugy, maliýe we bank hukugy, jenaýat hukugy, zähmet hukugy, raýat hukugy, işewür iňlis dili, döwlet we ýerli dolandyryşyň esaslary, hili dolandyrmak we INKOTERMS, geosyýasat, resminamalaryň dolandyrylyşy we ýazuw kadalary, daşary ykdysady aragatnaşyklar, işgärler menejmenti we dolandyryş psihologiýasy, buhgalter hasaby, maliýe hasabaty we audit, diplomatik protokolyň esaslary, marketing, sosial statistika we demografiýa, döwlet gullukçysynyň etikasy we işewür gatnaşyklary, türkmen halkynyň milli medeni mirasy we beýleki dersler boýunça sapak berilýär. Guralýan okuwlarda maglumat we kommunikasiýa tehnologiýalarynyň, sanly ulgamlaryň dolandyrylyşynyň esasy konsepsiýalary bilen tanyşdyrmak wezipesine aýratyn ähmiýet berilýär.

Çykyş edenler ýurdumyzyň döwlet gullugy ulgamyny düýpli ösdürmekde Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2026 Ähli hukuklar goralan.